Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Новости за 15.09.2023

Diňle: Aşgabadyň mekdepleri sabyn we dezinfeksiýa serişdeleri üçin pul ýygnamagyny dowam etdirýär

Azathabar.com 

Koronawirus pandemiýasynyň gutarandygyna we Türkmenistanda munuň bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylandygyna garamazdan, Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan sabyn, salfetka, dezinfeksiýa we hajathana kagyzy üçin 60 manat ýygnalmagy dowam edýär. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 14-nji sentýabrda habar berdi.

Lebapda pagta ýygym möwsüminiň depgini güýçlenýär, býujet işgärleri kösenýär

Azathabar.com 

Şu günler Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köpçülikleýin pagta ýygym möwsümine gatnaşmaga ýa-da öz zähmetine derek, pul hödürlemäge mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi. Häkimiýetler her bir býujet edarasyna ‘adam salgydyny’ salýarlar. Meselem, Lebap welaýatynyň Baş bilim müdirliginden pagta ýygym möwsümine her gün 750 adam çykarmak talap edilýär. Sebitiň lukmançylyk edaralary 850 işgärini her gün ýygyma ugratmaly bolýar. Читать дальше...

Aşgabadyň mekdepleri sabyn we dezinfeksiýa serişdeleri üçin pul ýygnamagyny dowam etdirýär

Azathabar.com 

Koronawirus pandemiýasynyň gutarandygyna we Türkmenistanda munuň bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylandygyna garamazdan, Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan sabyn, salfetka, dezinfeksiýa we hajathana kagyzy üçin 60 manat ýygnalmagy dowam edýär. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 14-nji sentýabrda habar berdi. Maglumatda şäheriň 132-nji mekdebiniň okuwçylarynyň ene-atalary ýygnalýan umumy puluň möçberiniň bazarlarda bu harytlary satyn... Читать дальше...

BMG-niň Azyk başlygy: 700 milliondan gowrak adam indi haçan näme iýjekdigini bilenok

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasynyň azyk gullugynyň başlygy 14-nji sentýabrda dünýädäki açlyk krizisiniň 700 milliondan gowrak adamy haçan ýa-da indi bir zat iýip-iýmejekdigini bilmeýän ýagdaýa salandygyny, azyk önümlerine bolan islegiň we talabyň barha artmagy bilen, ynsanperwerlik maliýeleşdirmeleriniň barha azalýandygyny aýtdy. Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Sindi Makkeýn BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine maliýe ýetmezçiliginiň bardygyny aýtdy we agentligiň hasaplamalaryna görä... Читать дальше...

Türkmenistan Katar maýasyny çekmek synanyşygyny dowam etdirýär

Azathabar.com 

Türkmenistan Katardan ýene energiýa, dokma senagaty pudaklaryna maýa çekmäge synanyşýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” katar neşirine salgylanyp habar berýär. Kataryň palatasynyň administratiw we maliýe işleri boýunça müdiri Hussian Ýusef Al Abdulgani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň "Söwda öýi" kärhanasynyň başlygy Serdar Kepbanowyň Dohada bolan duşuşygynda Aşgabadyň daşary ýurt maýadarlary üçin dürli höweslendiriş çärelerini hödürleýändigi aýdyldy. Şeýle-de, Kepbanow Kataryň Türkmenistanda energiýa... Читать дальше...

Berdimuhamedow Duşenbede Aşgabadyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, daşary ýurtly kärdeşlerine we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda taraplaryň giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanylýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *