Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Новости за 21.01.2019

Aşgabadyň ýaşaýjylary ýene-de pişikleriň köpçülikleýin awlanmagyna şaýat boldular

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary Aşgabadyň häkimiýetleriniň it-pişikleri awlamak boýunça işlerini gaýtadan güýçlendirendigini 21-nji ýanwarda habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, bu işi ýerine ýetirýänler häzirki wagtda diňe bir idegsiz ýören it-pişikleri köçelerden ýygnamak bilen çäklenmän öýlerde ýaşaýan haýwanlary hem tutmaga ýol gözleýärler we alyp gidýärler.  Köp haýwanlar tutulan wagtynda, köpçüligiň gözüniň öňünde heläk edilýär diýip, rehimsiz ýagdaýlara şaýat bolan habarçylarymyz aýdýarlar. Читать дальше...

Afinada protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Gresiýada Makedoniýanyň adyny üýtgetmek boýunça ylalaşyga garşy çykyş edýän onlarça müň demonstrantyň gatnaşmagyndaky geçirilen ýörişiň dowamynda, Afinada parlament binasynyň öňünde protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy. Demonsrantlaryň onlarçsysy polisiýa garşy daş böleklerini zyňdylar we feýwerkleri atdylar. Polisiýa göz ýaşardyjy gazy bilen jogap berdi. Iýun aýynda grek premýer-ministri Aleksis Tsiprasyň we makedon premýer-ministri Zoran Zaýewiň hökümetleri ozalky Ýugoslawiýa döwletiniň adyny... Читать дальше...

Ysraýyl Eýranyň Siriýadaky nyşanalaryna zarba urandygyny tassyklady

Azathabar.com 

Ysraýylyň harbylary Eýranyň Siriýadaky harby nyşanalaryna garşy hüjüm edendiklerini tassykladylar. Mundan öň, ysraýyl güýçleri Damaskyň Halkara aeroportyna garşy howa hüjümlerini amala aşyrypdylar. “Biz Siriýanyň territoriýasyndaky Eýranyň Kuds nyşanalaryny urup başladyk. Biz Siriýanyň harbylaryna Ysraýylyň güýçlerine ýa-da territoriýasyna zeper ýetirmekden çetde durmagy duýdurýarys” diýip, Ysraýylyň harbylarynyň beýanatynda aýdylýar.   Beýanatda howa hüjümi bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmeýär. Читать дальше...

Russiýada dawaly filmiň režisýorynyň polisiýa soraga çagyrylandygy aýdylýar

Azathabar.com 

Russiýada Ikinji jahan urşy döwri Leningradyň gabawy baradaky düşürilen dawaly filmiň režisýorynyň Moskwanyň polisiýasyna soraga çagyrylandygy aýdylýar. Kino-režisýor Alekseý Krasowskiý Moskwanyň polisiýasynyň ykdysady howpsuzlyk we korrupsiýa garşy göreş edarasyna çagyryldy diýip, “Interfax” habarlar gullugy özüniň polisiýadaky çeşmesine salgylanyp habar berýär. Mundan öň, Krasowskiýiň “Prazdnik”, ýagny “Baýramçylyk” atly filmi YouTube saýtyndan gysga wagtlyk aýrylypdy. Birnäçe sagatdan soň, film gaýtadan peýda boldy. Читать дальше...

Eýrandaky halas ediş missiýasynyň guramaçysy aradan çykdy

Azathabar.com 

1980-nji ýylda Eýrandan ABŞ-ly zamunlaryň çykarylmagyny gurnan Merkezi Aňtaw Agentliginiň ozalky işgäri Tony Mendez Parkinson keseli sebäpli, şenbe güni 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Mendeziň maşgalasy 20-nji ýanwarda habar berdi. 1979-njy ýylda eýranly rewolýusionerler ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasyny basyp alanlarynda, diplomatlaryň belli bir bölegi arka gapydan çykyp, Kanadanyň Tährandaky ilçihanasynda gizlenmegi başarypdylar. Mendeziň işläp düzen planyna laýyklykda, Eýrana “Argo” atly... Читать дальше...

“Talyban” Owganystanyň gündogarynda adam pidaly hüjümleri amala aşyrdy

Azathabar.com 

Owganystanyň Maýdan Wardak welaýatynda “Talyban” jeňçileri bir harby berkitmä hüjüm etdiler. “Talybanyň” metbugat wekili polisiýanyň türgenleşik merkezi bolup hem hyzmat edýän berktimä edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine aldy. Wardak welaýatynyň ýerli resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümde 20 töweregi adam heläk bolupdyr. 21-nji ýanwar güni ir sagat 07:00-da janyndan geçenleriň biri berkitmäniň girelgesiniň öňünde özüni partlatdy. Munundan soň, sany belli bolmadyk söweşijileriň topary hüjüme başlady. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *