Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 15.04.2020

Marynyň döwlet dükanlarynda un we ýag paýoklary kadalaşdy, Lebapda paýok üçin adamlardan dirilik subutnamasy talap edilýär

Azathabar.com 

Un ýetmezçiligi sebäpli apreliň başlarynda Mary şäherinde onlarça aýalyň gatnaşmagynda geçirilen protest çäresinden soň, bu welaýatyň döwlet dükanlarynda aýlyk un we ýag üpjünçiligi ýola goýuldy. Aşgabadyň döwlet dükanlarynda iýmit önümlerini satyn almak üçin adamlar bir gün öňünden nobata ýazylýarlar.

Aşgabatda split sistemalar sökülip, başga ýere geçirilýär. Balkanlylara splitleriň we antennalaryň aýryljakdygy duýdurylýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri şäheriň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyjy-sowadyjy split sistemalary aýryp, başga ýere geçirmek işlerine täzeden başladylar. Bu aralykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryna hem, split sistemalarynyň we sputnik antennalarynyň aýryljakdygy duýduryldy.

‘Ekstremizmde’ aýyplanýan täjik žurnalistiniň sud diňlenişigi başlandy

Azathabar.com 

Täjigistanda ekstremizmde aýyplanýan žurnalistiň sud diňlenişigi başlandy. Media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalary bildirilýän bu aýyplamalary “manysyz” diýip atlandyrdylar. Içerki syýasat we dini meseleler barada makalalary ýazan Daler Şarifow 28-nji ýanwarda tussag edilipdi. Oňa etniki, jynsy we dini çydamsyzlygy öjükdirmekde aýyplama bildirilýär. Günäli tapylsa, oňa bäş ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner. Onuň aklawçysy Abdurahmon Şarifowyň beren maglumatyna görä, sudýa diňlenişigiň “jemgyýetçilige açyk boljakdygyny”... Читать дальше...

Gyrgyzystan pandemiýanyň arasynda Hytaýdan karz ýeňilliklerini soraýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystan koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan ykdysady şokuň netijeleri bilen göreşýän pursady, Hytaýdan karz ýeňilliklerini sorady. Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň edarasynyň 14-nji aprelde beren maglumatyna görä, gyrgyz prezidenti özüniň hytaýly kärdeşi Şi Jinping bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, Gyrgyzystanyň Hytaýa bolan bergilerini “gowşatmagy we töleg möhletlerini uzaltmagy” göz öňünde tutmagy sorapdyr. Bu haýyş koronawirusyň ýurduň ykdysadyýetine ýetiren oňaýsyz täsirleri sebäpli edildi. Читать дальше...

ABŞ resmileri Pakistanyň harby ýolbaşçysy bilen Owganystandaky parahatçylyk tagallalaryny gepleşdiler

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad we Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdaky baş kommandiri Skot Miller Yslamabatda Pakistanyň harby liderleri bilen duşuşdylar. Mundan öň, Dohada “Talybanyň” ýokary derejeli wekilleri bilen gepleşikler geçirilipdi. Pakistanyň we Kataryň paýtagtlaryndaky gepleşikler “Talyban” bilen owgan hökümetiniň tussaglary çalyşmak boýunça geçiren çäreleriniň yzýanyna gabat geldi. Tussaglaryň çalşygy – Owganystandaky 18 ýyllyk urşy togtatmak boýunça iki tarapyň arasyndaky... Читать дальше...

ABŞ wagtlaýyn BSG-a edýän töleglerini togtatdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) koronawirus pandemiýasy babatyndaky çäreleri sebäpli, öz administrasiýasyna bu Gurama ABŞ-nyň edýän töleglerini togtatmak barada görkezme berendigini aýtdy. Tramp BSG-nyň “özüniň esasy wezipesini berjaý edip bilmändigini we munuň üçin jogap bermelidigini” aýdyp, 14-nji aprelde çykyş etdi. Ak Tamda eden çykyşynda Tramp maliýe serişdeleriniň 60-90 günüň dowamynda BSG-nyň roly boýunça geçiriljek seljirmeleriň arasynda togtadyljakdygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *