ABŞ sudýasy öňki milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň kitabyny gadagan etmekden ýüz öwürdi
ABŞ sudýasy Tramp administrasiýasynyň Jon Boltonyň gapma-garşylykly kitabynyň neşir edilmegini gadagan etmek baradaky haýyşyndan boýun gaçyrdy, ýöne milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçiniň gizlin maglumatlaryň üstüni açýandygy sebäpli jogapkärçilige çekilip bilinjekdigini aýtdy.
Waşingtondaky okrug sudunyň sudýasy Roýs Lambert Adalat departamentiniň delilleri Jon Boltonyň ýatlamalaryny gadagan etmek üçin ýeterlik däl diýen kararyň 10 sahypalyk tekstini çap etdi.
Sudýa bu kitaby gadagan etmegiň ony saklap bilmejekdigini, sebäbi onuň internetde aňsatlyk bilen çap edilip bilinjekdigini hem sözüne goşdy.
Lambert Boltonyň öz ýatlamasynyň mazmuny boýunça Ak tamda ylalaşyk gazanmazlygy we ony "neşir etmek arkaly milli howpsuzlyga wehim salmak ähtimallygy" esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinjekdigini aýtdy.
Boltonyň “Munuň bolan otagy: Ak tam ýatlamasy” atly kitaby 23-nji iýunda çap edilmeli.
ABŞ-nyň Adalat ministrligi gizlin maglumatlary öz içine alýandy we milli howpsuzlyga zyýan ýetirýändi üçin diýip, onuň neşir edilmeginiň öňüni almaga synanyşdy.
Kitabyň mazmunyny "ýalan we toslama hekaýalar" diýip häsiýetlendiren prezident Donald Tramp sudýanyň Bolton, belki-de, gizlin materiallaryň üstüni açandyr diýen kesgitlemesini “sudýanyň uly ýeňşi” diýip atlandyrdy.