Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Новости за 23.05.2020

Hepdäniň jemi #20 (23.05.2020 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanlylaryň nägilelik protestleri geljek üçin düzülýän döwlet býujetine, häkimiýet-halk gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirer? Bu barada ykdysatçy Hudaýberdi Orazow bilen söhbetdeşligimizi; demirgazyk Owganystanda türkmen maşgalalaryny galkan edinip ulanýan “talyban” söweşijileri baradaky söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Aşgabat dünýä bilen COVID-19 tejribelerini paýlaşmak üçin üçünji ýygnagyny geçirdi

Azathabar.com 

Türkmenistan COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tejribelerini paýlaşýar diýip, hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär.  22-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing gurnaldy.  Oňa degişli edaralaryň resmileri, diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ýerli we daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar. Şeýle-de, wideomaslahat görnüşinde, brifinge Gazagystanyň... Читать дальше...

Pakistanda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady: onlarça adam öldi

Azathabar.com 

Pakistanda, Karaçi howa menziliniň golaýynda Pakistanyň halkara howa ýollarynyň ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. "Roýters" habar gullugy Pakistanyň awiasiýa ýolbaşçylaryna salgylanyp, uçarda 99 adamyň bolandygyny aýtdy. Ozal uçarda 107 adamyň bolandygy aýdylypdy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, bortdakylardan üçüsi diri galdy diýip, "Dawn" gazeti ýazýar. 38 adamyň jesedi tapyldy. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Metbugat habarlaryna görä, Lahordan Karaçi şäherine uçup gelen... Читать дальше...

Berdimuhamedow Oraza baýramynyň Türkmenistanda giňden belleniljekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti 22-nji maýda Oraza baýramyny bellemek hakyndaky karara gol çekdi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza şu ýyl 24-nji maýda belleniler. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç güni 25-nji maýa, birinji güne geçirilýär. Kararda bu permanyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan berjaý edilmelidigi bellenýär. Goňşy Özbegistanda bu ýyl... Читать дальше...

Türkmenistan Sanly ýüpek ýolunyň çäginde Ýewropa bilen Aziýany birleşdirer

Azathabar.com 

“Türkmenistan şu gün” habar agentliginiň 22-nji maýdaky maglumatyna görä, Türkmenistan Sanly ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolar.  Neşir bu işiň Hazar deňziniň düýbünden süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň gurulmagy netijesinde amala aşyryljakdygyny, taslamanyň“Türkmentelekom” we “AzerTelecom” tarapyndandurmuşa geçiriljekdigini habar berýär. Türkmenistany, Özbegistany, Owganystany, Pakistany we Hindistany öz içine alýan, ozalky Ýüpek ýolunyň territoriýasyndan geçýän esasy geçiriji tor çäginde Aziýany Ýewropa baglar. Читать дальше...

Ukrain polisiýasy žurnalist Pawel Şeremetiň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewi tamamlady

Azathabar.com 

Ukrain polisiýasy žurnalist Pawel Şeremetiň öldürilmeginde günäkärlenýänler, ýagny onuň öldürilmegi baradaky buýrugy ýerine ýetirmekde güman edilýänler barada geçirilen derňew işini tamamlady. Bu barada güman edilýänleriň goragçylaryna iberilen habara salgylanyp, "Grati" neşiri habar berdi. Russiýada we Ukrainada uzak wagtlap işlän belarus žurnalisti 2016-njy ýylyň iýul aýynda, Kiýewde öldürildi.  Donbasdaky söweşlere meýletin gatnaşan hirurg Ýuliýa Kuzmenko, Ukraina tarapdan Donbasdaky söweşlere gatnaşan weteran... Читать дальше...

Özbegistanda musulmanlaryň Oraza baýramy üçin köpçülikleýin namaz okamagy gadagan edildi

Azathabar.com 

Bu ýyl musulmanlar Eýd al-Fitr baýramçylygynda köpçülikleýin doga etmek borjundan boşadyldy diýip, Özbegistan Musulmanlar edarasynyň Ulema geňeşiniň 22-nji maýda eden beýanatynda aýdylýar. "Özbegistan Musulmanlarynyň Ulama Geňeşi tarapyndan berlen fatwa esasynda, karantin döwründe metjitlerde namaz okamagyň gadagan edilendigini nazara alyp, musulmanlar Eýd al-Fitr baýramynda bilelikde namaz okamak borçlaryndan boşadyldy" diýip, beýanatda aýdylýar.  "Watandaşlara gün dogandan soň öýlerinde dört rekagat namaz okamak maslahat berilýär" diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *