Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Новости за 19.09.2023

Aşgabadyň myhmanhanalarynyň ençemesine tagtabit ýaýrady

Azathabar.com 

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryndan soň, indi paýtagtyň myhmanhanalarynyň ençemesine hem tagtabit ýaýrady. Bu barada myhmanhanalarda galýan türkmenistanlylaryň ençemesi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Şu aýyň ahyrynda, 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk güni we onuň bilen bagly geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin ýurduň welaýatlaryndan Aşgabada baran bu raýatlar tagtabit zerarly myhmanhanalarda tas uklap bolmaýandygyny aýdýarlar. “Biz çärelere gatnaşmak üçin Lebap welaýatynyň dürli sebitlerinden gelip... Читать дальше...

Azerbaýjan bölüniji Dagly-Garabagda harby operasiýa başlady

Azathabar.com 

Azerbaýjan bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitinde, öz sözleri bilen aýdylsa, 19-njy sentýabrda bolan iki mina partlamasynda alty adam ýogalandan soň, terrorçylyga garşy ýerli çäre hökmünde, "kanuny harby nyşanalara" garşy kampaniýa başlady. Russiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň gözegçiligi astyndaky Dagly-Garabag sebitinde dört harby işgäri we iki parahat ýaşaýjyny öldüren iki sany aýry partlamadan soň, Baku, öz sözleri bilen aýdylanda, "ermeni zyýankeşlik toparlary" diýilýäni günäkärläp, atyşyga başlady. Читать дальше...

Diňle: Balkanda ýene ýangyç gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitinde ýangyç gytçylygy ýene ýitileşdi. Balkan welaýatynda emele gelen dizel gytçylygy bu gezek Türkmenistana gelýän ýa-da ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna ýiti täsir etdi.

Balkanda ýene ýangyç gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalarynyň ýerleşýän sebitinde ýangyç gytçylygy ýene ýitileşdi. Balkan welaýatynda emele gelen dizel gytçylygy bu gezek Türkmenistana gelýän ýa-da ýurduň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt ýük ulaglaryna ýiti täsir etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 19-njy sentýabrda sebitden maglumat berdiler. “Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, Akdaş şäherçesindäki 75 belgiligi ýangyç bekediniň ýanynda 100-e golaý daşary ýurt, şol sanda rus we gazak ýük ulagy hatara düzüldi. Читать дальше...

Täjigistanyň häkimiýetleri: "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky döwürde, Owganystandan neşe serişdeleriniň akymy artdy

Azathabar.com 

Täjigistanyň häkimiýetleri Owganystanda häkimiýetiň "Talyban" tarapyndan ele salynmagyndan soň, neşe gaçakçylygynyň barha artýandygyny aýdýarlar. Geçen ýyl "Talyban" Owganystanda göknar ösdürip ýetişdirmegiň gadagandygyny yglan etdi we ony ekýänlere "şerigat kanuny" boýunça çäre görjekdigi bilen haýbat atdy. Emma BMG-niň maglumatyna görä, ýurtda neşe öndürilýän göknar ekininiň artandygy aýdylýar. Owganystan bilen serhetleşýän Mir Said Ali Hamadoni etrabynyň häkimiýetleri soňky alty aýyň dowamynda... Читать дальше...

Mask X-iň ähli ulanyja “kiçiräk aýlyk tölegini” töledip biljekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Onlaýn platformasy bolan X özüniň ähli ulanyjysy üçin aýlyk töleglerini girizip biler diýip, onuň eýesi Elon Mask botlary azaltmak zerurlygyna salgylanyp aýtdy. Tehniki tüçjar, geçen ýylyň oktýabr aýynda “Twitter” diýlip atlandyrylýan platformany 44 milliard dollara saýt alaly bäri, bir topar üýtgeşiklik girizdi. Ol müňlerçe işgäri işinden boşatdy, tölegli premium mümkinçiligini hödürledi, mazmun moderasiýasyny azaltdy we ozal gadagan edilen hasaplary, şol sanda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň hasabyny dikeltdi. Читать дальше...

Aşgabadyň dükanlarynda ýene-de ýumurtga tapdyrmaýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň söwda nokatlarynda gysga döwür elýeterli bolan ýumurtga ýene-de dükan tekjelerinden ýitirim boldy. Paýtagtdaky habarçymyz ýumurtganyň bar bolan dükanlarynda hem onuň bahasynyň birdenkä tas iki esse ýokarlanandygyny aýdýar. “Aşgabadyň käbir sebitleriniň dükanlarynda ýumurtga ýene-de söwdadan ýitirim boldy. Ýogsa, ýaňy ýakyna çenli 30 sany ýumurtgadan ybarat bir desse 30 manatdan, käbir dükanlarda bolsa 28,5 manatdan näçe diýseň tapdyrýardy. Kä wagtlar arzanladyş yglan edilip, onuň bahasy 22 manada çenli dagy düşürilýärdi. Читать дальше...

Derňew: Lukaşenkanyň soňky ýaşaýyş jaýyna 14 million dollar harçlandy

Azathabar.com 

BelPol toparynyň derňew hasabatyna görä, Belarus Minskde bir binany uzak wagt bäri ýurdy dolandyrýan Alaksandr Lukaşenka üçin ýene bir ýaşaýyş jaýyna öwürmek üçin 14 million dollardan gowrak serişde sarp edipdir. Belarusyň hukuk goraýjy edaralarynyň öňki işgärlerinden durýan derňew toparynyň 18-nji sentýabrda “YouTube” kanalynda çap edilen hasabatynda aýdylmagyna görä, ozal lukmançylyk edarasy bolan we Lukaşenkanyň ofisiniň we Minskiň merkezindäki beýleki resmi binalaryň golaýynda ýerleşýän dört gatly bina kaşaň ýaşaýyş jaýyna öwrüldi. Читать дальше...

Özbegistana 'dynç almaga' gidýän türkmenistanly köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistan şu ýylyň sekiz aýynda Özbegistana dynç almaga baran raýatlarynyň sany boýunça öňdäki onluga girdi diýip, türkmen metbugaty Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp habar berýär. 2023-nji ýylyň sekiz aýynda Özbegistana dynç almaga baran türkmenistanly 17,8 müň adam bolup, Türkmenistan bu görkezijide altynjy orna çykypdyr. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, ýylyň ýanwar-awgust aýlaryna Özbegistana dynç almak üçin Russiýa Federasiýasydan 155,5 müň, Gazagystandan 39,6 müň... Читать дальше...

Türkmen prezidenti Nýu-Ýorkda ÝB-niň, BMG-niň başlyklary bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty 18-nji sentýabrda habar berdi. Döwlet eýeçiligindäki neşiriň tassyklamagyna görä, Aşgabat bu bileleşik bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şeýle-de, türkmen lideri Koreýa Respublikasynyň prezidenti Ýun Sok Ýol... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *