Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Новости за 04.09.2023

Aşgabatdan Gazana biletleiň bahasy görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlandy

Azathabar.com 

Aşgabatdan Gazana uçar biletleriniň bahasy ýene ýokarlandy. Indi bir taraplaýyn biletiň bahasy 1186 ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistandan Russiýa barmak üçin uçar biletleri uly kynçylyklar bilen tapdyrýar.  Uçar biletlerini ýokary bahadan hem satyn almak gaty kyn bolýar, satuwda bilet ýok. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçynyň sözlerine görä, kassada bilet satyn almak tas mümkin däl, şeýe-de onlaýn satyn almak mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmagyna garamazdan, ondan iş ýüzünde peýdalanmak elýeterli däl. Читать дальше...

Türkmenbaşyda onlarça adam Internetiň tizliginiň pesligine we bahasynyň ýokarylygyna protest bildirdi

Azathabar.com 

2-nji awgustda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde onlarça adam Internetiň tizliginiň pesligine nägilelik bildirip, “Türkmentelekom” elektrikaragatnaşyk kompaniýasynyň ýerli edarasynyň öňünde protest geçirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Azyndan 80 töweregi adam häkimiýetleriň Internetiň tizliginiň ýokarlandyryljakdygy baradaky wadalarynyň puja çykandygyny aýdyp, kärhanadan Internetiň tizliginiň ýokarlandyrylmagyny ýa-da onuň nyrhynyň öňküsi ýaly arzanladylmagyny talap etdi. Читать дальше...

Türkmenistan jynsy kemsitmeleriň pidalaryny goramak boýunça mehanizmleri döretmäge çagyrylýar

Azathabar.com 

BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti Türkmenistanyň bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine baha berdi. Komitet Türkmenistana jynsy ýekirmeleriň pidalarynyň hukuklaryny goramak boýunça degişli mehanizmleri döretmegi teklip etdi. Bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi 31-nji awgustda hasabat çap etdi. BMG-niň Ženewadaky edarasynda 7-31-nji awgust aralygynda dünýäde Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti metbugat sekretaryny täzeledi

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Azat Jepbarowy Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine belledi. Ol bu wezipä bellenmezinden öň “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň prezidentiniň öňki metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýewiň beşga işe geçýändigi aýdylýar, ýöne anyk haýsy işe geçýändigi aýdylmaýar. 1974-nji ýylda Gökdepede doglan K. Çaryýardurdyýew prezidentiň metbugat sekretary wezipesinde 2008-nji ýyldan bäri işleýärdi.

Aklawçy: Oppozisiýa kanun çykaryjysy 2009-njy ýylda serhet şertnamasy üçin tussag edildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň oppozisiýa kanun çykaryjysy Adahan Madumarow 2009-njy ýylda baglaşylan Gyrgyz-Täjik serhet şertnamasyna gol çekilmeginde oýnan roly sebäpli tussag edildi diýip, onuň aklawçysy aýtdy. Adahan Madumarow bu şertnama gol çekilen wagtynd ýurduň Howpsuzlyk geňeşinde ýolbaşçylyk edýärdi.  Parlament komissiýasy iýun aýynda bu şertnama boýunça geçirilmeli derňewi tassyk etdi. Mundan öň bu şertnama prezident Sadyr Žaparow tarapyndan tankyt edildi, ol onuň Gyrgyzystanyň bähbitlerini gözden salandygyny aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistanda döwletiň ýene 50-ä golaý desgasy satuwa çykarylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýene onlarça döwlet desgasy bäsleşikli satuwa çykaryldy. “Biznes Türkmenistan” neşiriniň türkmen metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 48 sany desganyň bäsleşikli söwda çykarylýandygyny yglan etdi. Bäsleşikli söwdalar 20-nji sentýabrda, sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler. Köýtendag etrabynda ýerleşýän söwda kärhanasynyň öňki binasy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *