Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2020

Koronawirusyň ykdysady täsirleri işsizligiň birden we aşa köpelmegine alyp gelýär

0
Koronawirus pandemiýasynyň ykdysady täsirleri 2-nji aprelde ABŞ-da we beýleki öňdebaryjy ýurtlarda işsizligiň aşa ýokarlanmagy bilen baglanyşykly aladalara ünsi çekdi.


Birleşen Ştatlaryň Jon Hopkins uniwersitetiniň toplan maglumatlaryna görä, 2-nji aprelde dünýäde milliondan gowrak koronawirus näsagynyň hasaba alnandygy belli boldy.


Uniwersitetiň soňky maglumatlaryna görä, ýurtlaryň pandemiýa bilen göreşýän döwründe 53 müňden gowrak adam öldi.


Geçen hepde ABŞ-da rekord derejede, 6,6 million täze işsizlik şikaýaty edildi we iki hepdäniň içinde işden kowulan amerikalylaryň sany 10 milliona ýetdi. 


ABŞ-da koronawirus ýaýramazyndan ozal ýurduň ykdysadyýeti kuwwatlydy.


Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Angliýada durmuş üpjünçiligini, döwletiň berýän sosial kömegini almak üçin ýüz tutýanlaryň sany takmynan on esse artyp, 1 milliona ýetdi.


Bu döwürde Ýewropada azyndan bir million adamyň işini ýitirendigi çak edilýär. 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *