Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 15.01.2019

Prezidentiň Owadandepä sapary paýtagtyň daşyndaky ýol hereketini çäklendirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň gurulýan infrastruktura obýektine eden sapary paýtagtda we onuň eteginde ýol hereketini birnäçe günlük çäklendirdi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy prezident Berdimuhamedowyň 10-njy ýanwarda Owadandepede gurulýan benzin zawoduna eden saparynyň öňýanynda 8-nji dekabrda polisiýanyň şäherleriň arasynda gatnaýan hususy taksileri Çoganlydan kowup çykarandygyny we paýtagta barýan ýol hereketini üç günläp çäklendirendigini habar berdi. Habarçylarymyzyň sözlerine görä... Читать дальше...

Aşgabatda çilim satuwa çykaryldy, çilimiň üstünde dawa turdy

Azathabar.com 

Aşgabatda bir ýarym aýlyk arakesmeden soň, döwlet dükanlarynda çilim satylyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, çilim söwdasy 14-ýanwarda başlanyp, häzirki wagtda söwda örän çäkli görnüşde we berk gözegçilikde amala aşyrylýar.   "Nobatlar irden 6-7 başlanýar. Çilimiň söwdasy 40 minut bir sagatdan geçmeýär. Satylyşyna 2-3 polisiýa işgäri, harby ýokary jaýlarynyň 3-4 kursanty, şeýle-de etrabynyň söwda edarasynyň bir işgäri we raýat eşigindäki 2-3 sany adam gözegçilik edýär. Читать дальше...

Britan kanunçykaryjylary “Brexit” boýunça ses berýärler

Azathabar.com 

Britan kanunçykaryjylary hökümetiň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak boýunça hödürleýän, “Brexit” diýlip bilinýän taslamasyna ses bererler. Köp syýasy bilermenler munuň başa barmajakdygyny çaklaýarlar. Ses berilişigiň öňýany premýer-ministr Tereza Maý “ýok” diýlip ses berilse, bu ugurdaky tagallalaryň puja çykyp biljekdigini duýdurdy. Şeýle-de, Maý munuň “britan halkynyň beren sesine dönüklik etmek boljakdygyny” duýdurdy. Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden resmi ýagdaýda... Читать дальше...

“Talyban” Kabuldaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy

Azathabar.com 

“Talyban” Kabulda içi partladyjyly ulag bilen amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Daşary ýurtlylaryň binasynyň golaýynda amala aşyrylan partlamada azyndan dört adam öldi, başga-da 113-si ýaralandy. Bu barada ýurduň Saglyk ministrligi maglumat berýär. Jeňçi toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid dört söweşijiniň özlerini içi partladyjyly ýük ulaglarynda ýarandyklaryny we “köp sanly” daşary ýurtlylary öldürendiklerini aýtdy. Içeri işler ministrligi hüjümde üç harby we bir raýat işgäriniň ölendigini... Читать дальше...

Polşada müňlerçe adam Gdanskyň öldürilen häkiminiň hatyrasyny tutýar

Azathabar.com 

Polşa boýunça müňlerçe adam Gdansk şäheriniň merhum häkiminiň hatyrasyny tutup, ýöriş geçirdiler. Pawel Adamowiçze haýyr-sahawat çäresinde hüjüm edilip, onuň ýüregine pyçak bilen uruldy. Bu hadysanyň ertesi güni, ýagny 14-nji ýanwarda ol keselhanada ýogaldy. Adamowiçziň 20 ýyl töweregi ýolbaşçylyk eden Gdansk şäherinde müňlerçe adam ýöriş geçirdi. Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk öz dostunyň we ozalky syýasy egindeşiniň hatyrasyny tutmak çäresine gatnaşmak üçin, onuň dogduk şäherine geldi. Читать дальше...

Tramp “hiç haçan Russiýa üçin işlemändigini” aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “hiç haçan Russiýa üçin işlemändigini” aýdyp, özüniň rus prezidenti Wladimir Putin bilen ilteşiklerini sorag astyna alýan hasabatlary “uly ýagly ýalan” diýip atlandyrdy. Trampyň Ak Tamdaky eden belliklerinden öň, has dogrusy geçen dynç günleri “The Washington Post” neşiri Trampyň Putin bilen geçiren gepleşikleriniň mazmuny boýunça doly, jikme-jik maglumatlary bermändigini aýdyp, makala çap edipdi. “The New York Times” neşirinde çap bolan beýleki bir hasabatda bellenmegine görä... Читать дальше...

Eýran satellit uçuşynyň şowsuz geçendigini aýdýar

Azathabar.com 

Eýran kosmosa öz satellitini ugratmakçy bolanda älem gämisiniň orbita ýetmän, şowsuzlyga uçrandygyny mälim etdi. Bu ABŞ-nyň Tähranyň raketa synaglarynyň BMG-niň rezolýusiýalaryna çapraz gelýändigini aýdyp, bu baradaky degişli duýduryşlaryna gabat geldi. Eýranyň telekommunikasiýalar ministri Mohammad Jawad Azari Jahrominiň döwlet telewideniýesine beren maglumatyna görä, Paýam satellitini daşaýan raketa uçuşyň üçünji tapgyrynda “gerekli tizligi” alyp bilmändir. Ol şowsuzlyga anyk nämäniň sebäp bolandygyny aýtmasa-da... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *