Demirgazyk Osetiýaly garakçy ömürlik tussaglyga höküm edildi
Russiýanyň kazyýeti Demirgazyk Osetiýa respublikasyndan bolan garakçy Aslan Gagiýewi (Jako) birnäçe adamyň öldürilmegi bilen baglylykda ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.
Don boýundaky Rostow şäherinde ýerleşýän Günorta etrap harby kazyýeti Gajyýewi jenaýat toparyna ýolbaşçylyk etmekde we alty adamyň öldürilmegini gurnamakda günäli tapyp, 14-nji sentýabrda höküm çykardy.
Moskwadaky kazyýet geçen aý Gagiýew toparynyň 12 agzasyna türme tussaglygy hökümlerini çykardy. Olar birnäçe adamy öldürmekde, öldürmäge synanyşmakda, alyp gaçmakda we beýleki jenaýatlarda aýyplanyp, 2 ýyldan ömürlik tussaglyga çenli aralykda, dürli möhletlerde azatlykdan mahrum edidi.
Gagiýew, köp ýyllap dowam eden kanun çekeleşeginde ýeňlenden soň, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Awstriýadan Moskwa ekstradisiýa edildi.
Ol 2013-nji ýylda, jenaýat toparyny gurnamakda, garakçylykda, adam öldürmekde, ýarag gaçakçylygynda we ogurlykda aýyplanyp, Russiýadan gaçypdy.
Russiýa Gagiýew toparyny 2004-2014-nji ýyllarda Moskwada, Moskwa sebitinde we Demirgazyk Osetiýada 60 adamy, şol sanda Demirgazyk Osetiýanyň Wladikawkaz şäheriniň häkimini we respublikanyň öňki premýer-ministriniň orunbasaryny öldürmekde aýyplady.
Russiýanyň Derňew komiteti bu toparyň agzalarynyň azyndan 24-siniň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini, olaryň käsiniň ömürlik tussaglyga höküm edilendigini aýtdy.