Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Новости за 09.05.2020

Hepdäniň jemi #18 (09.05.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli, türkmen sowet edebiýatynda we rus edebiýatynda uruş hakykatynyň açylyşyna bagyşlap taýýarlan ýörite gepleşigimizi diňlemäge we bu mesele barada öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Türkmenistan Döwlet býujetiniň çykdajylaryny düýpli kemeltmeli bolýar

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji maýda geçiren hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylaryny düýpli kemeltmeli bolýandygyny aýtdy. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurtda içerki önümçiligiň möçberleriniň azalmagyna garaşylýar diýip, mejlisde nygtaldy. Häzirki wagtda bize halkara gatnaşyklaryndaky howa we ýerüsti ulaglaryň işine, önümleri ibermäge, syýahatçylyk ulgamyna, pul geçirmelerine we maliýe akymlaryna täsir edýän ýaramaz ýagdaýlara garşy durmak başardýar diýip... Читать дальше...

Alişer Usmanow Özbegistanda we Gazagystanda suwdan ejir çekenlere $15 mln eçildi

Azathabar.com 

Özbek asylly rus milliarderi Alişer Usmanow Sardoba bendiniň böwsülmegi netijesinde gelen silden ejir çekenlere 15 million dollardan gowrak möçberde kömek berdi.  Ýerli medianyň maglumatlaryna görä, 10 million dollar serişde özbegistanlylara, 5,202 müň ABŞ dollaryndaky serişde bolsa gazagystanlylara bölünip berler. Mälim bolşy ýaly, Özbegistandaky suw howdanynda bolan hadysadan soň, Gazagystanyň Türkistan sebitiniň Maktaaral etrabynyň ýaşaýjylarynyň oturan ýerlerini hem suw basdy. Sardoba suw... Читать дальше...

Aşgabat 1941-1945-de gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny harby ýöriş bilen belleýär

Azathabar.com 

Türkmenistan 9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny giňden belleýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýeňiş güni mynasybetli çap eden gutlarynda 1418 güne çeken uruşda millionlarça adamyň “faşizmiň rehimsiz syýasatynyň pidasy bolandygy” bellenilýär.  Şeýle-de gutlagda tylda galan adamlaryň “fronta zerur bolan önümleri, egin-eşik we azyk iberip, Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyrandygy” aýdylýar. Türkmenistanda bu gün... Читать дальше...

Türkmenistan pandemiýa döwründe JIÖ ösüşiniň 6,3% artandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistan, öňden gelýän ykdysady kynçylyklaryna we pandemiýa, energiýa bahalarynyň aşak gaçmagyna garamazdan, ýylyň dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3% artandygyny aýdýar. “Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň ösüşi 5,5% artdy” diýip, türkmen resmileri hepde ahrynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdiler. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bölek satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,8%, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,5%... Читать дальше...

"Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin..."

Azathabar.com 

Atyjylyk rotalaryndan, öň hatardan diňe az sanly adam gaýdyp geldi, olary hiç kim tanamaýar we telegepleşiklere çagyrylmaýar, eger-de olardan haýsydyr biri uruş hakda bir zat aýtmak kararyna gelse, onuň agzyny sypaýyçylyk bilen ýumdurýarlar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *