Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Новости за 17.05.2020

Türkmenistan Dagystandan ýeralma, Türkiýeden demir we sement almagyny artdyrýar

Azathabar.com 

Hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini aýdýan Türkmenistanyň daşary ýurtlardan öz şertlerinde öndürip bolýan azyk önümlerini hem satyn almagy dowam etdirýändigini habar berýär.  Rus metbugatyna salgylanyp berlen habara görä, Orsýetiň Dagystan respublikasy ýyl başyndan bäri Türkmenistana azyklyk kartoşkanyň 4 277 tonnasyny eksport etdi.  Şeýle-de neşir, ýerini anyklaşdyrmazdan, Dagystanyň 2020-nji ýylyň başyndan bäri 32,443 tonna kartoşka eksport edendigini belleýär. Читать дальше...

“Türkmenhowaýollary” halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilmegini ýene bir aý yza süýşürdi

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollarynyň” Orsýetdäki wekilhanasy, koronawirus pandemiýasy sebäpli, halkara gatnawlarynyň togtadylmagynyň 20-nji iýuna çenli uzaldylýandygyny habar berdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” uçar kompaniýasynyň websaýtyna salgylanyp habar berýär. Mundan öň uçar gatnawlarynyň 20-nji maýda dikeldilmegine garaşylypdy. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary tölenen puluň yzyna gaýtarylmagy üçin arza berip ýa-da uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşyp biler diýip, uçar kompaniýanyň web sahypasynda aýdylýar. Читать дальше...

Özbegistan käbir çäklendirmeleri aýyrýar, ýöne karantini 1-nji iýuna çenli uzaldýar

Azathabar.com 

Koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin girizilen käbir çäklendirmeleri ýeňletmek barada gelen kararyna garamazdan, Özbegistan karantiniň möhletini ýene 15 gün uzaltdy. Hökümetiň ýörite komissiýasy 14-nji maýda karantiniň 1-nji iýuna çenli dowam etjekdigini aýtdy, ýöne käbir kärhanalara 15-nji maýdan başlap işini dowam etdirmäge rugsat berler. Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunda, resmi maglumatlara görä, 2652 koronawirus ýokaşmasy we 11 ölüm hasaba alyndy. Goňşy Gazagystanyň paýtagtda... Читать дальше...

Putin: Orsýetde hiç bir ýurtda ýok ýarag bar

Azathabar.com 

Orsýetde dünýäde hiç bir ýurtda bolmadyk ýarag bar diýip, prezident Wladimir Putin “Moskwa. Kreml. Putin” diýen programmada eden çykyşynda aýtdy. Söhbetdeşligiň doly görnüşi 17-nji maýda, ýekşenbe güni “Rossiýa-1” teleýaýlymynda efire berler. "Bu düýbünden mümkin bolman hem bilerdi. Ýöne biz muny başardyk”diýip, prezident söhbetdeşlikde aýtdy. Ol bu hili üstünlikleri "düýpli ylym, ylmy mekdepler we inženerçilik işgärleri bolmazdan" gazanyp bolmajakdygyny hem sözüne goşdy. “Kommersant” gazetiniň ýazmagyna görä... Читать дальше...

Fransiýanyň prezidenti saglygy goraýyş reformasyndaky ýalňyşlygy boýun aldy

Azathabar.com 

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron iki ýyl ozal başlanan saglygy goraýyş reformasy strategiýasyndaky ýalňyşlygy boýun aldy. Ol 15-nji maýda Pariždäki Pitýe-Salpetrier hassahanasyna baranda saglygy saklaýyş jemgyýetine we raýatlara ýüzlenip çykyş etdi.  Döwlet baştutany bilen geçirilen duşuşykda lukmanlar oňa mart aýynyň ahyrynda beren wadasyny ýatlatdylar. Makron şonda Fransiýanyň saglyk ulgamyna "saglygy goraýyşa we aýlyk haklaryna gaýtadan baha bermek" üçin uly maýa goýumlaryny wada berdi. Читать дальше...

Italiýa iýun aýynyň başynda ÝB serhetlerini açar

Azathabar.com 

Italiýa 3-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginden, Şengen zonasyndan we Monakodan gelýän syýahatçylar üçin ýurduň serhedinden geçmek baradaky çäklendirmeleri ýatyrar diýip, ýurduň hökümeti habar berýär. “La Reppublica” gazetiniň maglumatyna görä, bu ýurtlardan gelýänleriň karantin astyna alynmagy zerur bolmaz. Bu ädim syýahatçylygy dikeltmäge gönükdirilen we iki aý karantinden soň döwletiň ykdysadyýeti gaýtadan işe girizmegine kömek etmeli. Syýahatçylyk pudagy Italiýanyň jemi içerki önümiň 14,3 göterimini düzýär diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *