Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 22.09.2019

Müsürliler protest çykyp, Sisiniň işden çekilmegini talap etdiler

Azathabar.com 

Müsüriň şäherleriniň birnäçesinde hökümete garşy seýrek duşýan protest bildirildi, demonstrasiýaçylar prezident Abdel Fattah al-Sisiniň işden çekilmegini talap etdiler.  Müsüriň Ykdysady we sosial hukuklar merkezi 21-nji sentýabrda onlarça adamyň, şol sanda iki žurnalistiň tussag edilendigini, emma pidalar barada maglumat berilmändigini aýtdy.  Köçelerdäki çaklaňja protestleriň köpüsi pitnä garşy polisiýanyň dürreleri we göz ýaşardyjy gaz ulanmagy netijesinde derrew dargadyldy. Sisi häkimiýet... Читать дальше...

Saudlylar, eger hüjümler Eýran topragyndan edilen bolsa, bu ‘uruş hereketi bolar’ diýýär

Azathabar.com 

Saud Arabystany özüniň nebit desgalaryna edilen düýpli hüjümden bir hepde soňam parahatçylykly çözgüde ymtylýandygyny, ýöne alnyp barylýan derňew 14-nji sentýabrdaky “raketa we dron” hüjümleriniň Eýranyň territoriýasyndan atylandygyny kesgitlese, patyşalygyň muňa “uruş hereketi hökmünde” seretjekdigini aýdýar.   Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir 22-nji sentýabrda, “Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, CNN bilen bolan söhbetdeşliginde “Biziň Eýrany jogapkär hasaplaýanymyzyň... Читать дальше...

Astrahan mekdebinde türkmen dili öwredilýär

Azathabar.com 

Orsýetiň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda ýerleşýän orta mekdepde türkmen dilinden sapak berlip başlandy. TDH bu obada Türkmenistanyň kömegi bilen gurlan we Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdebiň okuwçylarynyň türkmen dilini öwrenip başlandygyny, olary türkmen dili mugallymy Resul Şajyýewiň okadýandygyny habar berdi.  Neşiriň maglumatyna görä, R.Şajyýew türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Funtowo obasyna sentýabr aýynyň başynda, rus tarapynyň çakylygy bilen geldi.  Bu oba ilaty üçin şanly waka boldy... Читать дальше...

Eýranyň prezidenti BMG-ä howpsuzlyk planyny hödürlemegi wada berýär

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Pars aýlagyndaky daşary ýurt güýçlerinden abanýan “howpa” salgylanyp, öz ýurdunyň BMG-ä regional parahatçylyk we howpsuzlyk planyny hödürlejekdigini aýtdy.  Ol eýran telewideniýesinde Eýranyň 1980-88 nji ýyllarda goňşy Yrak bilen bolan weýrançylykly urşunyň bir hepdelik ýatlama çäreleriniň başlanmagy mynasybetli gürrüň etdi. Bu çäreler wagtynda harby paradlary we beýleki resmi çäreleri gurap, Eýranyň harby kuwwatyny görkezmek planlaşdyryldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda... Читать дальше...

Türkmen pälwanlary Nur-Soltanda ýeňildi, döwlet eýeçiligindäkimedia dymýar 

Azathabar.com 

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda 14-22-nji sentýabr aralygynda sport göreşi boýunça dünýä çempionaty geçirilýär, emma Türkmenistan eýýäm öz ýaryşlaryny tamamlady diýip, “Gündogar” neşiri 21-nji sentýabrda habar berdi. Nur-Soltanda göreş boýunça 2019-njy ýylda geçirilen Dünýä çempionatyna Türkmenistandan Myrat Hojanepesow, Kerim Hojakow, Batyr Borjakow, Döwletmyrat Orazgylyjow (erkin göreş boýunça), Seýdulla Tazaýew, Şermet Permanow, Şihazberdi Owelekow (grek-rim göreşi boýunça) dagy gatnaşdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *