Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 30.09.2019

Rus aktýory Ustinowa çykarylan höküm üýtgedildi

Azathabar.com 

Moskwanyň Şäher Sudy aktýor Pawel Ustinowyň 3,5 ýyl türme tussaglyk möhletini bir ýyl şertli tussaglyga üýtgetdi. Bu şu ýylyň tomsunda demokratik protestleriň dowamynda tussag edilenlere çykarylan hökümlere garşy dörän tankytlaryň fonunda bolup geçdi. 30-njy sentýabrda sud Ustinowyň iki ýyl synag möhletinde boljakdygy barada hem höküm çykardy. Ustinow we onuň aklawçysy, awgust aýynda geçirilen ýörişiň dowamynda hukuk goraýjy ofiserine hüjüm edendigi aýdylyp çykarylan hökümiň adalatsyz bolandygyny aýdyp, doly aklanmagyny soradylar. Читать дальше...

Tramp özüniň “aýyplaýjysy” bilen duşuşmak isleýändigini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň syýasy garşydaşyny derňemek boýunça Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä  basyş edendigi barada şikaýat eden habar berijä gyjalat atyp, özüniň “aýyplaýjysy” bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. 29-njy sentýabrda Tramp sosial ulgamlarynda habar berijini “meniň aýyplaýjym” atlandyryp, onuň bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol habar berijä “bikanun ýagdaýda bu maglumatlary beren şahsyýet” diýip atlandyran adam bilen hem duşuşmak isleýändigini aýtdy. Читать дальше...

Floridada adam öldürmekde aýyplanýan ABŞ-nyň esgeri ukrain türmesinden boşadyldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Florida ştatynda iki adamy öldürendigi üçin gözlenilýän Birleşen Ştatlaryň ozalky esgeri ukrain türmesinden boşadylyp, öý tussaglygyna ýerleşdirildi. Häzirlikçe ABŞ-nyň onuň ekstradisiýa edilmegi boýunça tagalla edip-etmejekdigi nämälim. Kraig Lang Ukrainanyň sagçy ýarym-harby toparynyň hatarynda söweşipdi, şeýle-de ol 2018-nji ýylda Floridada adam öldürmekde ilteşigi bolan ABŞ-nyň ozalky iki harby weteranynyň biridir. Langyň aklawçysy öz müşderisiniň 28-nji sentýabrda tussaglykdan... Читать дальше...

Owgan ýaşlary barha köp tattua ýykgyn edýär

Azathabar.com 

Ruhanylaryň käbiri Gurhanyň tattulary gadagan edýändigini aýdýar, emma bu Kabuldaky ýaş ýigitleriň köpüsiniň öz bedenini syýa bilen bezemegini togtadyp bilmedi. Tattu hudožnikleriniň biri bu däbiň Owganystanda gadymdan gelýändigini aýdýar. (Azat Owganystan radiosy)

Kalmyklar Ukrainadaky separatistleriň ozalky lideriniň häkimiň wezipesini ýetiriji hökmünde bellenmegine protest geçirdiler

Azathabar.com 

Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kolmykiýa regionynyň paýtagty Elistada ýüzlerçe adam şäheriň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Ukrainanyň gündogaryndaky Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideriniň bellenmegine garşy ýöriş geçirdiler. 29-njy sentýabrda şäher geňeşiniň başlygy Nikolaý Orzaýew protestçileriň öňüne çykyp, Dmitriý Trapeznikowyň bu wezipä bellenmegini goldajak boldy. Emma, protestçileriň gaharly çykyşlaryndan soň, ol sebiti terk etmäge mejbur boldy. ... Читать дальше...

Saud şazadasy Eýran dartgynlylyklarynyň öňi alynmasa, nebit bahalarynyň ýokarlanjakdygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Mohammad bin Salman eger-de halkara jemgyýetçiligi Eýrana babatynda “berk we ygtybarly” durmasa, onda dartgynlylyklaryň has hem ýitileşjekdigini, şeýle-de dünýä nebit nyrhlarynyň “göz öňüne getirip bolmajak derejede” ýokarlanjakdygyny aýtdy. “Eger-de dünýä Eýrany saklamak üçin berk we ygtybarly çäre görmese, dartgynlylyklar has hem ýitileşip, bu dünýäniň bähbitlerine garşy bolar” diýip, täç geýdirilen şazada ABŞ-nyň “60 minut” atly gepleşigine beren interwýusynyň dowamynda aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *