Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 11.09.2019

Aşgabatda ýumurtgany duýdansyz, Maryda uny goşundyly we pagta ýagyny nobatly satýarlar

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda towuk ýumurtgasy satylyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary ýumurtganyň satuwda peýda bolup başlandygyny 11-nji sentýabrda habar berdiler. Emma olaryň sözlerine görä, dükanlar nobatlaryň döremezligi üçin gyt harydy birden, öňünden duýdurmazdan satyp başlaýarlar. "Adamlaryň dessine nobata durýandygy we ýumurtgany 20 minuda ýetirmän gysga wagtda satyn alyp gutarýandygy sebäpli, [häkimiýetler] ýumurtgany duýdansyz satuwa çykarmagy oýlap tapdyrlar. Käwagt irden, käwagt agşam. Читать дальше...

Žurnalistleri goramak baradaky komitet täjik häkimiýetlerini garaşsyz “Asia-Plusyň” elýeterliligini üpjün etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet täjik häkimiýetlerini garaşsyz “Asia-Plus” habar agentliginiň “görnetin nyşana alnan” websaýtynyň baglanmagyny derňemäge we onuň elýeterliligini üpjün etmäge çagyrdy.  Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat azatlygy guramasy bu çagyryşy 10-njy sentýabrda, Duşenbede ýerleşýän media topary “Asia-Plus” özüniň esasy websdaýtlarynyň we iş e-mailleriniň 19-njy awgustdaişlemegini bes edendigini habar berenden soňra etdi.  Tehniki ekspertleriň AÝ/AR-a aýtmaklaryna görä... Читать дальше...

Gazak prezidenti Tokaýew ýurdunda barýan anti-hytaý protestleriniň arasynda Pekine sapar edýär

Azathabar.com 

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurdunda barýan anti-hytaý protestler arasynda Pekine iki günlük sapara geldi. Gazagystanyň prezidentiniň websaýty Tokaýewiň, 11-nji sentýabrdaky gün tertibine laýyklykda, Hytaýyň Merkezi daşary işler komissisýasy edarasynyň direktory Ýaň Jiýeçi (Yang Jiechi) bilen duşandygyny aýtdy. Gazagystanyň durnuksyz Žanaozen şäheriniň aktiwistleri soňky günlerde Hytaýyň öz ýurtlarynda ýatyrýan sermaýalaryna garşy ýygnanyşyk geçirdiler. Olaryň protesti gazak paýtagty Nur-Soltandaky... Читать дальше...

Polşa, Ukraina ÝB sudunyň "Gazrpmyň" Demirgazyk akyma elýeterliligini kemeltmegini gutlaýar

Azathabar.com 

“Gazprom” 10-njy sentýabrda Germaniýa bilen özüniň “Demirgazyk akym” geçirijisini baglaýan Opal geçirijisi arkaly gaz ibermeginiň azaldylmagy barada 10-njy sentýabrda çykarylan sud kararynyň kanuny we söwda netijelerini analiz edýändigini aýtdy. Bu barada “Roýters” habar berýär. Bu beýanatda ÝB-niň Lýuksemburgdaky ýokary sudunyň ýarysy “Gazpromyň” eýeçiliginde bolan Opaldan akdyrylýan gaza girizilen çäklendirmäni dikeltmegi barada gürrüň edilýär. ÝB-niň Baş sudunyň karary Ýewropa Komissiýasynyň 2016-njy ýylda çykaran kararyny ýatyrýar. Читать дальше...

Eýranda üç awstraliýaly tussag edildi

Azathabar.com 

Awstraliýa hökümeti 11-nji sentýabrda Awstraliýanyň üç raýatynyň Eýranda tussag edilendigini, olaryň ikisiniň goşa raýatlygynyň bardygyny, Eýranda tussag edilenleriň maşgalalaryna kömek berilýändigini aýtdy.  Ýaşyrynlyk aladalary sebäpli, Awstraliýanyň Daşary işler we Söwda ministrlikleri goşmaça maglumatlary bermedi. Emma muňa garamazdan, Awstraliýanyň we Britaniýanyň metbugat serişdeleri bu üç adamyň biraz wagtdan bäri gözenegiň arkasynda saklanylýandygyny habar berdi. Awstraliýanyň ABC telewideniýesi... Читать дальше...

9/11 terror hüjümleriniň ýyl dönüminde Kabuldaky ABŞ ilçihanasynyň golaýynda partlama boldy

Azathabar.com 

11-nji sentýabr güni irden ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýynda, Owganystanyň Goranmak ministrliginiň howlusynda Birleşen Ştatlarda 11-nji sentýabrda bolan terror hüjümleriniň ýyl dönümine gabat raketa partlamasy boldy. AP we AFP habar gulluklarynyň maglumatyna görä, raketa partlamasy zerarly ejir çeken bolmady.  "Goranmak ministrliginiň diwaryna raketa zarbasy uruldy, pida bolan ýok” diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nosrat Rahimi aýtdy. Ilçihananyň içindäki işgärler ses gataldyjy arkaly berlen habary eşitdiler... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *