Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2019

Pakistanda awtobusyň derýa gapgarylmagy netijesinde azyndan 24 adam öldi

0
Demirgazyk-günbatar Pakistanda awtobusyň derýa gapgarylmagy netijesinde azyndan 24 adam öldi, dokuz adam ýaralandy diýip, polisiýa aýtdy. 


Bu hadysa 30-njy awgustda, Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň Kohistan etrabynyň ýokarsyndaky Kandian sebitinde, gijara boldy.


Awtobusyň üstündäkileriň ählisi uly bir maşgalanyň agzalary bolup, olar toýdan gaýdyp gelýän eken.


Polisiýa hadysanyň sebäplerini derňeýär. Pakistanda bu hili hadysalar köp bolýar.


Bu ýurtdaky ýol-köçe hadysalarynyň köpüsiniň sebäbi sürüjileriň köplenç ýaramaz we dag ýollarynda hem hereket, howpsuzlyk düzgünlerine eýermezligi bilen düşündirilýär. 

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *