ÝB ministrleri koronabond halas ediş plany boýunça ylalaşyp bilmediler
Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleri koronawirus pandemiýasyndan iň agyr zyýan çeken ýewropa ýurtlary üçin ykdysady halas ediş planyny işläp düzmek boýunça ylalaşyp bilmediler. Gepleşikler 7-nji aprelde wideo konferensiýa arkaly geçirilip, olar 8-nji fewralyň ir sagatlaryna çenli dowam etdi.
“16 sagada çeken gepleşikleriň netijesinde biz ylalaşyga golaýladyk, emma ony jemlärden entek ir” diýip, ýewrotoparyň prezidenti Mario Senteno (Mario Centeno) Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Ol Ýewrotoparyň gepleşikleri 9-njy aprelde dowam etdirjekdigini hem sözüne goşdy.
Ministrlere pandemiýanyň sosial-ykdysady täsirlerine garşy göreşmek üçin mundan beýläkki maliýe çärelerini teklip etmekleri üçin basyş edilýär.
Sentenonyň 7-nji aprelde beren maglumatyna görä, häzirki wagt ýarym trillion ýewro ($540 milliard) möçberinde “howpsuzlyk tory” bar.
Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda karz almagy üpjün etjek bilelikdäki “koronabondlary” çykarmak ýa-da çykarmazlyk meselesi has jedelli bolup galýar.
Ýewropa Bileleşiginiň käbir günorta ýurtlary, hususan-da Italiýa we Ispaniýa muny talap edýär. Täsirli Fransiýa hem bu garaýyşyň tarapynda çykyş edýär.
Ýöne Germaniýa, Niderlandlar, Awstriýa we Finlýandiýa şeýle karz baradaky pikiriň ähli garaşsyz bergileriň paýlaşylmak ähtimallygyny aňlatmagyndan alada edip, muny ret etdiler.
Ýewropanyň Merkezi banky koronawirusyň täsirini gowşatmaga we ýewrozonadaky hökümet hem-de kompaniýa karzyny satyn almaga gönükdirilýän 750 milliard ýewro ($812 milliard) möçberindäki programmany yglan etdi. Şol bir wagtda, Ýewropa Komissiýasy özüniň döwlet kömegini we býujet düzgünlerini gowşatdy.