Saglyk ministrligi: Özbegistandaky koronawirus näsaglarynyň köpüsi aýallar
Özbegisanyň saglygy saklaýyş ministrligi koronawirus bilen bagly ähli maglumaty aýan etdi.
Özbegistanda bu kesel bilen kesellänleriň aglaba köplügi aýallardan ybarat. Näsaglaryň 120 sanysy erkek adam, 143 sanysy aýal adam bolup, 13 näsagyň kämillik ýaşyna ýetmändigi habar berilýär.
Soňky maglumatlara görä, ýurtda koronawirs bilen kesellänleriň umumy sany263 adamdan ybarat. Olardan 102 näsag (Fransiýa – 2, Türkiýe – 45, Russiýa – 46, Angliýa – 5, BAE – 2, Saud Arabystany – 1 we Şweýsariýa – 1) daşary ýurtlardan gelen, 161 adam olar bilen aragatnaşyk edipdir.
Näsaglaryň ýaşy:
* 0-9 ýaş – 8 adam;
* 10-19 – 10;
* 20-29 – 51;
* 30-39 – 63;
* 40-49 – 73;
* 50-59 – 40;
* 60-69 – 13;
* 70-79 – 5.
Häzirki pursatda Daşkentde 146 näsag bejergi alýar, Ferganada 27, Namangande 28, Andijonda 30, Buharada 14, Horezmde 13, Kaşkaderýa we Nowaýy oblastlarynda 2 adam ýöriteleşdirilen saglyk edaralarynda, ýokanç keselliler keselhanalarynda bejergi alýar.
Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, näsaglar BSG-nyň maslahatlary esasynda, halkara tejribelerine laýyklykda we kesgitlenen standartlarda bejerilýär.
Häzire çenli 25 nasag doly gutuldy, iki adam wirusdan öldi.