Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Новости за 12.09.2023

Türkmenabatly telekeçilere Zegär bazarynda 4 ýyl öň satyn alan ýerleri eýeterli däl

Azathabar.com 

Türkmenabatda täze gurlan uly bazarlaryň biri henizem ulanylmaýar. Zergär etrapçasyndaky bu bazaryň gurluşygy 2019-njy ýylda başlanyp, oňa ýerli telekeçileriň onlarçasy pul ýatyrmaga mejbur edilipdi. Azatlygyň ýerli habarçylary gurlup taýýar bolan bu bazaryň henizem işlemän durmagy we munuň telekeçilere ýetirýän täsiri barada habar berýärler.   Habarçymyz Zergär etrapçasyndaky bazarynyň doly taýyn bolandygyny we muňa birnäçe ýyl bari garaşýan telekeçileriň satyn alan ýerlerinden peýdalanmak isleýändigini aýdýar. Читать дальше...

Polisiýa we ýangyn howpsuzlygy işgärleri telekeçilerden parany mäş, nohut bilen alýarlar

Azathabar.com 

Şu günler Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri ähli bazarlara we dükanlara aýlanyp, ýangyn söndüriji enjamlaryň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýarlar. Olar barlaglaryň sebäbini şäheriň söwda nokatlarynda, hususan-da “Lälezar” bazarynda bolan ýangynlaryň yz ýany, ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek bilen düşündirýärler. “Polisiýa we ýangyn howpsuzlygy işgärleri ähli dükan telekeçilerinden ýangyn dörände ýangyny öçürmek üçin çäge, suw, ot ýa-da ýörite ýangyn öçürijileri görkezmegi talap edýärler” diýip... Читать дальше...

Harby parada taýýarlanýan esgerleriň arasynda ýarawsyzlyk köpelýär

Azathabar.com 

Türkmen goşuny Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby parada taýýarlanýar. Dabaraly ýörişlere çekilýän harbylaryň arasynda tapdan düşýän, syrkawlaýan esgerler köpelýär. Şu günler Türkmenistanyň harby edaralarynyň, şol sanda Goranmak ministrliginiň harby okuw mekdepleriniň hem-de käbir gorag polklarynyň harby serkerdeleri we esgerleri Aşgabadyň etegindäki Bekrewe harby şäherçesinde harby parada taýýarlyk görýärler. Dabaraly ýöriş mynasybetli Balkan welaýatynda ýerleşýän Balkanabat Gorag polkundan... Читать дальше...

Aşgabadyň söwda resmileri ilata bitli we gurçukly un satyp, alyjylara ony iýmezligi maslahat berýärler

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri şu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasyly bilen bagly sanlary äşgär etmeýän mahaly, döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramaz bolmagynda galýar. Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde ilata içi bitli we gurçukly un paýlandy. Söwda resmileri iýmäge ýaramly bolmadyk uny satmak barada özlerine buýruk berlendigini aýdýarlar, ýöne alyjylara ony asla iýmezligi maslahat berýärler. “Paýtagtyň ençeme dükanynda ýaşaýjylara ýeňillikli bahadan üç kilogram un satylyp başlandy. Читать дальше...

Azatlygy elinden alnanlar. Owganystanda aýallaryň arasynda öz janyna kast edýänleriň sany artýar

Azathabar.com 

Owganystanda barlyşyksyz "Talyban" güýçleri häkimiýeti ele alanlaryndan soň, ýurtda aýallaryň arasynda, öz janyna kast edýänleriň sany artdy. Şabona iki ýyl mundan ozal ýerli uniwersitetiň lukmançylyk fakultetiniň studenti bolup, toýa taýýarlyk görýärdi. Emma onuň arzuwlary amala aşyp bilmedi. "Talyban" häkimiýeti ele alandan soň, gyzlaryň öňünde uniwersitetiň gapylary ýapyldy. Aradan birnäçe wagtdan soň, Owganystandan daşarda ýaşaýan ol öýlenjek ýigit gudaçylyk gürrüňini ýatyrdy. Awgust aýynda... Читать дальше...

Demirgazyk Makedoniýadaky onkologiýa protestleri dowam edýär

Azathabar.com 

11-nji sentýabr güni giçlik ýüzlerçe demirgazyk makedoniýaly paýtagtyň köçelerine çykyp, şar ýaryp, “Adalat bolmasa, parahatçylyk ýok!” diýen şygara gygyrdylar, onkologiýa pudagyndaky korrupsiýa we hyýanatçylyk aýyplamalary babatynda adalaty talap etdiler. Skopýedäki demonstrantlar bu meseläniň mümkin boldugyça çalt aýdyňlaşdyrylmagy üçin resmilere bir hepde wagt berdiler we, şeýle edilmedik ýagdaýynda, häkimiýetleriň has güýçlendirilen protestler bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklaryny duýdurdylar. ... Читать дальше...

ABŞ Eýranyň $6 milliardlyk emlägini gadaganlykdan çykarar

Azathabar.com 

Habar gulluklary ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň Eýranyň doňdurylan emläkleriniň 6 milliard dollaryna girizilen sanksiýany ýatyryp, ABŞ-Eýran tussaglarynyň alyş-çalşygynyň çäginde, bu serişdäniň Günorta Koreýadan Katara geçirilmegine rugsat bermek baradaky karara gol çekendigini habar berdi. AP habar gullugy bu göçümden 11-nji sentýabrda Kongresiň hem habardar edilendigini aýtdy. Tähran 11-nji sentýabr güni irden çalşygyň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyna ynanýandygyny mälim etdi. Eýran... Читать дальше...

NATO-nyň ýanyndaky türkmen wekilhanasynyň ýolbaşçysy ýaranlygyň başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi 7-nji sentýabrda Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynyň (NATO) baş sekretary Ýens Stoltenberge Türkmenistanyň NATO-nyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde öz ynanç hatlaryny gowşurdy diýip, türkmen metbugaty 11-nji sentýabrda habar berdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Bileleşigiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, taraplar ileri tutulýan ugurlardaky gatnaşyklaryny berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. ... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *