Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 08.01.2019

Döwlet taksiçileriniň gündelik plan borçnamasy artdyryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksi sürüjileriniň gündelik dolmaly plan borçnamasy artdyryldy. Şol bir wagtda-da, olara döwlet tarapyndan mugt berilýän gündelik benziniň möçberi azaldyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 8-nji ýanwarda habar berdi.

Türkmenistanda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlar soraga çekilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň polisiýasy we milli howpsuzlyk gulluklary dinçileri soraga çekýär. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky we Daşoguzdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu regionlarda dinçileriň soraga çekilmeginden daşary, ilata aşa dinçilikden saklanmagy maslahat berýärler.  "Howpsuzlyk edaralary ýene-de dinçileri soraga çagyryp başladylar. Esasan metjitlere gatnaýanlary çagyrýarlar. Şeýle-de, özüni dini düzgünlere görä alyp barýan adamlar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler. Meselem işde namaz okaýanlary, gürrüňdeşliklerde... Читать дальше...

“Talyban” Katarda ABŞ-nyň resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Owgan “Talybanynyň” wekilleri Katarda ABŞ resmileri bilen iki günlük parahatçylyk gepleşikleriniň geçiriljekdigini mälim etdiler. Emma, “Talyban” 9-njy ýanwarda başlanjak gepleşiklere owgan hökümet resmileriniň gatnaşmajakdygyny aýtdylar. “Häzirki wagt biz amerikan resmileri bilen gepleşmek isleýäris” diýip, “Talybanyň” Owganystandaky lideri “Reuters” habarlar gullugyna maglumat berdi. Ol Dohodaky gepleşiklerde jeňçi toparynyň ABŞ-ly esgerleriň Owganystandan çykarylmagy boýunça edýän çagyryşlarynyň... Читать дальше...

Daşkentde ozalky özbek baş prokurory sud edilýär

Azathabar.com 

Özbegistanda ýurduň ozalky baş prokurory Raşidjo Kodirowyň üstünden sud diňlenişigi başlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň özbek hökümetindäki çeşmeleri maglumat berdi. Diňlenişik 7-nji ýanwarda Daşkendiň Ýunusobod etrap sudunda başlandy. Ýokary suduň atlandyrylmasyzlygyny soran bir wekili Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde suduň başlanandygyny tassyklady, şol bir wagtda ol diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýändigini hem sözüne goşdy. Baş prokuraturanyň resmi wekili sud diňlenişigi... Читать дальше...

Gyrgyzystanda protestçiler hytaýly migrantlara garşy ýöriş geçirdiler

Azathabar.com 

Bişkekde ýüzlerçe protestçi Gyrgyzystanda hytaýly migrantlaryň sanynyň artýandygyny aýdyp, muňa garşy demonstrasiýa geçirdiler. Bişkegiň Merkezi Meýdançasynda 300-e golaý protestçi bikanun hytaýly migrantlaryň ýurtdan yzyna deportasiýa edilmegine, şeýle-de gyrgyz raýatlary bilen maşgala guranlara raýatlyk bermek tejribesiniň togtadylmagyna çagyrdylar. Demonstrantlar Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýär diýilýän etniki gyrgyzlara hem öz goldawyny bildirdiler. Читать дальше...

Gazagystan: Karagandada etniki dartgynlylyklar artýar

Azathabar.com 

Gazagystanda Täze ýyl gijesi restoranlaryň birinde ýüze çykan ýakalaşykda bir gazak raýatynyň öldürilmeginden soň, adamlar “adalaty” talap edip, Karaganda şäherinde protest geçirdiler. 1-nji ýanwarda, biri etniki ermenilerden ybarat, ýaş ýigitleriň iki topary öz aralarynda uruşanlarynda, bir adam pyçaklanyp öldürildi. Ýakalaşygyň netijesinde pyçak bilen ýaralanan beýleki üç adam keselhana ýerleşdirildi. 6-njy ýanwarda demonstrantlar Karagandanyň ýerli polisiýa edarasynyň binasynyň daşynda ýygnanyp... Читать дальше...

Şwesiýada 6 merkezi aziýaly terrorizm aýyplamalarynda sud edilýär

Azathabar.com 

Şwesiýada ýaşaýan alty özbek we gyrgyz raýatlarynyň, “Yslam döwleti” ekstremistik toparyna maliýe hemaýatyny bermek aýyplamalary esasynda, sud diňlenişigi başlandy. Merkezi aziýaly şahsyýetleriň üçüsine skandinaw döwletinde hüjümleri planlaşdyrmakda hem aýyplama bildirilýär. Stokgolmyň etrap sudunda geçirilen ilkinji diňlenişikde aýyplanýanar ok geçirmeýän aýnaly gözenegiň aňyrsynda saklandylar. Aýyplanýan özbek raýatlary – Akromiýon Ergaşew, Bahtiýor Umarow, Gulom Täjiýew, Şoahmad Mahmudow we Dawid Idrisson... Читать дальше...

Maşgalasyndan gaçan saudly zenana bäş gün içinde gaçybatalga berler

Azathabar.com 

Maşgalasyndan gaçan saudly zenan Bankok aerportundan BMG-niň bosgunlar agentliginiň “howandarlygy astyna alyndy” diýip, taýland häkimiýetleri aýtdylar. Taýlandyň immigrasiýa polisiýasynyň başlygy Suraçate Hakparn 7-nji ýanwarda BMG-niň Bosgunlar edarasynyň özüne Rahaf Mohammed al-Kununa “bäş gün içinde üçünji bir ýurtdan gaçybatalga berler” diýendigini aýtdy. 18 ýaşyndaky Alkunun Bankoga 5-nji ýanwarda Kuweýtden uçan uçarda geldi we öz maşgalasynyň süteminden gutulmak üçin Awstraliýadan gaçybatalga soramaga gitjek bolýandygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *