Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 07.09.2019

Hepdäniň jemi #36 (07.09.2019 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanyň çuňlaşýandygy aýdylýan oba hojalyk krizisi, azyk kynçylyklary we çözgüt; türkmen-owgan söwda gatnaşyklarynyň elden giderilýän mümkinçilikleri baradaky söhbetlerimizi diňlemäge çagyrýarys.

Azat edilen ukrain tussaglaryny aeroportda prezident garşy aldy

Azathabar.com 

Rus türmelerinden boşadylan ukrain tussaglaryny Kiýewiň Borispil aeroportunda prezident Wladimir Zelenskiý we ýüzi gülýän mähelle garşy aldy. 35 tussag, şol sanda Oleh Sentsow 7-nji sentýabrda, Orsýet bilen Ukrainanyň tussag alyşmasynyň çäginde boşadyldy.

Türkmen mediasy enjamlaryny döwrebaplaşdyryp, tomaşaçylaryny yzyna almagy planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrjagyny aýdýar. Wise-premýär Bahargül Abdyýewanyň 6-njy sentýabrdaky hökümet maslahatynda habar bermegine görä,Milli telewideniýäniň işini kämilleşdirmek boýunça pudagara topar döredildi; 2019-2025-nji ýyllarda döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmagyň plan-taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle-de ol bu iş üçin “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň... Читать дальше...

Dünýä türkmenleriniň nobatdaky ýygnanyşygy 23-nji sentýabrda geçiriler

Azathabar.com 

Wise-premýer Pürli Agamyradowyň 6-njy sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde habar bermegine görä, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahaty ýurt garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 23-nji sentýabrda geçiriler. TDH bu foruma dünýäniň dürli döwletlerinden çagyrylan wekilleriň, şol sanda Türkmenistanda işleýän we ýaşaýan daşary ýurtly türkmenleriň gatnaşjakdygyny habar berýär. Maslahatda, adatça bolşy ýaly,ynsanperwer birleşigiň ýylyň dowamyndaky işiniň netijeleri barada hasabat diňleniler... Читать дальше...

Eýran ýadro ylalaşygyny bozýana meňzeýän çärelere ýüz urýar

Azathabar.com 

Eýranyň ýadro agentliginiň sözçüsi öz ýurdunyň kämilleşdirilen sentrifugalary uran gazy bilen doldurmaga başlandygyny aýtdy, bu çäre Tähranyň dünýä döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşan ylalaşygynyň düzgünlerini bozýar. Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň sözçüsi Behruz Kamalwandi 7-nji sentýabrda, Tähran özüniň bu şertnama astyndaky borçnamalaryny has azaltjakdygyny yşarat edeninden iki gün soň, bu işiň başlanandygyny yglan etdi. Birleşen Ştatlar Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan geçen ýyl çykdy... Читать дальше...

Rus-ukrain tussag alşygy başlandy, awtobuslar Moskwa aeroportuna bardy

Azathabar.com 

Orsýetiň döwlet telewideniýesi Moskwanyň Lefertowa türmesinden ugran awtobuslaryň wideoýazgysyny görkezdi, dürli çeşmeleriň beren maglumatlaryna görä, olar Ukraina bilen çalşylmaly tussaglary alyp barýarlar. ”Interfaks” habar gullugy awtobuslaryň Wnukowa aeroportuna gelendiklerini, bu ýerde ukrain hökümetiniň belgisi bolan uçaryň hem gonandygyny habar berdi.  Geçen ýyl Kerz bogazynyň golaýynda tussag edilen 24 ukrain deňizçisiniň gorag toparynyň başlygy, aklawçy Nikolaý Polozow feýsbukda “Indi... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *