Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 24.01.2019

Türkmen raýatyna Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar

Azathabar.com 

1986-njy ýylda Mary welaýatynda doglan Rüstem Ýusupow 23-nji ýanwarda Stambulyň Immigrasiýa edarasynda tussag edildi. Türkmenistandan janyna howp abanýandygy sebäpli gaýdan, soňra Türkiýeden Azatlyk Radiosyna maglumatlary beren türkmen raýatyna häzir Stambuldan Aşgabada deportasiýa edilmek howpy abanýar.

Aşgabatda çilim we ýumurtga bilen bilelikde suw satyn almaly

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda çilimiň we azyk önümleriniň gapdalyndan başga harytlar goşulyp satylýar.  Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çilim satyn almak isleýän alyjylar bir çüýşe suwy goşmaça satyn almaga mejbur edilýär. Gyt harytlaryň ýany bilen köplenç geçmeýän harytlaryň goşulyp satylmagy bazarlarda hem amala aşyrylýar. "Birnäçe gün mundan ozal ýumurtga satdylar, 30 ýumurtgaly bir gapdan. Bir ýumurtganyň bahasy 33 teňňe, onuň gapdalyndan goşmaça 2 manatlyk bir çüýşe suw satyn almalydy... Читать дальше...

Türkmen talyby huligançylyk üçin Belarusdan çykarylýar

Azathabar.com 

Belarusda 19 ýaşly türkmen talyby, kiçi huligançylyk sebäpli, ýurtdan çykarylýar. Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk talyp Täze ýyl gijesi Belarusyň döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda pitardany ýarany üçin, administratiw jogapkärçiligine çekildi. Oňa munuň üçin pul jerimesi hem salyndy. 22-nji ýanwarda uniwersitetiň 5-nji umumy ýaşaýyş jaýynda geçen diňlenişikde türkmenistanly talyby ýurtdan çykarmak barada karar edildi. Oňa munuň üçin 30 gün berildi, şeýle-de Belarusa üç ýylyň dowamynda girmek gadagan edildi. Читать дальше...

Russiýa Sudanda “şahsy howpsuzlyk kompaniýalarynyň” hereket edýändigini tassyklady

Azathabar.com 

Russiýanyň Daşary işler ministrligi şahsy rus kompaniýalarynyň Sudanyň armiýasyna tälimçilik berýändigini tassyklady. Sudanda häzir oppozisiýa güýçleriniň köpçülikleýin protestleri geçýär. Ministrligiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa “Biziň maglumatymyza görä, Russiýanyň döwlet edaralary bilen hiç hili ilteşigi bolmadyk, rus şahsy howpsuzlyk kompaniýalarynyň wekilleri Sudanda hereket edýärler” diýip, 23-nji ýanwarda çykyş etdi. Mundan öň, britan neşirlerinde rus hakynatutmalarynyň Sudan resmilerine... Читать дальше...

Kim Trampyň hatyna “hoşallygyny” bildirdi

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan gelen hatdan soň, özüniň “uly hoşallygyny” bildirdi diýip, Phenýanyň döwlet mediasy habar berdi. KCNA habar agentligi Kimiň “iki ýurduň liderleriniň planlaşdyrylan ikinji sammitine “ykjam tehniki taýýarlyklary” görýändigini hem belläp geçdi. “Kim Jong Un ‘biz prezident Trampyň paýhasyna ynanýarys, sabyrlylyk we gowy niýet bilen garaşyp, ABŞ bilen bilelikde Demirgazyk Koreýanyň we Birleşen Ştatlaryň kesgitlän sepgitlerine... Читать дальше...

Tramp Wenesuelanyň oppozisiýa liderini goldady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaidony prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde ykrar edýändigini aýtdy. Oppozisiýanyň ýolbaşçylygyndaky Milli Assambleýnyň prezidenti Guaido 23-nji ýanwarda Karakasda özüni prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji diýip yglan etdi. Şol bir wagtda, ýurt boýunça onlarça müň adam sosialist prezident Nikolas Maduro garşy ýöriş geçirdi. Kanada, Braziliýa, Argentina we Kolumbiýa hem Guaido öz goldawyny bildirdiler. Ýewropa... Читать дальше...

Kreml: Putin Gyrgyzystana sapar eder

Azathabar.com 

Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň Gyrgyzystana sapar etjekdigini tassyklady, emma munuň bilen baglylykda anyk senäni mälim etmedi. “[Prezidentiň] gün tertibinde Gyrgyzystana sapar etmek göz öňünde tutulýar” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow çykyş etdi. Ol saparyň diplomatiki ýollar arkaly koordinirlenýändigini hem sözüne goşdy. Peskowyň bu maglumaty gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň daşary gatnaşyklar boýunça maslahatçylarynyň biriniň eden belliklerine gabat geldi. Daniýar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *