Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Новости за 27.05.2020

COVID-19 Global brifing: 18-25-nji maý hepdesi

Azathabar.com 

Barlagçylar koronawirusa garşy “antitelo kokteýlini” synagdan geçirýärler; maýmynlarda geçirilen barlaglar waksina işläp taýýarlamak mümkinçiligini görkezýär; pandemiýa döwründe global atyşygy bes etmek baradaky çagyryş konfliktiň öňüni almakda şowsuz bolýar.

Lebapdan Aşgabada ogryn gatnaýan taksi sürüjileri ele salyndy

Azathabar.com 

Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda raýatlaryň hereket çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, Lebap-Aşgabat aralygynda gizlin kireý etmäge synanyşýan hususy taksi sürüjileri häkimiýetler tarapyndan tutulyp, jogapkärçilige çekilýär.

Tramp ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini çykarmak üçin ‘kesgitli’ wagtyň ýokdugyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerlerini çykarmak üçin entek kesgitlenen anyk wagtyň ýokdugyny aýtdy. “Biz bu ýerde eýýäm 19 ýyl. Meniň pikirimçe, bu ýeterlik... Biz islesek ol ýere hemişe-de dolanyp bileris” diýip, Tramp 26-njy maýda çykyş etdi. “Entek kesigtlenen wagt ýok. Emma esas boldugy dessine” diýip, Tramp sözüne goşdy. ABŞ bilen “Talybanyň” fewralda baglaşan ylalaşygyna laýyklykda, Birleşen Ştatlary “Talybanyň” howpsuzlyk borçnamalarynyň öwezine... Читать дальше...

BSG Türkmenistana COVID-19 boýunça maslahat berýär, ýurt resmileri ilatdan artykmaç geplemezligi talap edýär

Azathabar.com 

BSG-niň bilermenleri Türkmenistana COVID-19 keseliniň ýaýramagyna gözegçilik etmek boýunça rekomendasiýalary hödürledi. Bu aralykda türkmen häkimiýetleri ilandan arassaçylygy berjaý etmegi, watanperwerligi, watana hem prezidente wepaly bolmagy we "artykmaç geplemezligi" talap edýärler. BSG-niň iňňän howply kesele gözegçilik etmek boýunça rekomendasiýalary bilen tanyşmak çäresi 26-njy maýda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda wideo konferensiýa görnüşinde geçiripdir. Bu barada DIM-niň maglumatynda aýdylýar. Читать дальше...

Hong Kongda milli gimn kanun taslamasy täze protestleri döretdi

Azathabar.com 

Hong Kongda polisiýa 27-nji maýda şäheriň merkezi etrabynda ýygnanan demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulandy. Protestçiler Hytaýyň milli gimniniň “kemsidilmegini” jenaýat hökmünde häsiýetlendirjek kanun taslama garşy çykdylar. Şäherde günortana çenli azyndan 17 protestçi, şol sanda 14 we 15 ýaşyndaky studentler hem tussag edildi. Eger-de kanun kabul edilse, ol Hong Konguň ähli mekdeplerinde Hytaýyň gimnini öwrenmegi we “degişli pursatlarda” “ähli kişiniň” ony aýtmagyny borçlandyrýar. Читать дальше...

ABŞ Russiýany Liwiýa harby uçarlaryny ýollamakda aýyplady

Azathabar.com 

ABŞ Russiýany Liwiýada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hökümete garşy göreşýän ýerli harby kommandiriň tarapynda söweşýän rus hakyna tutma söweşijilerine ýardam etmek üçin harby uçarlaryny ýollamakda aýyplady. Rus harby uçarlary Liwiýa Siriýadan geldi. Olar şahsy alamatlaryny gizlemek üçin ilki başga reňke boýaldy diýip, ABŞ-nyň Afrika boýunça kommandowaniýesi 26-njy maýda mälim etdi. “Uzak wagtlap Russiýa Liwiýadaky dowam edýän konflikte gatyşmagynyň doly gerimini inkär edip gelýärdi. Читать дальше...

Russiýada harby parad iýunda geçiriler

Azathabar.com 

Russiýa Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňişiň 75-nji ýyl dönümi mynasybetli öňümizdäki aýda harby parady geçirer. Bu aralykda, ýurtda her gün koronawirusyň müňlerçe täze ýagdaýlary ýüze çykarylýar. Prezident Wladimir Putin parady 24-nji iýunda geçirmegi we goranmak ministri Sergeý Şoýgu munuň bilen baglylykdaky taýýarlyklary görmegi tabşyrdy. Russiýada, adatça, her ýylyň 9-njy maýynda, köp sanly tomaşaçynyň hem gatnaşmagynda, uly harby parad geçirilýär. Emma... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *