Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

Новости за 19.06.2020

Kitap tekjesi üstünde turan dawada ildeşini pyçaklan türkmenistanla 9 ýyl berildi

Azathabar.com 

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Orsýetiň Ulýanowsk şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda öz ildeşini öldüren türkmenistanly studente ýyl kesilendigini habar berýär. Bu waka 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynda, Täze ýyl gijesiniň öňüsyrasynda boldy, okamaga gelen student özara dawa netijesinde, öz ildeşine iki gezek pyçak urdy. Ejir çeken wakanyň bolan ýerinde jan berdi. “Ulýanowsk.Ekspres” neşiriniň 18-nji iýunda beren habaryna görä, berk düzgünli koloniýada dokuz ýyl oturmaly bolar. Читать дальше...

Türkmenabat: Berdimuhamedow gelende azyk ‘gözboýagçylygy’ döredildi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde ilatyň eýýäm ençeme ýyldan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýän azyk gytçylyk meseleleri, bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite eden saparynyň dowamynda az-owlak hem bolsa, gowşan ýaly bolup görünse-de, saparyň yzýany bu ýagdaýlar ýaňadandan möwjäp başlady.

Baltik döwletleri Molotow-Ribbentrop Pakty boýunça Russiýanyň taryhy rewizionizmine protest bildirdi

Azathabar.com 

Estoniýa, Latwiýa we Litwa Russiýanyň 1939-njy ýylda Sowet Soýuzy bilen nasistik Germaniýanyň arasynda hüjüm etmezlik baradaky baglaşylan pakt boýunça taryhy faktlary ýoýýandygyny aýdyp, muňa protest bildirdiler. Bu paktyň netijesinde gürrüňi gidýän Baltik döwletleriniň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilmegine getiripdi. Molotow-Ribbentrop Pakty diýlip bilinýän bu dokument we onuň gizlin protokollary Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryny nasistleriň we sowetleriň täsirlerine laýyklykda böldi. ... Читать дальше...



ABŞ-nyň Ýokary sudy immigrant çagalaryň deportasiýadan goralmagyny goldaýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Ýokary sudy prezident Donald Trampyň immigrant çagalary goramak baradaky programmany ýatyrmak hakyndaky kararyny petikledi. Dördünji gün ýurduň Ýokary sudy aşaky suduň DACA programmasyny bikanun diýip yglan eden kararyny ýatyrdy. Bu programma "arzuwçyllar" diýilýän müňlerçe çagany, ene-atalary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bikanun gelen immigrantlary yzyna iberilmekden goraýar. DACA programmasy prezident Barak Obamanyň döwründe işe girizildi. “Amerikanyň sesiniň” bellemegine görä... Читать дальше...

Türkmen Mejlisinde täze kanunçylyk dokumentleri, üýtgetmeler we goşmaçalar maslahatlaşylar

Azathabar.com 

20-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyryşynyň 10-njy sessiýasy geçirilip, onuň dowamynda täze kanunçylyk dokumentlerine serediler diýip, “Trend” neşiri habar berýär. Şeýle-de, halk wekilleriniň nobatdaky ýygnanyşygynda ýurduň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowanyň çykyş etjekdigi habar berilýär. Resmi maglumata görä, deputatlaryň garamagyna jenaýatyň öňüni almak boýunça; bedenterbiýe we sport boýunça; adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegi... Читать дальше...

Çuwaşystanyň öňki başlygy, Putini suda beren  Ignatiýew keselhanada aradan çykdy

Azathabar.com 

Çuwaşystanyň ozalky başlygy, rus prezidenti Wladimir Putiniň üstünden suda şikaýat eden Mihail Ignatiýew keselhanada aradan çykdy. Ol maý aýynda koronawirus ýokaşandygy üçin keselhana ýerleşdirildi. Bu habar Orsýetiň "Interfaks" habar gullugy tarapyndan, neşiriň çeşmesine salgylanyp habar berildi. Mundan öň Orsýetiň “Kommersant” gazeti Ignatiýewiň agyr hassalaryň bölümine geçirilendigini we ol ýerde ýürek-öýken enjamyna birikdirilendigini habar berdi. 58 ýaşly Ignatiýew 2010-njy ýyldan 2020-nji... Читать дальше...

Türkmenistan we ÝB adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky gepleşikleriň çäginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär. Wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen gepleşiklere Türkmenistandan ombudsmen, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşsa, ÝB tarapyndan oňa Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň işgärleri... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *