Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Новости за 29.06.2020

Lebabyň ýokanç keseller hassahanasynda 61 ýaşly bir adam koronawirusdan aradan çykdy. Aşgabatda köne dermanlar paýlandy

Azathabar.com 

Türkmenabat şäherinde 61 ýaşly bir adam koronawirusdan aradan çykdy. Merhum 2-nji şäher poliklinikasyndaky lukmanyň adamsydy. Bu adam keselhana ýerleşdirilenden birnäçe gün soň, ýagny 27-nji iýunda şäher ýokanç keseller hassahanasynda heläk boldy. Azatlygyň çeşmeleri ýokanç keseller hassahanasyndaky, şeýle-de tutuş Lebap welaýatyndaky ýagdaýyň lukmanlary aladalandyrýandygyny aýdýarlar.   Azatlyk Radiosynda ýogalan adamyň şahsyýeti we ýaşaýan ýeri barada maglumat bar. Azatlyga onuň ýogalandygy... Читать дальше...

Türkmen prezidenti 'Türkmeniň Altyn asyr' pemiýasyny paýlady

Azathabar.com 

Türkenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» premiýasy gowşurldy. Edebiýat, medeniýet we sungat igärleri, şeýle-de çeper ýaşlary we zehinli çagalar üçin niýetlenen bu baýrak medeniýet ugrundan goşant üçin gowşurylýar. TDH habarlar gullugynyň maglumatyna görä, iň gowy makalalar kategoriýasynda üç adam, şol sanda Aşgabat prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar boýunça kanunyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik bölüminiň prokurory sylaglanypdyr. Olara Türkmenistanyň prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 manat peşgeş berilipdir. Читать дальше...

COVID-19: Dünýäde ýogalanlaryň sany 500 müň adama ýetdi

Azathabar.com 

COVID-19 keselinden ýogalanlaryň sany 28-nji iýunda dünýäde 500 müň adamdan geçdi, wirus 10 milliondan gowrak adama ýokaşdy. Soňky döwürde sanlaryň köpelmegi ýurtlaryň ykdysadyýetini açmak üçin eden ädimlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär. Şol günüň özünde Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) dünýäde tassyklanan koronawirus keselli adamlaryň sany boýunça gündelik rekordyny yglan edende, 24 sagadyň dowamynda olaryň sany 189 müň adamdan gowurak bolpdyr. Bu sanlar keselçiligiň tutuş dünýäde ýaramagyny dowam edýändigini görkezýär. Читать дальше...

Polşanyň prezidentlik saýlawlaryndaky ilkinji netijelere görä, häkimiýet başyndaky Duda 45% ses gazandy

Azathabar.com 

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda 29-njy iýunda irden yglan edilen bölekleýin netijelere görä, Polşada geçirilýän prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda birinji orny eýeledi, ýöne ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan 50% derejesine ýetmedi. Dolandyryjy Kanun we Adalat (PiS) partiýasy tarapyndan goldanýan Duda, saýlaw uçastoklarynyň umumy sanynyň 82% boýunça hasaplanan netijelere görä, 28-nji iýunda 45,7% ses alypdyr. Saýlawlardan öň geçirilen pikir soralyşyklara görä, onuň birinji tapgyrda 41,8% ses almagyna garaşylýardy. Читать дальше...

Kongressiň agzalary Orsýetiň 'Talybana' berendigi güman edilýän pullary barada maglumat talap edýärler

Azathabar.com 

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň Owganystandaky amerikan goşunlaryny öldürmek üçin "Talyban" bilen baglanyşykly söweşijilere köp mukdarda pul teklip edendigi baradaky habardan soň, Ak tamdan has köp maglumat talap edýärler. Prezident Donald Tramp özüne hiç hili maglumat berilmeýändigini aýtdy, şol bir wagtda-da, puluň tölenendigi barada habar beren "New York Times" gazeti oňa mart aýynda habar ýetirilendigini belleýär. Respublikan partiýasyndan wekil Liz Çeýni 28-nji iýunda eden çykyşynda... Читать дальше...

Pakistan harbylary maliýe edarasyna edilen hüjüme gaýtargy berip, dört söweşijini öldürdi

Azathabar.com 

Pakistanyň söwda merkezi bolan günorta port şäheri Karaçide maliýe biržasyna edilen hüjümde dört söweşiji öldürildi. Polisiýanyň maglumatyna görä, 29-njy iýunda şäheriň maliýe merkezinde bolan bu hüjümde iki howpsuzlyk işgäri we bir polisiýa ofiseri hem wepat boldy.  Polisiýa ýaragly hüjümçileriň binanyň girelgesine hüjüm etmezden ozal, ulagyny  binanyň üstüne sürüp, granat atandygyny aýtdy. Ýaragly adamlar ýokary haýatly binanyň howlusyna girmegi başardylar, ýöne binanyň daşyny gaban ýörite güýçler hüjüme gaýtargy berdiler. Читать дальше...

"Hökümet biziň ýakynlarymyzy goramady". Koronawirusdan ýogalanlaryň ýakynlary adalaty talap edýärler

Azathabar.com 

Dünýäniň dürli ýurtlarynda COVID-19 wirusyndan ýogalanlaryň yzynda galan maşgalalary suda ýüz tutup, ölümiň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly hökümet çinownikleriniň jogapkärçilige çekilmegini talap edärler. Olaryň pikirine görä, jogapkär resmiler koronawirus epidemiýasyna garşy wagtynda hereket etmändirler ýa-da wagtynda ýerlikli çözgüde gelmändirler. Ýogalanlaryň sany haýykdyryjy derejede, ol şindizem dowam edýär. Koronawirus pandemiýasy 454 müňden gowrak adamyň ölümine getirdi. Ynsan ömri zaýalandy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *