Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Türkmen maldarlary ýene bir sowuk gyşa 'taýýarlyksyz' barýar

0
Türkmen maldarlary ýene bir sowuk gyşa 'taýýarlyksyz' barýar

Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynda häkimiýetler gelýän gyşyň gazaply bolmagynyň ähtimaldygyny, maldarlaryň mallaryň gyşdan sag-aman çykmagyny üpjün etmek üçin öňünden we has gowy taýýarlyk görmelidigini duýdurýarlar, emma türkmen maldarlaryna bu hili duýduryş berilmeýär. Azatlygyň ýerli habarçylary bu meselede edil häzir üýtgeşik bir gymyldy, resmi habar ýa duýduryş bar diýip aýdyp bolmajakdygyny, şol bir wagtda obalarda, şahsy hojalyklarda mal saklaýan adamlaryň gyşa taýýarlygynyň gaty pesdigini aýdýarlar.

Türkmen metbugaty, adatça bolşy ýaly, ‘gapyşdyryjy’ diýilýän habarlar babatdaky gysyklygyny dowam etdirip, ilaty habardar etmek, durmuş kynçylyklaryna taýýarlamak meselesine kän baş galdyrmansoň, Azatlyk bu ýyl mallar we gyş meselesine biraz öňünden göz aýlamak kararyna geldi. Sebäbi, açyk we anonimlik şertinde gürleşýän synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda maldarçylyga urlan agyr zarba ýurduň öz et-ýag, süýt-gatyk mümkinçiligini görülmedik derejede çäklendirip, ilatyň we döwletiň aljak ummasyz uly girdejisini örän azaltdy, daşary ýurtlara eksport edilip bilinjek maldarçylyk önümlerinden geljek millionlarça dollaryň öňüni aldy, onlarça müň iş ornunyň ýititirlmegine, garyp maşgalalaryň daşary ýurtlardan getirilýän doň ete hem mätäç bolmagyna alyp geldi.

Türkmen metbugatynyň şu ýylyň 30-njy martynda beren habaryna görä, Lebap sebitiniň maldarlary owlak-guzy möwsümini üstünlikli geçirip, göz öňünde tutulan 73 müň 772 owlak-guza derek 74 müň 708 sany owlak-guzy almagy başardy; döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde hem, gyşyň sowuk gelendigine garamazdan, oňa ykjam taýýarlykly gelinmegi netijesinde, dowarlaryň dok gyşladylmagy aýratyn bellärlikli boldy. TDH-nyň maglumatyna görä, bu sebitiň düýedarçylyk hojalyklary hem gowy netije gazandylar, ýagny möwsümde 467 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Elbetde, döwlet eýeçiligindäki metbugatda ýagdaý mydama gowy ýa-da gaty gowy, ýurtda hiç bir mesele ýok we adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleri ýyl-ýyldan gowulanýar. Emma garaşsyz žurnalistler türkmenistanlylaryň, agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, sowuk gelen gyşdan hem goşmaça ‘sowgat’ alýandygyny, bu ýagdaýyň ýurtdaky umumy abadançylyga, bazarlardaky et-ýagyň, süýt-gatygyň bahasyna hem täsir edýändigini habar berýärler.

Lebapdaky habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, geçen gyşda, 2022-2023-nji ýyllaryň sepgidinde bu sebitiň maldarlary sowuk howa, ot-iým ýetmezçiligi, gyşa taýýarlygyň ýeterlik bolmazlygy sebäpli uly zyýan çekdiler.

“Geçen gyş Lebap welaýatynda howa has aýazly bolup, mallar sowukdan ýogaldy, sowuk diňe janly-jandarlara däl, eýsem miweli agaçlara hem uly zyýan ýetirdi. Mysal üçin, şu ýyl üzüm, nar, erik, şetdaly ýaly miweler bazarlarda gaty az. Bu ýerli miweleriň ýetişmändigini, olaryň güllerini ýa düwünçeklerini sowuk alandygyny aňladýar. Tekjelerde goýlan miwe önümleri esasan Eýrandan ýa başga bir döwletlerden import edilen miweler” diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz aýtdy we gyşa taýýarlygyň welaýat merkezinde, jaýlaryň ýyladyş ulgamyny gyşa taýýarlamak işinde hem gaty gözgyny görünýändigini, ýere gömlen turbalaryň çüýräp ýatandygyny, gömülmedik geçirijileriň daş örtüginiň juda ýabygorlydygyny ýa ýokdugyny, sebit merkezinde ýagdaý şeýle wagtynda, çöldäki maldarlaryň ýagdaýyny göz öňüne getirmegiň juda kyndygyny öňe sürdi.

Balkan sebitiniň obalaryna aýlanyp, ýerli maldarlar, hünärmenler bilen gürleşen habarçymyz ýurduň degişli edaralarynyň maldarlara gelýän gyş barada hiç bir maglumat bermändigini aýdýar.

“Meniň baryp gören obalarymda adamlaryň ýaşaýan öýlerindäki tebigy gaz, elektrik üpjünçiligi, aýazly gyş günlerinde nähili boljakdygyny bilemok, şu günlerem gowy däl. Edil häzir ýyladyş üçin ulanylmaýan hem bolsa, gazyň basyşy juda pes, obalarda pagtadan gelip, howlusynda odun ýakyp, çaý gaýnadýan, nahar bişirýän hojalyklary hem gördüm” diýip, habarçy gaz plitasynda goýlan çaýyň gaýnamagy üçin esli wagt garaşmaly bolýandygyny, adamlaryň bu ýagdaýa indi geňem galmaýandyklaryny gürrüň berdi.

“Elektrik enjamlary pes tokda işlemeýär, obamyzdaky transformatorlary 80-nji ýyllarda, 30 öýe niýetläp gurdular. Emma olar 50% çemesi güýjünde işleýär, tok kösençligimiz ýyllar boýy dowam edýär, tok ýa kesilýär, ýa-da juda pes gelýär, bolmalysy 220 v, emma oňa derek gelýän 105 v tok” diýip, oba ýasaýjylarynyň biri habarçy bilen eden anonim söhbetdeşliginde aýtdy.

Hünärmenleriň sözlerinden çen tutulsa, maldarçylyk hojalyklary bilen döwlet emeldarlarynyň arasyndaky gatnaşyk ýa hyzmatdaşlyk öňki ýyllardakysyna garanda hem has azalypdyr. Aşgabatdaky synçylaryň biri obalarda mal saklaýan adamlaryň ýagdaýynyň ýeňil däldigini, ýöne olaryň bu barada gürrüň etmek islemeýändiklerini gürrüň berdi. “Bujagaz günümizi hem ýitiräýmäli” diýýärler diýip, 60 ýaşly synçy telefon gürrüňinde aýtdy.

“Döwlet maldarçylyk hojalyklaryny künjara, bugdaý kepegi, mekgejöwen siloslary bilen üpjün etmeýär, etrap häkimligi soňky iki ýylda ýerli maldarlardan et soramagy hem bes etdi” diýip, ýerli maldar Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, döwlet maldarlary, çopanlary goldamak tagallalarynyň arasynda, ýerli et önümleriniň satyn alyş bahalaryny ýokarlandyryp, 1 kg et üçin hökümetiň 70, 80 manat möçberinde pul tölemegini şert edip goýupdyr. Emma döwletiň bu şerti ýerli häkimiýetler tarapyndan ýerine ýetirilmeýär.

“...ýerli häkimlik döwlet çopanlaryndan gymmat et satyn alman, bazardan her kilogramy 50 manat bahalanýan et önümlerini alyp, çagalar baglaryna, harby bölümlere geçirip, olardan 1 kg et üçin 70 manat alýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy. Türkmen häkimiýetleriniň ol ýa-da beýleki mesele barada resmi düşündiriş bermek praktikasyny köplenç ret etmegi sebäpli, bu aýdylýanlaryň näderejede dogrudyny garaşsyz ýagdaýda barlamak mümkinçiligi Azatlykda ýok.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen maldaryň tassyklamagyna görä, ýerli maldarlardan et planyny talap etmegi goýan häkimlik işgärleri çopanlara döwlet bahasyndan, her kilogramy 50 teňňeden berilmeli künjarany bazar bahasyndan, 4, 5 manatdan satdyryp, ýerli ýaşaýjynyň sözleri bilen aýtsak, ‘pul ýuwýarlar’.

“Döwletiň berýän bugdaý kepegi hem bikanun, bazar bahasyndan satylýar, ýöne olar çopanlardan mallaryň baş sanyny öňküliginde saklamaklaryny talap edýärler, bu häkimlik däl, mafiýa” diýip, söhbetdeşimiz hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem bu ýagdaýlara göz ýumýandygyny öňe sürdi.

Maldarlaryň aýtmaklaryna görä, döwlet şärikligindäki maldarçylyk hojalyklaryna kanun esasynda her bir iri şahly mal üçin 0,5 gektar ýer bölünip berilmeli.

“Emma Gyzylarbatda her bir iri şahly mal üçin bary-ýogy 10 sotuk ýer bölünip berlen, bujagaz ýer bilen gyşa ot-iým ätiýajyny nädip edinjek, mal üçin öri meýdanlary hem tas ýok, ähli ýeriň öz eýeleri bar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň pikiriçe, hökümet edaralary, häkimlik işgärleri köplenç döwlet bähbidine işlemeýär, her kim nädip döwletden ogurlap ýa bir zatlary goparyp bolar diýen pikir bilen ýaşaýar. 60 ýaşly synçynyň pikiriçe, bu gylyk-häsiýet, ‘döwletden ogurlamak’ endigi sowet döwründe döredi we, bazar ykdysadyýetine geçilmegine garamazdan, Türkmenistanda berk saklanyp galýar.

“Döwletiň birinji baýlygy adamlar, gaz, elektrik üpjünçiligi meselesini birinji düzetmeli, et-ýag, süýt-gatyk önümlerini, pagta, bugdaý öndürýän adamlaryň ýaşaýyş, durmuş şertlerini gowulandyrmak üçinem pul, maýa ýatyrmaly, halkyň rysgalyny diňe Arkadag şäherine siňdirmeli däl” diýip, habarçy bilen gürleşen ýasaýjylaryň biri aýtdy.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşýän adamlar obalaryň ýagdaýynyň gowulaşmaýandygyny mundan öňem az aýtmandylar.

“Obalarda elektrik transformatorlaryny täzelemeli, tok geçiriji simleri, olaryň sütünlerini täzelemeli, gaz turbalaryny täzelemek hem birinji nobatdaky meseleleriň biri bolup durýar, ýollaryň asfaltlanmagy barada aýdyp oturmak gerekmi? Gyşda palçyk, tomsuna tozan, çukur, çarkandak ýollar awtoulaglary sandan çykarýar, adamlary maýyp edýär. Oba köprüleri syrat köprüsinden hem gorkunç. Eger döwlet başarmaýan bolsa, çagalar baglaryny, maldarçylygy, ähli pudagy hususy eýeçilige bermeli, ýerli häkimlik halky talamakdan el çekmeli” diýip, radionyň bir söhbetdeşi adamlaryň indi bu ýagdaýdan halys ýadandygyny, ýöne agyr şertlerdäki ‘ýaşaýyş göreşini’ dowam etdirýändigini, ilatyň häzirlikçe başga çykalga görmeýändigini aýtdy.

Azatlygyň ýerlerde, maldarlaryň käbiriniň hojalygyna baryp gören habarçysynyň ýazmagyna görä, oba ýaşaýjylary, adatça bolşy ýaly, şu günler mümkin boldugyça köp ot-iým edinmäge, köpräk bede, ýandak basmaga çalyşýarlar.

Meýdandan ýyglan haşal otlaryň bir teležkasyny 1000 manatdan, arassa ýorunjanyň üwelen görnüşini takmynan 1600 manatdan, megejöwen otuny 300 manatdan satyn alyp bolýar diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

“Künjaranyň 1 kilogramy 7 manatdan, kepegiň 1 kilogramy 3 manatdan satylýar, kädiniň 1 teležkasy 300 manat, ýöne köp adam gyşa däl, malyna şu wagt berjek iýmini zordan satyn alyp bilýär. Iými köp almak üçin köp pul gerek, o pul köp adamda ýok” diýip, radionyň söhbetdeşi eli ýukalygyň esasy mesele bolup durýandygyny ýatlatdy.

Azatlygyň habarçylary döwlet eýeçiligindäki mallar we olaryň ot-iým ýagdaýy hakynda maglumat alyp bilmediler. Ýerli synçylaryň käbiri döwlet eýeçiligindäki mallaryň sanynyň gaty azalandygyny, fermalardaky mallaryň köpüsiniň telekeçilere satylandygyny öňe sürýär.

Aýdylmagyna görä, özüni oňarýan ýa ýokardan ýeterlik goldawy bar telekeçiler mülk ýerlerine ýorunja ekip, özlerine gerek mal otlaryny edinip bilýärler. Telekeçileriň käbiri SSSR döwründe gurlan ferma binalaryny satyn alyp, olary täzeden oňardyp, gyşa gowy taýýarlykly gelýär. Emma oba halkynyň mallary, eýeleriniň ýagdaýyna görä, köplenç ýarpy daşarda, gowy ýataksyz, hor ýagdaýda saklanýar.

Adamlar tapan-tupan zatlaryndan ýatak edip, sadaja gamyşdan saýawan edip, onuň daşyna, üstüne paket ýapyp, mallaryny ýagyş-ýagmyrdan gorajak bolýarlar, gowy mal ýatak edinmek üçinem gowy pul gerek diýip, habarçy gözi bilen gören zatlaryny gürrüň berdi.

Türkmenistan ata-baba maldarçylyk ýurdy bolup, türkmenler uzak asyrlaryň dowamynda näçe agyr tebigy şertler, uruş-gowga, göçe-göç bilen bilen ýüzbe-ýüz bolsalar-da, özlerini tas mydama diýen ýaly et-ýag, süýt-gatyk, ýüň, deri önümleri bilen üpjün edip gelipdirler, sebäbi olara bu zatlary ýurt daşyndan getirip berjek bolmandyr. Emma Türkmenistan soňky ýyllarda et-ýag, süýt-gatyk, ýüň, deri önümlerini hem näbelli möçberde daşary ýurtlardan import edýär diýip, synçylar aýdýar.

Munuň sebäbi, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, howa şertleriniň üýtgemegi bilen bagly däl, esasan agyr korrupsiýa, ogurlyk we ýalançylyk medeniýeti, şol sanda döwletiň iş orunlaryny, raýat bähbitlerini kanun esasynda ýeterlik derejede goramazlygy, metbugatyň bu meseleleri gozgamagyna ýol bermezligi bilen bagly.

Eger-de metbugata seredilse, şu ýylyň başyndaky ýa 2022-nji, 2020-njii ýyllaryň başyndaky resmi maglumatlar sebitlerdäki owlak-guzy, köşek almak möwsümleriniň üstünlikli bolandygyny tassyklaýarlar.

Aýdaly, “Daşoguz habarlary” gazetiniň 2022-nji ýylyň martynda beren maglumatyna görä, Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarlary 43089 ene dowardan 36002 owlak-guzy almagy göz öňünde tutup, ähli güýçlerini öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirdiler.

2020-nji ýylyň 1-nji aprelindäki habar bolsa, Ahal welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda eýýäm 120 müň owlak-guzynyň we 2 müň köşegiň alnandygyny tassyklaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Patyşa Russiýasy döwründe, 1913-nji ýylda Zakaspide, ýagny şu günki Türkmenistanyň birnäçe sebitinde atlaryň sany 47 müň 220, gara mallaryň sany 55 müň 574, dowarlaryň, goýun-geçiniň sany 11 million 574 müň 653 bolupdyr, şol ýyl, 1913-nji ýylda Zakaspide dowarlaryň baş sany 2 million 900 müň mala çenli artypdyr.

Garaşsyzlyk ýyllary barada aýdylanda, ýerli synçylar maldarçylyk pudagynyň şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň “täze oba” syýasaty diýilýäniň çäginde tasdan doly dargadylandygyny aýdýarlar.

Türkmen maldarçylygyna urlan agyr zarba “Türkmenmallary” ady bilen döredilen birleşik we soňra häkimiýetleriň bu meselelere göz ýummagy bilen baglanyşdyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Страдания юного Аюша Булчун


Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»


MTA reveals new electric buses, charging stations in Queens

Rory McIlroy masterclass secures dominant five-shot victory at Wells Fargo Championship

Ange Postecoglou in spectacular touchline bust-up with fan before slamming ‘fragile’ Tottenham after Man City loss

'Survivor' Contestant Kenzie Petty Announces She's Pregnant, Expecting First Child with Husband Jackson


15 мая в системе Следственного комитета Российской Федерации отмечается 157-я годовщина со Дня образования военных следственных органов

Правоохранители проверили бывших мигрантов в Джанкое

Более 1 млн проездов по трассе М-12 Восток совершили автомобилисты в майские праздники

Страдания юного Аюша Булчун


Ubisoft cancels The Division: Heartland so it can focus on 'bigger opportunities' like XDefiant

Публика в восторге от ретро-хоррора Crow Country

Here's every World of Warcraft expansion in order of release

Сегодня выходит Braid: Anniversary Edition на PC, консоли и смартфоны



В Москве чеченская семья окружила отделение полиции, чтобы забрать родственницу

В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

Актер из «Папиных дочек» пропал в Москве


В Москве чеченская семья окружила отделение полиции, чтобы забрать родственницу

Фицо убежден, что помнит детали покушения

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».


Экс-арсеналец Хлусевич вошёл в расширенный состав сборной России

Фицо убежден, что помнит детали покушения

Застройщикам расширяют жилплощадь // Минимально допустимые размеры квартир снова в действии

Вратаря ЦСК Торопа готовят к операции в московской больнице


Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме


В Москве чеченцы окружили отдел полиции из-за сбежавшей родственницы. Она боится, что ее убьют

Фицо убежден, что помнит детали покушения

Вратаря ЦСК Торопа готовят к операции в московской больнице

Выход в свет: Виктория Боня привела дочь-иностранку на вечеринку к Бузовой


Музыкальные новости

Концерт в честь 90-летия Евгения Крылатова пройдёт в Кремлёвском дворце

Ургант уехал в Грузию после отмены его номера на концерте в честь Окуджавы

Клава Кока, Баста и Инстасамка показали первые посты в соцсети "ВКонтакте"

Концерт-телепремьера «Шаляпин и Рахманинов в Кисловодске» состоится на выставке-форуме «Россия»


В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

У района Москвы появился свой трек, сгенерированный нейросетью

Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

В Москве чеченская семья окружила отделение полиции, чтобы забрать родственницу


Чемпионат России по футболу для людей с ограниченными возможностями начался в Дзержинске

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме

ПОДГОТОВИТЬСЯ К ЛЕТНЕМУ СЕЗОНУ? ЛЕГКО! ВМЕСТЕ С ПЛАТФОРМОЙ FITSTARS НА УМНЫХ ТЕЛЕВИЗОРАХ LG


Ярославское шоссе стало лидером сезонного спроса на спортивные площадки в коттеджных комплексах

СМИ: Отдел полиции в Москве окружили из-за сбежавшей из дома чеченской девушки

HONGQI - официальный автомобиль ПМЭФ 2024 года

Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео


Путин назвал образцовыми отношения России и Китая

Путин: Россия и Китай работают над формированием справедливого мироустройства

Титов о визите Путина в Китай: Можно говорить о настоящем повороте на Восток

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.




Центр Московского долголетия поможет пенсионерам оформить субсидии и льготы на оплату ЖКУ

Онколог Тимофеева рассказала, чем опасны хронические заболевания

В форуме «Здоровье нации – основа процветания России» примут участие ведущие эксперты научно-исследовательских институтов Минздрава России.

Остеопат назвала признаки плоскостопия


ABC: Зеленский недоволен результатами визита Блинкена в Киев


Ярославское шоссе стало лидером сезонного спроса на спортивные площадки в коттеджных комплексах

В этот день ровно 30 лет назад будущий президент Российской Федерации был гидом будущего короля Великобритании в экскурсии по Ленинграду

В Москве пройдет заплыв «Кубок Чемпионов» от организаторов Swimcup. В старте, который пройдет в гребном канале «Москва», примут участие более 1000 пловцов

Футболисты «Локомотива» – в расширенном составе сборной России на июньский сбор


Минск поддерживает Баку: планы по строительству агрогородка в Карабахе – ОБНОВЛЕНО

Шесть городов Белоруссии и Азербайджана стали побратимами


Сергей Собянин провел личный прием граждан

Собянин рассказал о благоустройстве у станции метро «Университет Дружбы Народов»

Сергей Собянин. Главное за день

Собянин рассказал о сезонном оформлении городских пространств


Роскосмос опубликовал спутниковый снимок лесных пожаров в Забайкальском крае

Цифровая Эпоха и ПМСОФТ: стратегическое партнерство для создания экосистемы управления промышленными проектами

Передовые разработки. Названы номинанты II этапа «ЭКОТЕХ-ЛИДЕР 2024»

Клиенты Инго Экосистемы стали больше путешествовать за ингорубли


В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Экс-арсеналец Хлусевич вошёл в расширенный состав сборной России

В Москве чеченцы окружили отдел полиции из-за сбежавшей родственницы. Она боится, что ее убьют

Фицо убежден, что помнит детали покушения


У работодателей Архангельской области и НАО началась "вахтовая лихорадка"

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Архангельский «Ледокол» вышел в четвертьфинал Ночной хоккейной лиги

В Архангельской области проходит региональный этап игры «Зарница 2.0»


Россия, Культура и Дети: детский конкурс эмблемы обьявил Театр кукол в Улан-Удэ

В Бурятии прошла Байкальская театральная школа прошла - Россия, Культура и Дети

Аэропорт Элисты начнет принимать рейсы 28 мая

Росавиация опровергла спрямление рейсов в обмен на полеты в Элисту


Депутат Дмитрий Дениско проверил ремонт дороги в поселке Томилино Люберец

Кинологи марийского УФСИН отправились в ИК-1 в Чувашию

Хавбек «Балтики» Бистрович рассказал о различиях жизни в Москве и Калининграде

Закон об отсрочке от мобилизации для многодетных отцов предложили отклонить














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *