Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2023

Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar

0
Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar

Garaşsyzlyk baýramynyň fonunda häkimiýetleriň güýçlendirýän gözegçiligi we ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň hem-de 'demikdiriji' çäklendirmeleriň arasynda güzeran aýlamaga çalyşýan ýönekeý türkmenistanlynyň agyr durmuş şertleri resmi media serişdelerinde görkezilýän baýramçylyk joşgunyna kölege salýar.

“Garaşsyzlyk baýramçylygynda adamlaryň ýüzünde şatlyk-şagalaňdan nam-nyşan ýok. Kimi görseň, gaýgy-gamda, bergide. Kime duşsaň, pikir-hyýaly daşary ýurtda, iş gözleginde” diýip, Mary welaýatynyň paýtagtynda baýramyň barşyny synlaýan bir ýerli çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne döwlet telewideniýesinde diňe, hamala, ýokary ruhubelentlikde bellenilýän baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly çykyşlar, güler ýüzli adamlar hem-de tans edýän ýigitler we gyzlar görkezilýär.

Güzeran aladalaryna gümra bolan bir polisiýa işgäri aýdym-sazly dabaralara uzakdan syn edip, “bizde diňe aýdym-saz” diýip, anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär. “Ýöne diňe öňe, diňe öňe diýip, gygyranyň netije bermeýär. ‘Na-na-naý’ diýip, aýdym-saza bat bereniň bilen adamlaryň durmuş şertleri gowulanmaýar. ‘Na-na-naýdan’ nan bolmaz” diýip, maryly polisiýa işgäri aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda ilatyň Garaşsyzlyk baýramyny belleýşine syn etdiler. Baýramçylyk howalasy häkimiýetleriň güýçlendirýän gözegçiligi bilen ýatda galýar.

Hususy ulaglar nyşana alynýar

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri baýramçylygyň öňüsyrasynda we “ýol howpsuzlygynyň” biraýlygynda Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri bilen bileleşip, köçelerde ygtyýarnamasyz täjirçilik maksatly ulaglary, şol sanda taksileri we ýük ulaglaryny awlaýar.

Ýatlasak, Türkmenistanda 1-nji sentýabr – 30-njy sentýabr aralygynda “ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilýär.

26-njy sentýabrda Mary welaýatynda PÝGG işgärleriniň hem-de Döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň ygtyýarnamasyz täjirçilik ulaglaryna garşy geçiren reýdlerine şaýat bolan birnäçe sürüji, giň ýaýran işsizlik sebäpli, “ulagda adam gatnatmagyň özleri üçin ýeke-täk girdeji çeşmesine öwrülendigini” aýdýar.

Häkimiýetler tarapyndan ele salnan ygtyýarnamasyz taksi sürüjileriniň käbirleri özleriniň kireý etmeýändiklerini öňe sürüp, ulaglaryna mündüren müşderilerini öz tanyşlary hökmünde tanyşdyrmaga çalyşýar. Ýöne PÝGG işgärleri sürüjini ulagdan düşürip, onuň tanyşlarym atlandyran müşderilerinden sürüjiniň at-familiýasyny we beýleki şahsy maglumatlaryny soraýar. “Taksi diýip, mündüňizmi?” diýip, olar ‘müşderilerden’ sürüjiniň takyk maglumatlaryny anyklamaga çalyşýarlar.

Mary welaýatynyň paýtagtynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen giň gerimli reýdleriň dowamynda polisiýa işgärleri we salgyt gullukçylary hususy taksileri, ygtyýarnamasyz ýük ulaglaryny we hatda gapdaly tirkegli motosikllere çenli nyşana aldylar.

“Bazaryň golaýyndaky ýük ulaglaryna, çem gelen ýeňil awtoulaglara, hatda gapdal tirkeginde garpyz daşaýan motosikllere çenli jerime ýazdylar” diýip, bazaryň töwereginde geçirilen reýdlere şaýat bolan bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Adam gatnadýan hususy awtoulaglaryň sürüjileri, şeýle-de täjirçilik maksatly ýük ulaglarynyň eýeleri özleriniň güzeran şertleriniň agyrlaşandygyny, şol bir wagtda ygtyýarnama almagyň hem kyndygyny aýdýarlar.

“Iş ýok, kireý etmäge rugsatnama ýok, biz nädip eklenmeli” diýip, bir hususy awtoulag eýesi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy öz hususy awtoulagynda ‘taksiçilik’ bilen meşgullanyp, gazanç edýän bir sürüjä näme üçin ygtyýarnama alyp, adam gatnatmaýandygy, ýa-da döwlet taksilerine işe durmaýandygy barasynda sorag bilen ýüzlendi.

“Döwlet salgyt gullugy ýylda 3-4 gezek reýd geçirip, jerime ýazýar. Emma salgyt töläp, kanuny esasda kireý etmäge ygtyýarnama, möhürli rugsatnama bermeýärler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.

Mary welaýatynyň ulag ulgamyndan habarly bir çeşmäniň sözlerine görä, döwlet taksileriniň sürüjileri her gün döwlete 160 manat tabşyrmak bilen borçlandyrylýar. Şeýle-de, bu ulaglaryň sürüjilerine gündelik 20 litr möçberinde ýeňillikli benzin berilýär. Ýöne, onuň sözlerine görä, soňky wagtlarda şäherde taksi çagyrýan adam azalýar, ilat köplenç köpçülik transportynda gatnamagy saýlap alýar, galyberse-de,  ygtyýarnamasyz hususy taksi ulaglarynyň köp bolmagy hem döwlet taksileriniň müşderilerine täsir edýär, üstesine, döwlet taksi kärhanalaryna işe durmak üçin hem para soralýar.

Ýöne sebitdäki baýramçylyk howasyna syn edýän habarçylarymyza görä, adam gatnadyp, eklenç edýän hususy awtoulaglaryň eýeleri häkimiýetleriň ýeke-täk nyşanasy däl.

Dilegçiler we zir-zibil dörýän adamlar ýygnalýar

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri sebit merkezinde dilegçilere we el serýän adamlara, şol sanda çagalara garşy hem reýd geçirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, baýramçylygyň öň ýany, sebit merkezindäki bazarlaryň birinde gawun-garpyzlaryň paçaklaryny çöpläp, mal eýelerine iým hökmünde satýan bir ataly-ogluň kyssasyny gürrüň berýär.

Olar bazar sowlandan soň zibil çeleklerini dörüp, zir-zibilden gawun-garpyzlaryň galyndylaryny, paçaklary gözleýärler. Ataly-ogul tapan-tupanlaryny, kimdir biriniň derdine ýarajak gawun-garpyz paçaklaryny mal iými hökmünde satlyga çykarýarlar.

Ýöne diňe ataly-ogul däl, Azatlyk Radiosynyň habarçysy başga-da ençeme çagalaryň hem kiçijik elleri bilen bazarlardaky zir-zibil çeleklerini dörýändiklerini habar berýärler. Olar baýramçylyk döwründe el serip köçelerde dilegçilik etseler özleriniň polisiýa tarapyndan tussag edilmeginden gorkýandyklaryny aýdýarlar.

Bazardan paçak toplaýan ataly-ogul özleriniň polisiýa tarapyndan saklanyp, baýramçylyk tamamlanýança öýsüzleriň we serhoşlaryň wagtlaýyn gabawhanasynda saklanmakdan howatyr edýändiklerini gürrüň berýärler.

 

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ýaşaýjy kiçijik elleri bilen zir-zibilleri dörýän çagalaryň arasynda keselçilige uçraýan körpelere-de duş gelinýändigini gürrüň berýär.

“Biziň ýurdumyzda iň uly baýlyk – adamyň saglygy diýýärler. Biz ýaly garyp syrkawlasa, döwletimiz garyba tölegsiz derman bermeýär. Garyp gatlak keselhanalarda döwletiň hasabyna tölegsiz bejergi alyp bilmeýär” diýip, maryly beýleki bir ýaşaýjy agyr şertlerden şikaýat etdi.

Marynyň bazarlarynyň birinde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ataly-ogul özleriniň ýurtda kömege mätäç çagalar üçin açylan haýyr-sahawat gaznasyndan habarlarynyň bardygyny, ýöne bu haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamlarynyň köplere elýeterli däldigini aýdýarlar.

“Çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny açypdyrlar, ýöne bu gaznanyň biz ýaly garyp maşgalalara haýry ýok. Biz ýaly ýardama mätäç ençeme hojalyk, syrkawlan çagalar bar. Olaryň ýeke biri haýyr-sahawatdan ýardam alypdyr diýip eşitmedik” diýip, ataly-ogul Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Gaýtam, biz ýaly garyp hojalyklaryň üstüne polisiýany küşgürýärler” diýip, ýalňyz ata sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitde tertip-düzgüne gözegçilik edýän bir polisiýa işgäri bilen hem söhbetdeş boldy. Efirde adynyň aýdylmazlygyny soran kanun goraýjy işgär soňky wagtlarda köçelerde dilegçilik edýän çagalaryň köpelýändigini gürrüň berýär.

“Ejesi ýa-da kakasy türme tussaglygynda oturan ýa-da oturyp çykan adamlaryň çagalary, hossarlaryndan biri aradan çykan maşgalalaryň ýetim galan çagalary, ýa-da olar eklenç gözleginde daşary ýurtlara gidip, hojalygyna pul ugradyp bilmeýän adamlaryň çagalary, hatda enesi we atasy ýanlarynda bolsa hem işe durup bilmän garyplykdan ejir çekýän maşgalalaryň çagalary... Şular ýaly ýagdaýy kyn hojalyklara goldaw gerek... Biz bulary häzir tussag edip, soňra ýene goýbersek barybir bular ertir dilegçiligi bes etmeýärler” diýip, polisiýa işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Bizde bolsa diňe aýdym-saz, şatlyk-şüweleň” diýip, baýramçylygyň öňüsyrasynda güýçlendirilen polisiýa gözegçiligine gatnaşýan işgär anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi baýramçylyk dabaralarynda şatlanýan adamlary, tans edýän ýigitleri we gyzlary hem-de aýdym-saz şüweleňlerini görkezýär, ilatyň hor-homsy durmuş şertlerini asla agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Новые вызовы и обеспечение технологического суверенитета квалифицированными кадрами обсудили в Москве

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"


В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове

Дорожные ирригаторы Revyline RL 660 New Black скоро появятся в представительстве бренда в Улан-Удэ

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Кладезь полезных свойств: Кутушов рассказал о пользе шлемника байкальского


Gunmen open fire and kill 4 people, including 3 foreigners, in Afghanistan's central Bamyan province

Glen Powell’s parents crash Texas movie screening to troll him

$90,000 settlement approved in teen’s bullying lawsuit against LAUSD

AML check crypto


"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Разделение изотопа

Сотрудник Дубненского отдела вневедомственной охраны Главного управления Росгвардии по Московской области встретился с учащимися МОУ СОШ №1

Бастрыкин затребовал доклад о насильственном отношении к детям из Москвы


Five new Steam games you probably missed (May 20, 2024)

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Sea War: Raid 1.131.0



"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Новые вызовы и обеспечение технологического суверенитета квалифицированными кадрами обсудили в Москве

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает В.В. Путину улучшить либо отменить налоги в обществе.

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ


Шапки женские вязаные на Wildberries, 2024 — новый цвет от 392 руб. (модель 466)

Что там в IT: ИИ-отрыв Google, ChatGPT почти человек, отечественный BIOS

РОССИЯ И КИТАЙ: В МИРЕ ВОЗМОЖНА ГЕГЕМОНИЯ ЛИШЬ ИНТЕРЕСА НАРОДА, ЗАКОНА, ИСТИНЫ И СПРАВЕДЛИВОСТИ.

Беременные, дети и старики в заточении: Из аэропорта Кишинёв не выпускают тех, кто прилетел из России


Пожарные ликвидировали открытое горение на фабрике в подмосковном Ногинске

В Подмосковье стартовала акция «Судебные приставы — детям»

В горокруге Пушкинский открыли памятник в память о воинах-россиянах, погибших в зоне СВО

СБ ООН не принял предложенный Россией проект резолюции о предотвращении гонки вооружений в космосе


Соболенко — Коллинз: белоруска выиграла первый сет в полуфинале Рима

Шнайдер вышла в финал турнира WTA-125 в Париже, обыграв Грачёву

Соболенко проиграла Свентек в финале турнира WTA-1000 в Риме

Теннисисты Роджер Федерер и Рафаэль Надаль стали лицами рекламной кампании Louis Vuitton


Прозоров: Россия свою позицию объявила, но Запад не поменяет Зеленского

Архангельск впервые принял Всероссийские соревнования по танцевальному спорту

Тульский тренер-преподаватель завоевал титул чемпиона мира по боксу

В горокруге Пушкинский открыли памятник в память о воинах-россиянах, погибших в зоне СВО


Музыкальные новости

Бен Аффлек переехал из дома, в котором жил с Дженнифер Лопес. Развлечение

Анастасия Волочкова рассказала в шоу Анфисы Чеховой на ТВ-3 о своём детстве

Певец Филипп Киркоров проиграл Денису Дорохову 20 млн рублей на шоу "Звезды"

Театр и Культура, Россия и Дети: 15 мая театр кукол Ульгэр представил спектакль «Мүнгэн мүшэдүүд» в стенах Художественного музея для первых классов гимназии №29 Улан-Удэ


«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает В.В. Путину улучшить либо отменить налоги в обществе.

Новые вызовы и обеспечение технологического суверенитета квалифицированными кадрами обсудили в Москве

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"


Гунга Чимитов в театре кукол Улэгэр - Россия, Культура, Театр, дети

ЦСКА и "Нижний Новгород" забили 8 голов в матче РПЛ

РОССИЯ И КИТАЙ: В МИРЕ ВОЗМОЖНА ГЕГЕМОНИЯ ЛИШЬ ИНТЕРЕСА НАРОДА, ЗАКОНА, ИСТИНЫ И СПРАВЕДЛИВОСТИ.

Июньские дни духовности: Православные праздники месяца от ясновидящей Галины Янко


Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о строительстве и модернизации автомобильных дорог

В Брянскую область не пустили пчел из Беларуси

Запорожская область становится флагманом импортозамещения в России

Запорожская область становится флагманом импортозамещения в России


«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает В.В. Путину улучшить либо отменить налоги в обществе.

«Газпром-Медиа» и Медиакорпорация Китая подписали соглашение о сотрудничестве

IRNA: Путин провел встречу с послом Ирана после крушения вертолета Раиси

Владимир Путин попросил передать послание духовному лидеру Ирана


112: актрису Немоляеву экстренно госпитализировали с подозрением на ковид

«Продукт эволюции»: чем опасен новый штамм COVID-19 FLiRT и насколько он заразен

Светлану Немоляеву госпитализировали с COVID-19 в Москве



Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о поставках вакцины от гриппа

Влияние сахара и подсластителей на организм: мнение доктора Вялова

Более 500 человек посетили «Ночь музеев» в Ставропольской краевой психиатрической больнице №1

Пластический хирург, врач дерматолог-косметолог Мадина Байрамукова: можно ли избавиться от "колец Венеры"


Зеленский заявил, что обеспокоен заявлениями республиканцев в США


В полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в ЦФО победили 74 семьи

Росгвардейцы обеспечили правопорядок во время футбольных матчей в Москве

Бились лопатами, палками и бейсбольными битами: Мигранты устроили массовую драку в Новой Москве

Футболисты ФК «Динамо Пушкино» заняли второе место в межрегиональном турнире Laffy Cup 2024


Президент Камеруна получил послание от Президента Лукашенко


Собянин: Московские пары все чаще выбирают для свадьбы «Новые адреса счастья»

Собянин: На ВДНХ открылась экспозиция об истории цифровизации Москвы

Собянин рассказал, как Москва развивает новые цифровые решения по программе КРТ

Собянин проверил, как продвигается капремонт детской поликлиники №125


Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о достижениях национальных целей по экологии

Ликсутов: Более 1 650 электробусов курсирует в Москве

В Московской области сотрудники Росгвардии присоединились к ежегодной экологической акции «Наш лес. Посади свое дерево»

Ежемесячную денежную выплату получают более 1,6 млн пострадавших от радиации


В Подмосковье стартовала акция «Судебные приставы — детям»

Прозоров: Россия свою позицию объявила, но Запад не поменяет Зеленского

В столице стартовал сезон продажи ягод: первой гостьей на прилавках стала клубника от российских фермеров

В горокруге Пушкинский открыли памятник в память о воинах-россиянах, погибших в зоне СВО


Байкеры Архангельска открыли мотосезон

Архангельск впервые принял Всероссийские соревнования по танцевальному спорту

В Архангельске назвали лучшие любительские творческие коллективы Северо-Запада

Еженедельный вестник катастроф


Литературный монолог «По праву памяти», к 105-й годовщине со дня рождения А.С. Крупнякова, советского и российского писателя.

В Улан-Улан-Удэ пройдет летний дэгэлфлешмоб, организованный театром Бурдрамомы: Россия, Театр и Культура, Дети

Выставка славянских истоков «В бессмертье уходит всеведенье литер простых»

Коллекция CD этномузыки экзотических стран представлена на открытии выставки в Симферополе


Мощный пожар охватил швейную фабрику в Подмосковье

Три версии причины смерти Раиси

Пожарные ликвидировали открытое горение на фабрике в подмосковном Ногинске

Замгубернатора Томской области по экономике Потемкин высказался о гибели президента Ирана














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *