Moskwada müňlerçe orsýetli şäher geňeşiniň ýetip gelýän saýlawlaryna protest bildirmek üçin ýöriş etdi
Müňlerçe orsýetli şäher geňeşiniň ýetip gelýän saýlawlaryna protest bildirmek üçin merkezi Moskwada ýöriş etdi.
Häkimiýetleriň duýduryşlaryna garamazdan, oppozisiýa aktiwistleri öz talaplaryny gowşatmajakdyklaryny aýtdylar.
31-nji awgustdaky aksiýaliberal aktiwistler bilen Moskwanyň şäher häkimiýetleriniň we Kremliň arasyndaky tapgyrlaýyn gapma-garşylyklaryň soňky görkezijisi bolup durýar.
Şäher dumasyna geçiriljek saýlawlar we saýlaw resmileriniň liberal kandidatlaryň käbirini hasaba almakdan ýüz öwürmegi iýulyň ortasyndan bäri dowam edýän hepdelik protestleriň möwç almagyna itergi berdi.
Şol bir wagtda bu protestler orsýetlileriň arasynda prezident Wladimir Putiniň dolandyryşyna bolan çydamsyzlygyň barha ösýändigini görkezmek bilen, Kreml üçin esasy synaglaryň birine öwrüldi.
Rus polisiýasy ýygnanyşygyň öňünden Moskwanyň merkezindäki köçeleriň käbiriniň gyralarynda tussaglar üçin awtobuslary, suw topalaryny atýan ýük maşynlaryny ýerleşdirdi. Şeýle-de çäräniň geçiriljek ýerleriniň golýayna we bagly bulwarlaryň golaýyndaky jemgyýetçilik ýerlerine ýuniformaly polisiýa ofiserleriniň toparlary iberildi.
Kanuny ýerine ýetirijileriň berk duýduryşlaryna garamazdan, polisiýanyň protestçilere ozalky demonstrasiýalar mahalyndaky ýaly gazaply darajakdygyny görkezýän açyk alamatlar ýok.
“Men bu ýere hiç bir bozgaklyk etmedik adamlaryň türmä basylmagyna düýpden razy bolup bilmeýändigim üçin geldim” diýip, liberal Ýabloko partiýasynyň başlygy we weteran syýasatçy Grigoriý Ýawlinskiý aýtdy. Bu partiýa soňky ýyllarda öz goldawyny ýitiripdi.
“Bu bolýan zatlaryň ählisiniň sebäbi häkimiýetleriň saýlawlaryň netijelerini yzygiderli, ulgamlaýyn ýagdaýda galplaşdyrmagy bilen bagly. Bu uzak wagt bäri dowam edýär we adaty bir zada öwrüldi. Adamlar indi halys bizar boldy” diýip, Ýawlinskiý aýtdy.
Hepdelik protestler başda iýulda, saýlaw resmileriniň liberal kandidatlary 8-nji sentýabrda Şäher dumasyna geçiriljek saýlawlar üçin hasaba almakdan ýüz öwürmekleri netijesinde başlandy.
Başdaky ýygnanyşyklara onlarça müň adam çykdy we olar ýurtda 2012-nji ýyldan bäri görlen iň uly halk demonstrasiýalary boldy.
Polisiýa häkimiýetler tarapyndan “bikanun köpçülikleýin toplanyş” diýlip atlandyrylan demonstrasiýalaryň birnäçesini zorluk bilen dargatdy.
2 müňden gowrak adam tussag edildi, adamlaryň käbiri protestden öň, öňünden gaçmak arkaly tutulyp saklandy we bu ýagdaýlar halkara ýazgarmalaryna alyp geldi.
31-nji awgustdaky ýygnanyşykdan öň hem eýýäm birnäçe oppozisiýa lideri, şol sanda saýlawlara kandidat bolmak tagallasyny edýän Ilýa Ýaşin hem tussag edildi.