Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Новости за 27.06.2020

Hepdäniň jemi #25 (27.06.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky işsizlik, häkimiýetler bilen halkyň arasynda dörän ýagdaýyň çözgütleri, 1995-nji ýylda hökümete garşy guralan demonstrasiýanyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnan söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

AI  Belarusdaky prezident saýlawynyň öňünden geçirilýän 'doly möçberindäki arassalaýyşy' ýazgarýar

Azathabar.com 

“Amnesty International” guramasy Belarus häkimiýetleriniň 9-njy awgustda geçiriljek prezident saýlawynyň öňünden, söz azatlygyny çäklendirmek çäreleriniň çäginde, "başgaça pikirli adamlardan doly saplanmak" ugrunda hereket edýändigini aýdýar. Häkimiýetler prezident Aleksandr Lukaşenkanyň yzly-yzyna altynjy möhlete dalaş edýän saýlawlarynyň öňünden, tankydy garaýyşlary basyp ýatyrmak üçin, "repressiw kanunlary" ulanýarlar diýip, Londonda ýerleşýän adam hukuklary toparynyň Belarus boýunça baýry kampaniçysy Aýşa Lang 26-njy iýunda aýtdy. Читать дальше...

Rus harby aňtaw gullugy owgan söweşijilerine ABŞ esgerlerini öldürmekleri üçin pul töleýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň işgärleri Orsýetiň harby aňtaw gullugynyň “Talyban” bilen baglanyşykly söweşijilere ABŞ we Owganystandaky koalisiýa esgerlerini öldürmek üçin köp mukdarda pul teklip edendigi barada netijä geldi diýip, “The New York Times” habar berýär. Gazet ABŞ-nyň ady aýdylmaýan resmileriniň beren gysgaça maglumatyna salgylanyp, 26-njy iýunda Russiýanyň GRU harby aňtaw gullugynyň, Ýewropadaky kast etmek synanyşyklary we beýleki işler bilen baglanyşykly gizlin bölümiň geçen ýyl üstünlikli... Читать дальше...

Hukuk toparlarynyň koalisiýasy Merkezi Aziýada adam gynalmagynyň bes edilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjylar 26-njy iýunda, gynag pidalaryna goldaw üçin bellenilýän halkara gününe gabat, Merkezi Aziýanyň hökümetlerini gynamalaryň soňuna çykmak boýunça tagallalaryny diňe kagyz ýüzünde däl, eýsem iş ýüzünde-de güýçlendirmäge çagyrdylar. Sebitiň adam hukuklary guramalarynyň koalisiýasy, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda adam gynamalaryna garşy göreşýän koalisiýa, Merkezi Aziýadaky Adam hukuklary assosiasiýasy ( Özbegistan, Fransiýada ýerleşýär), Adam hukuklary baradaky Türkmen inisiatiwasy (Türkmenistan... Читать дальше...

Inçe Borun serhedinde saklanan harytlaryň ählisi barýan ýerlerine goýberilýär

Azathabar.com 

Koronawirus sebäpli Inçeh Borun serhedinde we gümrükhanasynda saklanan eksport önümleriniň ählisi, serhet açylandan soň, demir ýol arkaly Türkmenistana ýa-da onuň töweregindäki ýurtlara goýberildi diýip, Seýid Rouhollah Latifi aýtdy. Bu barada Eýranyň “Mehr” habar gullugy habar berýär. Eýranyň gümrük gullugynyň wekili Latifiniň sözlerine görä, geçen hepdäniň ikinji we üçünji günlerinde 60 wagon haryt, dördünji gün bolsa 50 wagon ýük Inçe Borun arkaly Gülüstan sebitine eksport edildi, ýene birnäçe wagon ýük bolsa gümrükhana arkaly geldi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *