Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 22.01.2019

Aşgabatda it eýeleri dokument barlagyna sezewar edilýär, itleri elinden alynýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň Parahat-1 we Parahat-2/1 etrapçalarynda kommunal gulluklaryň işgärleri polisiýanyň gatnaşmagynda köçelerde itlerini gezdirýän ýaşaýjylaryň öýünde saklaýan haýwanlaryny elinden alýarlar. Habarçymyzyň sözlerine görä, soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda ýüze çykan şeýle ýagdaýlarda polisiýa it eýelerinden haýwanlara degişli dokumentleri talap edýärler. “Öýsüz itlerden başga-da boýnunda bagy bolanlary hem tutýarlar we olaryň ýanyndaky eýelerinden dokument hem weterinar kitapçalary talap edýärler. Читать дальше...

“Aeroflotyň” uçaryny alyp gaçmakçy bolan ýolagçy tussag edilmedi

Azathabar.com 

“Aeroflot” howaýollary gullugynyň Sibirdäki Surgut şäherinden Moskwa uçuşy amala aşyrmaly uçarynyň ugruny Owganystana üýtgedilmegini talap eden ýolagçy tussag edilmän, ol uçaryň bortunda galmagyna dowam edýär diýip, Russiýanyň Terrorçylyga garşy Komiteti habar berýär. Uçar Hanty-Mansiýsk şäherinde adatdan daşary gonuşy amala aşyrdy. Mundan öň, ýolagçynyň tussag edilendigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Tussag edilen ýolagçynyň milleti boýunça rusdygy, şeýle-de 41 ýaşyndadygy barada habar berlipdi.

Rus sudy Paul Whelanyň azatlyga çykmak arzasyny ret etdi

Azathabar.com 

Russiýanyň sudy ABŞ-nyň içalyçylykda aýyplanýan raýatyny girewine azatlyga goýbermegi ret etdi. Munuň netijesinde, Paul Whelan Moskwanyň türmesinde fewralyň aýagyna çenli oturmaly bolar. 22-nji ýanwarda Moskwanyň şäher sudy aşaky kazyýetiň 48 ýaşly Whelany deslapky tussaghana ýerleşdirmek baradaky kararyny öz güýjünde galdyrdy. Suduň höküminden birnäçe sagat öň, Whelanyň rus aklawçysy öz müşderisiniň dekabryň aýagynda tussag edilen wagty onuň ýanyndan gizlin maglumatlaryň çykandygyny, emma olaryň nädip oňa gowşandygynyň... Читать дальше...

Berdimuhamedow Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktoryny wezipesinden boşatdy

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Amanmedowa Annabibi Taçmamedownany “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen wezipesinden boşatdy. Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Amanmedowanyň goýberendigi aýdylýan “kemçilikleri” barada başga goşmaça maglumat bermedi. Döwlet baştutany beýleki bir karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş... Читать дальше...

Gazagystanda daşky gurşaw gözegçisini öldürmekde aýyplanýanlar tussag edildi

Azathabar.com 

Gazagystanda daşky gurşawa gözegçilik edýän bir işgäriň brankoýerdigi öýdülýän şahsyýetler bilen dörän dawada ýenjilip öldürilendigine çalym edýän hadysa bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp üç adam tussag edildi. Bu barada gazak resmileri maglumat berýärler. Içeri işler ministrligi aýyplanýanlaryň ýurduň günortasyndaky Kyzylorda şäherinde, öz öýlerinde tussag edilendiklerini mälim etdi. Baş prokuratura 15-nji ýanwarda öldürilen Erlan Nurgaliýewiň derňewine baş prokuroryň özüniň gözegçilik edýändigini aýtdy. Читать дальше...

Özbek prezidenti Germaniýa bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýändigini aýtdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurda sermaýa çekmek we tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, Germaniýa bilen gatnaşyklaryny “täze we belent sepgitlere” ýetirmek isleýändigini aýtdy. Mirziýoýew bu barada 21-nji ýanwarda Berlinde german kansleri Angela Merkel we beýleki german resmileri bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi. Angela Merkel hem öz gezeginde “Özbegistany ynamly hyzmatdaş” hökmünde görmek isleýändigini aýtdy. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleri görýäris” diýip... Читать дальше...

Owganystanda “Talyban” 45 owgan esgerini öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň paýtagt Kabulyň günbataryndaky harby baza eden hüjümi netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan 45 gullukçy öldi. “Talyban” 21-nji ýanwarda Maýdan Wardak welaýatynyň paýtagt şäheri Maýdan Şahre hüjüm etdi. Resmileriň beren maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçileriň biri içi partladyjyly ulagy ýaranyndan soň, üç söweşiji bazanyň içine girip, howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyrlar. Ok atyşykda hüjümçileriň üçüsi hem öldürildi. “Talybanyň” metbugat... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *