Türkiýäniň prezidenti Erdogan Moskwa sapar edýär
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň etegindäki Žukowskiý şäherinde özüniň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyp, Siriýadaky graždançylyk urşuny we “rus-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň ugurlaryny” maslahat eder diýip, Kremliň websaýtynda ýerleşdirilen maglumatda aýdylýar.
Erdoganyň sapary Siriýanyň jeňçileriň gözegçiligindäki Idlib welaýatyna howa zarbalaryny urmagynyň fonunda bolup geçýär. Bu ýerde Moskwa we Ankara demilitarizirlenen zonany esaslandyrypdylar.
“Idlibde [Başar al-Assadyň] režimi tarapyndan amala aşyrylýan gazaplylyklar barada howatyrlanmalar güýçlenýär. Biz bu barada [Putin bilen telefonda] jikme-jik gürleşdik” diýip, Erdogan 26-njy awgustda aýtdy.
“Biz bu meseleleriň boldugyndan tiz çözüljekdigine umyt edýäris” diýip, türk prezidenti sözüne goşdy.
Türk metbugatynda peýda bolan maglumata görä, türk ýer güýçleriniň “ýakynda” Siriýa girmegine garaşylýar.
“Häzirki pursat biziň dronlarymyz we pilotsyz howa serişdelerimiz dikuçarlarymyz bilen birlikde regiona girdi” diýip, Erdogan belledi.
Türkiýe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady häkimiýetden aýyrmak ugrunda hereket edýän käbir jeňçi toparlaryny goldaýar. Türkiýe ABŞ bilen birlikde özüniň Siriýa bilen serhet araçäklerinde “howpsuz zonany” esaslandyrmak ugrunda hem tagalla edýär.