Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 29.01.2019

NATO, ABŞ resmileri owgan parahatçylyk gepleşiklerine oňaýly baha berdiler

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Amerika bilen “Talybanyň” wekilleriniň parahatçylyk ylalaşygynyň “esasy ugurlary” üçin bir taslama barada razylaşandyklaryny bildireninden soňra NATO-nyň baş sekretary bilen Pentagonyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy owgan “Talybany” bilen geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde gazynylan öňe gidişligiň özlerini ruhlandyrandygyny aýtdylar. Alnyp barylýan gepleşiklerden maksat - Owganystanda 17 ýyl bäri barýan urşuň soňuna çykyp, ýurtda asudalygy ornatmak. NATO-nyň baş... Читать дальше...

Türkmenistan regionda korrupsiýa boýunça öňe çykdy

Azathabar.com 

Korrupsiýa boýunça derňew geçirýän "Transparency International" atly halkara guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynyň döwlet pudagynda korrupsiýanyň derejesini gowşatmakda üstünlik gazanyp bilmändigini we munuň tutuş regionda demokratiýa wehim salýandygyny aýdýar.  "Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda her bir ýurduň 100 baldan 45 ýa-da ondan hem az bal almagy sebäpli, korrupsiýa garşy göreş uly bir netije bermedi" diýlip, hasabatda aýdylýar.  Guramanyň 29 ýanwarda çap eden hasabatynda... Читать дальше...

Russiýa Madurony goldamak üçin “ähli zady” etjekdigini söz berýär

Azathabar.com 

Rus resmileri Wenesuelanyň häkimiýet başynda galmakçy bolýan prezidenti Nikolas Madurony goldajakdyklaryny söz berdiler, şeýle-de ABŞ-nyň Wenesuelanyň döwlet eýeçiligindäki PDVSA kompaniýasyna garşy sanksiýalary girizmegini tankytladylar. Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň oppozisiýa lideri Juan Guaidony Wenesuelanyň geçiji prezidenti diýip ykrar etmegi bilen, “režimiň bikanun ýagdaýda çalşyrylmagy üçin esas döredendigini” öňe sürüp, Waşingtony tankytlady. Lawrow Maduronyň hökümetini... Читать дальше...

TI: Türkmenistandaky parahorlugyň derejesi sebit boýunça iň ýokary

Azathabar.com 

“Transparency International” guramasy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerinde jemgyýetçilik pudagyndaky parahorlugyň gerimini kemeltmek ugrunda öňegidişligiň gazanylmandygyny aýdyp, munuň netijesinde regiondaky demokratiýa howp abanýandygyny hem duýdurdy. Düýbi Berlinde ýerleşýän guramanyň ýyllyk çap edýän hasabatynda Türkmenistana Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň arasynda iň pes baha berildi. Ol syn berlen 180 ýurduň arasynda 161-nji orunda ýerleşdirilip, oňa 20 bal berildi. Читать дальше...

Kosowanyň premýer-ministri Serbiýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin konferensiýany teklip edýär

Azathabar.com 

Kosowanyň premýer-ministri Serbiýa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky soňky ylalaşygyň üstünde işlemek maksady bilen halkara konferensiýany geçirmegi teklip etdi. Ramuş Haradinaj Facebook sahypasynda çap edilen hatda degişli teklibiň ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Britaniýa ýollanandygyny mälim etdi. Haradinaj hatynda ylalaşygyň netijesinde Kosowanyň serb önümlerine garşy girizen tariffleriniň dessine aradan aýryljakdygyny aýtdy. Emma, ol dokumentde serhet araçäkleriniň üýtgedilmegi... Читать дальше...

NATO-nyň ýolbaşçysy, Pentagonyň başlygy owgan parahatçylyk gepleşiklerine oňaýly baha berdiler

Azathabar.com 

NATO-nyň ýolbaşçysy we Pentoganyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi owgan “Talybany” bilen alnyp barylýan gepleşiklerde öňegidişlikleriň gazanylmagyny oňaýly garşyladylar. NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň we goranmak sekretaryň wezipesini ýerine ýetirijisi Patrik Şanahanyň beýanatlaryndan öň, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili hem “Talyban” bilen Dohadaky geçirilen gepleşikleriň netijelerine gowy baha berip çykyş etdi. “Dohadaky duşuşyk ozalkylar bilen deňeşdireniňde has gowy geçdi. Читать дальше...

Özbegistan bank galplyklarynda aýyplanýany Gazagystana ekstradisiýa etdi

Azathabar.com 

Özbegistan maliýe galplyklarynda aýyplanýan şahsyýeti goňşy Gazagystana ekstradisiýa etdi. Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň beren maglumatyna görä, Artur Trofimow 2005-2009-njy ýyllar aralygynda gazak BTA bankyndan uly mukdarda pullary ogurlamakda we beýleki maliýe gaplyklarynda aýyplanýar. Raýatlygy aýdyňlaşdyrylmadyk Trofimow guramaçylykly jenaýat toparyny döretmekde we oňa ýolbaşçylyk etmekde hem aýyplanýar. BTA bankynyň ýolbaşçysy gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýiti tankytçylarynyň biri Muhtar Ablýazow bolupdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *