Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 18.09.2019

Aşgabatda öýsüz itler we pişikler ýene tutulýar hem-de öldürilýär

Azathabar.com 

Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň we öldürilmeginiň nobatdaky tapgyry amala aşyrylýar. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary häkimiýetleriň şeýle çäreleri Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalarynda geçirýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenabatda garaşsyzlyk baýramyna gabat täze nusgaly altyn-kümüş önümleri öndürilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň merkezinde ýerleşýän “TürkmenAltyn” zawody ýurduň garaşsyzlyk gününe gabat altyn-kümüş şaý-sepleriň täze nusgalaryny öndürýär diýip, TDH 17-nji sentýabrda habar berdi.  Neşiriň maglumatyna görä, häzirki günde bu kärhananyň öndüren altyn-kümüş şaý-sepleriniň nusgalarynyň sany 3 müňden geçýär. Olar ýüzüklerden, zynjyrlardan, broşkalardan, gulakhalkalardan, bileziklerden we beýleki şaý-sep önümlerinden ybarat. Aýdylmagyna görä, bu kärhana ýylyň başyndan bäri 5,5 million manatlyk... Читать дальше...

Gürjüstanlylar prezident günä geçişine garşy protest bildirdiler

Azathabar.com 

Gürjüstanyň prezidenti Salome Zurabişwili 34 tussagyň, şol sanda adam öldüren üç adamyň günäsini geçeninden soň, ýüzleri perdeli adamlaryň topary onuň edarasynyň daş işiginde protest bildirdi. Zurabişwili günä geçiş kararyna 28-nji awgustda gol çekdi, emma hiç bir düşündiriş bermedi. Günäsi geçilenleriň biri polisiýa işgärini öldüreni üçin türmede otyrdy, beýleki iki ganhor gaçgak bolup, heniz tutulmandy. Tbilisidäki protestçiler 18-nji sentýabrda “tapgyrlaýyn günä geçiji” diýen şygary galdyrdylar... Читать дальше...

“Talyban” ABŞ bilen gepleşikleri dikeltmek üçin “gapylarynyň açykdygyny” aýdýar

Azathabar.com 

“Talybanyň” baş gepleşikçisi, jeňçi topar Owganystanda 50-ä golaý adamy öldürendigini boýun alandan birnaçe sagat soň, özleriniň ABŞ bilen gepleşikleri dikeltmek üçin “gapylarynyň açykdygyny” aýdýar. ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda Birleşen Ştatlaryň müňlerçe esgerini ýurtdan çykarmak ylalaşygyny nazarlaýan parahatçylyk gepleşikleri geçen hepde bes edildi, prezident Donald Tramp gepleşikleriň bir amerikan esgeriniň öldürilmegine getiren hüjüm sebäpli ýatyrylýandygyny aýtdy.  Bu gepleşikler owgan hökümetini öz içine almaýardy. Читать дальше...



ABŞ bilen gepleşikleri çöken "Talyban" Orsýetden soň Eýrana sapar edýär 

Azathabar.com 

“Talybanyň” dört adamdan ybarat delegasiýasy ýokary derejeli eýran resmileri bilen gepleşmek üçin Tährana sapar edýär. Bu jeňçileriň prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň parahatçylyk gepleşikleriniň çökendigini aýdanyndan soň geçen birnäçe günde daşary ýurda edýän ikinji saparydyr.  “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň sözçüsi Suhail Şahin 17-nji sentýabrda twitterde syýasy býuronyň başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň bir gün ozal Eýrana gelendigini... Читать дальше...

Pakistan häkimiýetleri jemgyýetçilik gazabyndan soň gyzlar üçin eşik düzgünini ýatyrýar

Azathabar.com 

Ýurt boýunça bildirilen gahar-gazapdan soň, demirgazyk-günbatar Pakistanyň Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň häkimiýetleri iki şäherde mekdepde okaýan gyzlaryň başlaryny örtýän eşikleri geýmegi barada çykaran kararlaryny yzyna aldylar. Premýer-ministr Imran Hanyň dolandyryjy Tehrikeýe-Ynsap partiýasy 17-nji sentýabrda twitterde welaýat hökümetiniň bu buýruklaryny ýatyrandygyny aýtdy we “adamlar özleri üçin rahat zady saýlamakda azat-erkin” diýdi.  Welaýat paýtagty Peşawaryň etrap bilim resmileri... Читать дальше...

Waşington saudlylaryň nebit desgalaryna edilen hüjümi derňeýär, Pompeo saudlylar bilen maslahatlaşmaga barýar

Azathabar.com 

Wise-prezident Maýk Pens (Mike Pence) ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň ýaran ýurduň bähbitlerini “goramaga taýýardygyny” aýdýar, döwlet sekretary Maýk Pompeo hepde ahyrynda Saud Arabystanynyň nebit desgalaryna edilen hüjüme “gaýtawul bermegi maslahatlaşmak üçin” Saud Arabystanyna gitdi. Pens 17-nji sentýabrda Waşingtondaky Miras fondunda sözlän sözünde Birleşen Ştatlar bu hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygyny aňladýan subutnamalary gaýtadan gözden geçirýär we prezident Donald Tramp “öňdäki günlerde... Читать дальше...

ABŞ we Belarus 11 ýyldan soň ilçilerini yzyna getirmekçi bolýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar weBelarus, Orsýetiň daşary syýasat awantýuralary babatdaky aladalarynyň güýçlenmegi bilen, 11 ýyllyk arakesmeden soň özara ilçi saklamagy dikeltmegi planlaşdyrýar. “Öz gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmagyň nobatdaky ädimi hökmünde, biziň ilçilerimizi alyşmaga taýýardygymyzy yglan etmek meniň üçin hormat” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Deýwid Heýl (David Hale) 17-nji sentýabrda Minskde daşary işler ministri Uladzimer Makey bilen duşuşyk mahalynda aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *