Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Новости за 10.06.2020

Türkmenistanda agyr pnewmoniýa möwç alýar, ýerli lukmanlar COVID-19 diýýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilat arasynda agyr pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseliniň ýaýramagy möwç alýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 10-njy iýunda habar bermegine görä, hususan-da Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasy öýken çişmesi bilen kesellän hassalardan hyryn-dykyn. Ýurt häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýtmagyny dowam etdirýärler.   Aşgabadyň Ýokanç keseller merkeziniň işgärleriniň gizlinlik şerti bilen gürrüň bermegine görä, öýken çişmesiniň möwç almagyna degişli ýagdaý agyr, käbir hassalar oran erbet halda gelýärler... Читать дальше...

Gazagystanda maliýe hemaýatyny talap edýän aýallar zor bilen karantine ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Gazak resmileri hökümetiň has köp hemaýat bermegini talap edip, Zähmet we sosial goldaw ministrliginiň öňünde protest geçiren pes girdejili maşgalalardan bolan aýallaryň bir toparyny mejbury ýagdaýda karantine ýerleşdirdi. Facebookda paýlaşylan wideoda, 10-njy iýunda gorag lybasyndaky adamlaryň protest geçirýän aýallary paýtagt Nur-Soltandaky ministrligiň binasynyň töwereginden zor bilen äkidýändigini görse bolýar. 8-nji iýundan bäri protest geçirýän aýallar golaýdaky myhmanhana ýerleşdirildi. Читать дальше...

Jorj Floýd Hýustonda jaýlandy

Azathabar.com 

ABŞ-da polisiýanyň tussaglygynda aradan çykan afroamerikan Jorj Floýd Hýustonda jaýlandy. Onuň ölümi dünýä boýunça jynsy taýdan deňsizlige garşy protestleriň döremegine sebäp boldy. 9-njy iýunda dört sagada çeken jaýlanyş mirasymynda Jorj Floýd ykbal tarapyndan "hereketiň özenine" öwrülen adam hökmünde ýatlandy. Mundan öň, Minneapolisde polisiýa ofiseriniň elleri arkasynda gandal bilen baglanan Jorj Floýduň boýnuna dyzy bilen münüp saklaýşyny görkezýän wideo peýda bolandan soňra, iki hepdeläp protestler geçirildi. Читать дальше...

Fauçi: Koronawirus dünýä taryhyndaky iň erbet pandemiýalaryň biri

Azathabar.com 

ABŞ-da ýokanç keseller boýunça ýokary derejeli bilermen koronawirusy dünýä taryhyndaky iň erbet pandemiýalaryň biri hökmünde häsiýetlendirdi we onuň entek aradan aýrylmandygyny belledi. Doktor Antony Fauçi bu barada 9-njy iýunda geçirilen onlaýn konferensiýanyň dowamynda çykyş etdi. Bu aralykda, dünýäde wirusdan heläk bolanlaryň sany 411 müňden aşdy we oňa ýoluganlaryň sany 7,2 milliona ýetdi. Fauçi koronwarius sebäpli döreýän COVID-19 respirator, ýagny dem-alyş hassalygynyň adamdan-adama geçmek... Читать дальше...

Gyrgyz parlamentiniň komiteti Russiýanyň harby baza üçin tölegini artdyrmak kanunyny tassyklady

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň parlamentiniň komiteti Russiýanyň bu ýurtda harby baza hökmünde ulanýan ýer böleginiň ýyllyk tölegini artdyrmak baradaky kanuny tassyklady. Bu kanuny gyrgyz parlamentiniň halkara gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetleriniň agzalary 9-njy iýunda makulladylar. Mundan öň, tipografiki barlagyň netijesinde gürrüňi gidýän bazanyň 924,52 gektar meýdan ýeri tutýandygy, munuň kärende ylalaşygynda görkezilen meýdandan 58,32 gektar köpdügi anyklandy. Goşmaça meýdan ylalaşykda görkezilende... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *