Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Tbliside gazyň syzmagy netijesinde ýüze çykandygy aýdylýan partlamada dört adam öldi

0
Gürjüstanyň paýtagty Tblisiniň eteginde bir ýaşaýyş jaýynda gazyň syzmagy netijesinde ýüze çykandygy aýdylýan partlamada azyndan dört adam öldi.


Resmiler, binanyň altynjy gatynda ýüze çykan hadysada başga-da sekiz adamyň ýaralanandygyny, olaryň ikisiniň hem agyr ýagdaýdadygyny mälim etdiler.


Did Digomi etrabynda ýerleşen binanyň ýaşaýjylary ewakuasiýa edildiler.


Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri partlama gazyň syzmagynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.


Gürji premýer-ministri Mamuka Bakhtadze 17-nji ýanwary matam güni diýip yglan etdi.


Gürjüstanda ýaşaýyş jaýlaryna çekilen gaz geçirijileriniň aglbasy könelip, olardan ýygy-ýygydan gaz syzyp çykýar.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *