Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 26.04.2020

Saud Arabystany dürre urmak jezasyny ýatyrýar

Azathabar.com 

Saud Arabystanynyň Ýokary sudy dürre urmak, gamçylamak jezasyny bermegi ýatyrýan karar çykardy. AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, Ýokary sud ten jezasynyň berilmegini ýatyrmak bilen, halkara adam hukuklary ülňülerini berjaý etmek kararyna geldi.  Indiden beýläk gamçy ýa dürre urmak jezalaryna derek günäkärler azatlykdan mahrum ediler ýa-da jerime tölemeli bolar. Saud Arabystanynyň metbugaty bu täzeligiň şazada Muhammet bin Salman tarapyndan geçirilýän reformalar bilen baglanyşyklydyny öňe sürýär. Читать дальше...

Çäklendirmeleri gowşadylýar, dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 200 müňden geçdi

Azathabar.com 

Ispaniýadaky çagalar alty hepdäniň içinde ilkinji gezek 26-njy aprelde daşary çykmak mümkinçiliklerini alar diýip, ýurduň premýer-ministri aýtdy. Ispaniýa, beýleki birnäçe Ýewropa ýurduna goşulyp, koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga gönükdirilen çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek planlaryny taýýarlaýandygyny aýtdy. Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes çagalara uly ýaşlylar tarapyndan gözegçilik edilýän bir sagatlyk gezelençlere rugsat beriljekdigini, ýöne olaryň öýlerinden 1 km uzaklyga çenli aralykda bolmalydygyny aýtdy. Читать дальше...

Orsýet bir günde rekord derejedäki wirus näsaglaryny hasaba alandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Orsýetde 26-njy aprelde soňky 24 sagadyň içinde iň köp täze koronawirus ýokaşmasy hasaba alnyp, bir gün öň 6360-dan gowrak täze näsagyň ýüze çykarylandygy tassyklandy. Orsýetiň saglygy goraýyş işgärleri bir gün öň ýurtda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 66 bolandygyny habar berdiler. Ýogalanlaryň ýarysyndan gowragy Moskwada aradan çykdy. Jon Hopkins uniwersiteti tarapyndan ýöredilýän global sanaw bazasyna görä, Orsýetde 75 müň töweregi adama koronawirus ýokaşdy, pandemiýadan ölenleriň resmi sany 681-e ýetdi. Читать дальше...

A.Bugaýew: Türkmen atlary sowhuna gurban edilmeli däl

Azathabar.com 

Synçylar Bedew baýramynyň hakykatda prezidenti şöhratlandyrmak çäresine öwrülendigini aýdýarlar. Azatlyk şu we beýleki meseleler barada ýazyjy we at janköýeri Amanmyrat Bugaýew bilen 2009-njy ýylyň aprelinde geçirilen söhbetden bir bölegi arhiinden alyp, gaýtadan çap etmegi makul bildi.

Täjigistan mekdepleri ýapýar, futbol ýaryşlaryny togtadýar

Azathabar.com 

Resmi taýdan yglan edilen koronawirus ýokaşmasynyň ýoklugy sebäpli şübhe döredýän Täjigistan, COVID-19 pandemiýasynyň öňüni almak üçin mekdepleri iki hepdelik ýapjakdygyny, köpçülikleýin ýygnanyşyklary gadagan etjekdigini we galla eksportyny wagtlaýyn togtatjakdygyny mälim etdi. Hökümet 25-nji aprelde bu çäreleriň mekdebe çenli edaralara we orta mekdeplere täsir etjekdigini habar berdi. Bu çäreleriň ilatyň, esasanam çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin durmuşa geçirilýändigi aýdylýar. Читать дальше...

Belarusdaky çagalar öýünde tapylan koronawirus ýokaşmalary howsala döredýär

Azathabar.com 

Belarusda kemisli çagalaryň saklanylýan ýetimler öýüni goldaýan haýyr-sahawat guramasynyň esaslandyryjysy desga ýaýran koronawirus ýokaşmalarynyň “agyr zarba” bolandygyny aýdýar. Merkezi Glusk (Hlask) etrabynda ýerleşýän Wesnowa ýetimler öýünde 170 töweregi mümkinçilikleri çäkli çaga we ýetginjek saklanylýar. Ýerli häkimiýetler ýokanç kesel ýokaşmalaryny 24-nji aprelde tassyk etdiler, ýöne wirusyň anyk näçe adama ýokaşandygyny aýtmadylar. Bu ýetimler öýüne Irlandiýanyň “Çernobyl Children International”... Читать дальше...

Mekdep we ideologiýa

Azathabar.com 

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda Türkmenistanyň bilim we magaryf ulgamy hem-de onuň töweregindeki meseleler barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *