Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Новости за 08.09.2023

Diňle: Türkiýede türkmenistanly ýene bir migranta deport edilmek howpy abanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanly migrantlaryň ýene biriniň Türkiýeden deport edilýändigi habar berilýär. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän türk raýdaşlyk guramasy “Mazlumlar” türkmen migranty Maksat Baýmyradowyň 31-nji awgustda Stambulda saklanandygyny we Tuzladaky deportasiýa merkezine alnyp gidilendigini aýdýar.

Lebabyň migrasiýa edarasynyň öňünde adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi

Azathabar.com 

Şu günlerde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edarasynyň öňünde biometriki pasport almak ýa-da onuň möhletini uzaltmak isleýän raýatlaryň sany göz-görtele köpeldi. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy munuň daşary döwletlere wiza almakdaky täze düzgünler bilen ilteşiklidigini aýdýar. “Häzir daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa we Türkiýä wiza almak isleýän raýatlaryň biometriki pasportunyň möhletiniň gutarmagyna 1 ýyl 6 aýdan köp wagt galan bolmaly. Читать дальше...

Balkanabatda polisiýa dollar alyp-satýanlara garşy reýd geçirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günbatar welaýatynda walýutanyň gara bazaryndaky söwdagärler barlaglara sezewar edildi we tussag edilip, soň boşadyldy. Azatlygyň welaýatdaky habarçylary polisiýanyň walýuta söwdagärlerine garşy eden reýdleri barada habar berdiler. 7-nji sentýabrda, Balkanabatyň merkezi bazarynda walýuta çalşygy bilen meşgullanýan onlarça raýat tussag edildi we polisiýa bölümine äkidildi. Ýerli çeşmelere görä, reýdlere polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri gatnaşypdyr. "Daýhan bazarynda... Читать дальше...

Türkiýede türkmenistanly ýene bir migranta deport edilmek howpy abanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanly migrantlaryň ýene biriniň Türkiýeden deport edilýändigi habar berilýär. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän türk raýdaşlyk guramasy “Mazlumlar” türkmen migranty Maksat Baýmyradowyň 31-nji awgustda Stambulda saklanandygyny we Tuzladaky deportasiýa merkezine alnyp gidilendigini habar berýär. Guramanyň 6-njy sentýabrda Twitterde paýlaşan maglumatyna görä, 1-nji sentýabrdan bäri Diýarbakyr şäherindäki deportasiýa merkezinde saklanýan Baýmyradow barada deport etmek karary kabul edildi. Читать дальше...

Hukuk toparlary: Jawanrud protestçileri öldürildi, urlup-ýenjildi we susduryldy

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjylar Eýranyň günbataryndaky Jawanrud şäherinde geçirilen protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde azyndan sekiz adamyň ölendigini, onlarça adamyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan urlup-ýenjilendigini we esassyz tussag edilendigini aýdýarlar. Aglaba kürt köplüginden durýan Jawanrud şäheri, hijabyny ýa-da baş örtügini düzüw geýmezlikde aýyplanan we ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilip, polisiýa gözegçiliginde ýogalan Mahsa Amininiň ölüminden soň dörän tolgunyşyklaryň merkezine öwrüldi. Читать дальше...

ABŞ, ÝB: Belarusyň pasport düzgüni raýatlary esasy hukuklaryndan mahrum edýär

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Belarusyň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenkanyň daşary ýurtdaky belarus raýatlarynyň pasport möhletleriniň uzaldylmagyny gadagan edýän kararyny ýazgardy. "Lukaşenka režiminiň daşary ýurtlardaky raýatlara berilýän pasport hyzmatlaryny togtatmak baradaky karary daşary ýurtlarda ýaşaýan müňlerçe belarusla zyýan ýetirýär we režimiň öz halkynyň öňündäki esasy borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegine şaýatlyk edýän uzyn sanawy düzýän soňky karar bolup durýar” diýip... Читать дальше...

ABŞ, Angliýa Kara-Murzanyň türmeden boşadylmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa görnükli Kreml tankytçysy Wladimir Kara-Murzanyň tussaglykda belleýän ikinji doglan gününe gabat onuň ‘syýasy sebäpler’ esasynda jezalandyrylmagyny berk ýazgardy we, golaýda täze, başga bir türmä geçirilen hem-de saklanylýan ýeri aýdylmaýan bendiniň haýal etmän boşadylmagyna çagyrdy. ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy 7-nji sentýabrda çap eden beýanatynda 42 ýaşy dolan Kara-Murzanyň derrew boşadylmagyna, şeýle-de Russiýada bendilikde saklanylýan 600-den gowrak syýasy tussagyň azat edilmegine çagyrdy. Читать дальше...

Olaryň özleri-de hiç bir hukuksyz, Sinjiangdaky dogan-garyndaşlary bolsa basyş astynda. Hytaýdan gaçyp gidenleriň ykbaly

Azathabar.com 

Etniki gazaklar Kaýşa Akan, Kaster Musahan, Murager Alimuly birnäçe ýyl mundan ozal Sinjiangda yzarlanmalardan gorkup, Hytaýdan gaçdylar we Gazagystan serhedinden bikanun geçdiler. Olar indi üç ýyldan bäri bosgunlyk şahadatnamasy bilen ýaşaýarlar; Astana olara ne graždanlyk berýär, ne-de üçünji ýurda gitmäge dokument. Bosgunlar bolsa Sinjiangda galan dogan-garyndaşlaryna Pekiniň basyş edip, olary Hytaýa dolanmaga mejbur etmek isleýändigini aýdýarlar. KAÝŞA AKANYŇ 70 ÝAŞYNDAKY EJESINIŇ ÜSTÜNE POLISIÝA... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *