Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Новости за 14.05.2020

Türkmenabatdaky karantinde hassalaryň köpelmegine garaşylýar, türkmen ýolbaşçylary COVID-19 garşy ylmy diplomatiýany hödürleýär

Azathabar.com 

COVID-19-yň ýurtda ýokdugyny aýdýan Türkmenistanyň habar çeşmeleri hökümetiň koronawirusa garşy dünýädäki göreşe degişli inisiatiwalary barada habar bermegini dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bolsa, ýurdyň içinde COVID-19 bilen bagly karantin zonalaryň ýaýbaňlandyrylýandygyny habar berýärler.

Aşgabadyň eteginde itleriň awlanmagynyň yzýany, ilata syrtlanlar hüjüm edýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň etegindäki şäherdir obalarda itleriň köpçülikleýin ýok edilmeginiň yzýany, ýerli ýaşaýjylara syrtlanlaryň we möjekleriň hüjüm etmegi bilen bagly wakalaryň köpeldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistler habar berýärler.

“Talybanyň” gündogar Owganystanda ýük ulagly amala aşyran bomba hüjüminde azyndan bäş adam öldi

Azathabar.com 

14-nji maýda Owganystanyň gündogaryndaky Paktia welaýatynyň Gardez şäherinde kazyýet binasynyň gabatlarynda amala aşyrylan ýük ulagly bomba hüjüminde azyndan bäş adam öldürildi diýip, resmiler aýdýarlar.  “Ulagly bomba partlamasy köp ilatly ýerde, Gardez şäherindäki harby kazyýetiň gabatlarynda bolup geçdi. Onlarça raýatyň ölmeginden we ýaralanmagyndan gorkulýar” diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Tarik Arian aýtdy. Paktia welaýatynyň harby metbugat wekili Emal Han Momand hüjümiň... Читать дальше...

Harkowda iki türkmen talyby pyçaklaşdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň Harkow şäherinde bir türkmenistanly student beýleki bir türkmenistanly studenti pyçaklady. Bu barada Objectiv.tv ukrain neşiri habar berýär. Waka 11-nji maýda gije ýokary okuw jaýynyň umumy ýaşaýyş jaýynda bolupdyr. Pyçaklanan türkmenistanly döşünden we egninden ýaralanypdyr we ol gyssagly lukmançylyk kömegi üçin Harkowyň şäher hassahanasyna ýatyryldy. Öz watandaşyna pyçakly hüjüm eden türkmenistanly student bolsa tussag edildi hem-de oňa jenaýat kodeksiniň “bilkastlaýyn adam öldürmäge... Читать дальше...

BSG COVID-19-yň “asla ýitip ýok bolmazlygynyň ahmaldygyny” duýdurýar

Azathabar.com 

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) ýokary derejeli resmisi täze koronawirusyň “asla ýitip gitmezliginiň” ahmaldygyny, onuň WIÇ ýaly endemiki häsiýete öwrülmeginiň mümkindigini duýdurdy. BSG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdiri Maýkl Raýanyň bu çaklamalary, ýurtlaryň zyýan çeken ykdysady pudagy täzeden işjeňleşdirmek bilen bir hatarda ýokançlygyň ikinji tolkunynyň öňüni almak üçin göreşýän wagtlaryna gabat gelýär. “Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak möhümdir: bu wirus hem biziň jemgyýetlerimizde... Читать дальше...

Hukuk toparlary gyrgynçylykdan 15 ýyl soň Andijan pidalary üçin adalat talap edýär

Azathabar.com 

Özbegistanda bolan Andijan gyrgynçylygyndan 15 ýyl soň, hukuk goraýjylar bu Merkezi Aziýa ýurdunyň ýolbaşçylaryny ýurduň gündogarynda esasan parahatçylykly demonstrantlaryň onlarçasynyň howpsuzlyk güýçleri we ýaragly harbylar tarapyndan atylyp öldürilmegini aç-açan derňemäge çagyrdylar. 13-nji maýda düýbi Şwesiýada ýerleşýän “Raýat hukuklaryny goraýjylar” topary hiç bir döwlet resmisiniň ýa-da harbynyň Andijan şäherinde raýat protestlerini “rehimsizlik bilen” basyp ýatyrmakda  jogapkärçilige çekilmändigini aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *