Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Новости за 13.06.2020

Youtube kanalynda çap edilen wideoda türkmen obalaryny suw basandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary Saparmyrat Yklymowyň youtube kanalynda çap eden gysgajyk wideosýužetinde suw basan oba görkezilýär, türkmençe gürleýän adamlaryň sesleri eşidilýär.  Wideonyň aşagyndaky ýazga görä, bu waka Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän Garametnyýaz we Niçka obalarynda bolup, obalar Garagum kanalynyň joşmagy netijesinde suw astynda galypdyr. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri, hökümeti tebigy hadysalar, adam ýitgileri, maddy ýitgiler hakynda maglumat bermeýär. Читать дальше...

Hepdäniň jemi #23 (13.06.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; TDH-nyň azyk bolçulygy baradaky ýalan maglumatlary, hökümet ýolbaşçysynyň sözleriniň kesilip berilmeginiň sebäpleri; Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri we türkmenler barada gurnan söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Ukraina NATO-dan hyzmatdaş statusyny aldy

Azathabar.com 

Ukraina NATO-dan giňeldilen ygtyýarlykly hyzmatdaş statusyny aldy. Muny 12-nji iýunda Angliýanyň goranmak ministri, Kiýewi bu meselede goldan Ben Wallas (Ben Wallace) yglan etdi. Ýaranlygyň Ukraina beren ygtyýarlyklaryndan şu wagta çenli diňe Gürjüstan, Iordaniýa, Awstraliýa, Finlýandiýa we Şwesiýa peýdalanýardy. Giňeldilen mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaş statusy, Demirgazyk Atlantik şertnamasynyň işine möhüm goşant goşan ýaranlar we hyzmatdaşlar arasyndaky ylalaşygy ösdürmek baradaky başlangyçlarynyň bir bölegi bolup durýar. Читать дальше...

Gazagystanda bir günde müňe golaý COVID-19 näsagy ýüze çykaryldy, üç sebitde karantin berkidilýär

Azathabar.com 

11-nji iýunda Gazagystanda 944 adamda koronawirus ýüze çykaryldy, üç sebitde karantin düzgünleri berkidildi diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär. Gazagystanda jemi 17.031 koronawirus näsagy hasaba alyndy, olaryň 3,159-synda keseliň alamatlary ýok, bu näsaglar 3-nji iýundan bäri resmi statistika girizilmedi. Epidemiýa başlaly bäri ýurtda bu keselden 68 adam öldi. Dördünji gün keseliň daşky alamatlary esasynda ýüze çykarylan näsaglaryň köpüsi, 52 adam Karaganda sebitine degişli. Nur-Soltanda ... Читать дальше...

Tramp polisiýanyň 'umuman' bogup saklamagy ulanmaly däldigini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, käbir ýagdaýlardan başga halatlarda, polisiýanyň bokurdakdan bogup saklamagy ulanmaly däldigini aýtdy. Ol 12-nji iýunda "Fox News" telekanalyna beren interwýusynda "umuman aýdylanda" bu tejribäniň "bes edilmelidigini" aýtdy. "Men bogup saklamagy halamok ... (ýöne) käwagt ýeke bolsaňyz we kimdir biri bilen söweşýän bolsaňyz, bu ýagdaýda kyn" diýip, ol aýtdy.  Bu sözler afrikan asylly amerikan Jorj Floýd polisiýa tussaglygynda ölenden soň milletparazlyga garşy... Читать дальше...

Belarusda prezidentlige dalaşgär boljak adam salgytdan gaçmakda nyşana alynýar

Azathabar.com 

Belarusyň maliýe derňewçileri awgust aýynda geçiriljek saýlawlarda prezident Aleksandr Lukaşenka garşy çykmak isleýän oppozisiýa syýasatçysynyň bikanun işlere gatnaşýandygyna "ynandyryjy subutnamalaryň" bardygyny öňe sürýärler. 12-nji iýunda yglan edilen habar derňewçiler Wiktor Babarika bilen baglanyşykly kompaniýalara we banka reýd geçirenden bir gün soň çykdy. Geljekki kandidat salgyt tölemekden gaçmak we pul ýuwmak bilen baglanyşykly iki sany aýry jenaýat işi bilen baglanyşdyrylýar. Prezidentiň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *