Russiýada dawaly filmiň režisýorynyň polisiýa soraga çagyrylandygy aýdylýar
Russiýada Ikinji jahan urşy döwri Leningradyň gabawy baradaky düşürilen dawaly filmiň režisýorynyň Moskwanyň polisiýasyna soraga çagyrylandygy aýdylýar.
Kino-režisýor Alekseý Krasowskiý Moskwanyň polisiýasynyň ykdysady howpsuzlyk we korrupsiýa garşy göreş edarasyna çagyryldy diýip, “Interfax” habarlar gullugy özüniň polisiýadaky çeşmesine salgylanyp habar berýär.
Mundan öň, Krasowskiýiň “Prazdnik”, ýagny “Baýramçylyk” atly filmi YouTube saýtyndan gysga wagtlyk aýrylypdy. Birnäçe sagatdan soň, film gaýtadan peýda boldy.
Krasowskiý özüniň Facebook hasabynda filmiň YouTube-dan hiç hili düşündirişsiz aýrylandygyny aýdyp, ýazgy galdyrdy.
Krasowskiý filmiň ýaýradylmagy üçin ýörite rugsatnamany almak boýunça Russiýanyň Medeniýet ministrligine ýüz tutmakdan ýüz öwrüp, 3-nji ýanwarda filmi dolulygyna YouTube-da ýerleşdiripdi.
Rus resmileri we döwlet mediasy filmi gabawyň pidalarynyň hatyrasyna hormatsyzlykda aýyplap, ony ýiti tankytladylar. Döwlet telewideniýesiniň alypbaryjysy Dmitriý Kiselýow bolsa, filmi nasistik propogandasyna deňedi. Sankt-Peterburgyň sülçileri film bilen baglylykda derňew işini açdylar.