Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 29.04.2020

Türkmenistan BSG bilen COVID gepleşiklerini ýygjamlaşdyrýar, halkara guramalary adam hukuklarynyň depelenmegine ünsi çekýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdýan türkmen häkimiýetleri bu meseläni BSG we BMG-niň beýleki edaralary bilen maslahat etmegini ýygjamlaşdyrdy. Bu aralykda adam hukuklaryny goraýjy HRW we Amnesty International ​guramalary hökümetiň ilatyň hakykat barada maglumat almak we zerur medisina hyzmatyndan peýdalanmak ýaly hukuklaryny depeleýändigine ünsi çekýär.

Praganyň etrap häkimi rus agentiniň özüni ‘aradan aýyrmak’ üçin iberilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Çehiýanyň paýtagty Praganyň etraplarynyň biriniň häkimi, özüniň we başga-da iki resminiň, şol sanda paýtagtyň häkiminiň, häkimiýetleriň rus agentiniň olary “aradan aýyrmak” üçin iberilendigini mälim edeninden soňra, polisiýanyň goragy astyna alynandyklaryny aýtdy. Ondrej Kolar bu barada 28-nji aprelde mälim etdi. Mundan öň, çeh derňew neşiri rus harby ofiseriniň adamyň janyna kast etmek missiýasynyň çäklerinde, zäherleýji madda bilen ýakynda Praga gelendigi barada makala çap edipdi. Çeh premýer-ministri... Читать дальше...

Putin koronawirus sebäpli iş däl günleriniň möhletini uzaltdy

Azathabar.com 

Russiýada koronawirusa ýolugýanlaryň sanynyň artmagy bilen, prezident Wladimir Putin ýurtdaky iş däl diýlip yglan edilen günleriň möhletini 11-nji maýa çenli uzaltdy. Putin bu barada 28-nji aprelde ýerli gubernatorlar bilen geçiren wideo arkaly konferensiýasynyň dowamynda çykyş etdi. Ol Russiýada koronawirus infeksiýasynyň ýokarky nokadynyň “entek aşylmandygyny” aýtdy. Russiýanyň ençeme regionynda, şol sanda paýtagt Moskwada hem koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, belli bir derejede giriş-çykyş çäklendirildi. Читать дальше...

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 milliondan aşdy

Azathabar.com 

ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 million adamdan geçdi. Bu tutuş dünýä boýunça wirus bilen kesellänleriň üçden birine golaýdyr. Birleşen Ştatlarda wirusdan ölenleriň sany 58 müňden aşyp, bu Wýetnam urşy döwründe öldürilen amerikalylaryň sanyndan hem köpdür. Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, dünýäde wirusa ýokuşanlaryň sany 3.1 million adamdam aşyp, ondan ölenleriň sany hem 217 müňden geçipdir. ABŞ-da 28-nji aprelde wirusdan ýene-de 2 müň 207 adamyň heläk bolandygy habar berildi. Читать дальше...

Owganystanda janyndan geçeniň hüjüminde üç adam öldi, 15-si ýaralandy

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagtyna golaý Kabul welaýatynda janyndan geçeniň özüni partlatmagy netijesinde üç adam öldi, başga-da 15-si ýaralandy. Bu barada Içeri işler ministrligi maglumat berýär. “Çarşenbe güni irden janyndan geçen hüjümçi Kabulyň Çar Asiýab etrabynyň Reşkor sebitinde parahat adamlaryň arasynda özüni partlatdy” diýip, ministrligiň metbugat wekili Tarik Ariýan beýanat bilen çykyş etdi. Çabar Asiýab etraby Kabuldan 11 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Maglumata görä, hüjüm owgan howpsuzlyk... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *