Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 27.09.2019

Türkmenistan Garaşsyzlyk baýramyny ikinji gezek 27-nji sentýabrda belleýär

Azathabar.com 

Türkmenistan şu gün ýurt garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyny belleýär. Aşgabatda bu baýram mynasybetli harby parad geçirildi, esgerler parad wagtynda “...Eger-de men Türkmenistan Watanyma,Türkmenistanyň Prezidenti dönüklik etsem, Goý, meniň ömrüm kül bolsun!” diýip, kasam etdiler.

Türkmen prezidenti baýramçylygyň öňünden täze bellenen britan ilçisini kabul etdi

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda Britaniýanyň Türkmenistandaky iliçisi wezipesine täzelikde bellenen Hýu Stenli Filpotty kabul etdi. TDH-nyň maglumatyna görä, ilçi şa aýal Ýelizaweta II we premýer-minsitr Boris Jonsonyň salamyny getirdi we döwlet baştutanyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady.  Şeýle-de neşir, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda gelejegi bar ugurlar hökmünde söwda-ykdysady, energiýa, aragatnaşyk we kommunikasiýa, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynyň agzalandygyny habar berýär.

Özbek sudy tanymal alymyň 'dönüklik' hökümini ýatyrdy

Azathabar.com 

Özbek sudy tanymal alym, gündogary öwreniji Andreý Kubatine garşy çykarylan dönüklik hökümini ýatyrmak kararyna geldi. Daşkendiň regional sudunyň 26-njy sentýabrdaky karary esasynda Kubatin türmeden boşadyldy. Tanymal türkolog we taryhçy, onlarça dil boýunça ekspert, Merkezi Aziýa taryhy, gadymy uýgur golýazmalary boýunça bilermen bolan Kubatin 2017-nji ýylda, Özbegistana sapar etmegi planlaşdyrýan syýahatçylar üçin syýahat gollanmasyny çap etjek türk kompaniýasyna taryhy ýazgylaryň göçürmesini... Читать дальше...

Belarusda tussag edilen täjik aktiwistine ekstradisiýa edilmek garaşýar

Azathabar.com 

Täjigistanyň talaby esasynda Belarusda saklanan täjik aktiwisti Duşenbä iberilip bilner diýip, Belrusyň adam hukuklaryny goraýan “Human Constanta” topary Azatlyk radiosyna aýtdy. Toparyň wekili Nasta Loýkanyň 26-njy sentýabrda aýtmagyna görä, häkimiýetler rus we täjik raýatlygy bolan Farhod Odinaýewi belarus-polýak serhet geçelgesiniň gapdalynda bir gün öň tussag etdiler. Loýkanyň maglumatyna görä, täjik häkimiýetleri Odinaýewi hamala gadagan edilen topara agza bolandygy üçin gözleýärler. 42... Читать дальше...

Türkmrenistanyň prezidenti türk işewürlerini kabul etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Erman Ylyjagy we “Çalik Holding” kompaniýalar toparynyň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi diýip, TDH habar berýär. Duşuşyk wagtynda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň başlygy özlerine ynanylan desgalarda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi, bu ugurda täze tekliplerini hödürledi. Türk işewüri Ahmet Çalyk hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi hakynda maglumat berdi. Читать дальше...

Fransuz hökümeti “sary ýeňsizliler” gaharyndan soň uly salgyt kemeltmäni planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Fransuz hökümeti özüniň 2020-nji ýyldaky býujetinde uly salgyt kemeltmesini teklip etdi. Bu çäre şu ýyl şäherleriň köçelerinde “sary çeňsizliler” tarapyndan bildirilen jemgyýetçilik gahar-gazabyny gowşatmak umydy bilen görülýär. Fransiýanyň maliýe ministri Bruno Le Maire 26-njy sentýabrda protestler netijesinde dörän “sosial krizis”, şeýle-de global ykdysady ösüşiň haýallamagy “bizi inwestisiýany we sarp edijiligi höweslendirjek kararlary kabul etmäge iterdi” diýdi.  Býujetiň taslamasy resmi ýagdaýda hökümete 27-nji sentýabrda hödürlenýär. Читать дальше...

Saud Arabystany ilkinji gezek syýahatçy wizasyny teklip edýär

Azathabar.com 

Saud Arabystany ilkinji gezek 49 ýurda syýahatçy wizasyny teklip edýär. Bu täzelik ýurduň dynç alyjylary çekmek weöz ykdysadyýetini nebit girdejisinden başga serişdeleriň hasabyna hemdiwersifikasiýa etmek planlarynyň çäginde girizilene meňzeýär.  Patyşalyk 27-nji sentýabrda daşary ýurt kompaniýalaryna ýurduň syýahatçylyk pudagyna maýa ýatyrmak haýyşy bilen hem ýüzlenjekdigini, munuň jemi içerki önümiň ösüşine 2030-njy ýyla çenli 10 prosent goşant goşmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy. “Roýters”... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *