Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 12.02.2021

Bankomat we çilim nobatlary dowam edýär

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň köp sanly ýaşaýjylary gije-gündiz bankomatdan pul nagtlaşdyrmak hem-de döwlet dükanlaryndan arzan çilim satyn almak işleri bilen meşgul bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu günler maryly ýaşaýjylaryň aýlyk haklary olaryň bank hasaplaryna geçirilensoň, adamlaryň baş aladasy bankomatlarda öňdäki hatarlardan nobat bellemek we ilkinji pursatda pul nagtlaşdyrmak bolup durýar. Habarçy Mary welaýatynyň Garagum... Читать дальше...

Türkmen studentlerine iki aýda bir gezek $50 dollar ibermek isleýän ene-atalar aprel aýy üçin talon almaga howlugýar

Azathabar.com 

Şu gün Türkmenistandan ýurduň daşyna iberip bolýan puluň mukdary 50 amerikan dollaryndan geçmeýär. Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmen raýatlary üçin niýetlenýän bu puly diňe iki aýdan bir gezek ugradyp bolýar. Puly geçirmegiň düzgünleri-de esli agyrlaşdy. Garaşylyşynyň tersine, pul ibermegiň şertleri ýaramazlaşdy, talonlar girizildi. Indi ene-atalar indiki aprel we maý aýlary üçin 50 dollary ibermek üçin talon almaga gyssanýarlar. - Şu gün tanyşym "Senagat" bankyndan studente fewral-mart aýlary üçin 50 dollar iberdi. Читать дальше...

HRW özbek wideo blogçysy Otabek Sattoriniň tussag edilmegini ýazgarýar

Azathabar.com 

Human Rights Watch beýleki hukuk guramalaryna goşulyp, özbek wideo blogçysy Otabek Sattoriniň tussag edilmegini ýazgardy we oňa garşy bildirilýän gorkuzyp  almak aýyplamasyny "şübheli" diýip atlandyrdy. Şeýle-de HRW Merkezi Aziýa döwletiniň hökümetini blogça bildirilýän ähli aýyplamany ýatyrmaga hem-de ony boşatmaga çagyrdy. "Otabek Sattoriniň korrupsiýa we daýhan hukuklary ýaly ynjyk meseleler boýunça blog açmagy ony ýerli häkimiýetleriň nyşanasyna öwürdi" diýip, Adam hukuklary guramasynyň Merkezi... Читать дальше...

Berdimuhamedow nebit-gaz, oba hojalyk we habar ýolbaşçylaryny täzeledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, ogly Serdary wise-premýerlige bellemek bilen bir hatarda, nobatdaky kadr çalyşmalaryny yglan etdi. Myratgeldi Meredow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy we nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipesine Şahym Abdrahmanow bellenildi. Ol bu wezipä Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden geldi. Читать дальше...

Raýatlygy bolmadyklar türkmen pasportyndan ýüz öwürýär, göçüp gitmäge taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýaşaýan we kanun esasynda raýatlyk alyp bilmeýän adamlaryň onlarçasy, has çylşyrymlaşýandygy aýdylýan syýasy-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, türkmen pasportyny edinmek mümkinçiliklerinden ýüz öwrüp, ilkinji pursatda ýurdy terk etmäge taýýarlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy maglumat berýär. Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy dürli ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ýaşaýan we kanun esasynda raýatlyk alyp bilmeýän adamlar, hatda maşgalasy bozulyp, çagalary... Читать дальше...

Türmä basylan hytaý aklawçysy abraýly adam hukuklary baýragyna mynasyp boldy

Azathabar.com 

Düýbi Ženewada ýerleşýän Martin Ennals gaznasy dördünji gün guralan onlaýn dabarasynda hytaýly aklawçy Ýu Wenşeni her ýylda adam hukuklaryny goraýjylara berilýän global baýragyň ýeňijisi diýip yglan etdi. 54 ýaşly Ýu adam hukuklary boýunça birnäçe ýokary derejeli iş bilen on ýyl meşgullanandan soň, 2018-nji ýylda türmä basyldy. Onuň iň tanymal müşderisi 2015-nji ýylda adam hukuklaryny goraýjylara garşy geçirilen uly basyp ýatyrmalar wagtynda tussag edilen aklawçy kärdeşi Wan Kuanžaňdy. Aklawçylyk işinden başga... Читать дальше...

Demokratlar Trampa garşy açylan işi tamamlap, Senatyň ony ýazgarmagyna çagyrýarlar

Azathabar.com 

Wekiller öýüniň demokratlary öňki prezident Donald Trampa garşy açylan işi tamamlady we senatorlaryň ony Kapitol binasyna edilen köpçülikleýin hüjüme meçew bermekde günäkärlemegine çagyrdy. Wekiller öýüniň impiçment dolandyryjylary prokuror hökmünde çykyş edip, 11-nji fewralda ikinji delil gününi ulandylar we Trampyň saýlaw baradaky ýalan we ýangynly çykyşlarynyň onuň tarapdarlarynyň Kapitol binasyna hüjüm etmeklerine sebäp bolandygyny öňe sürdiler. “Biz sizden prezident Trampy onuň doly günäkär... Читать дальше...

Prezident ogly Serdar Berdimuhamedowy özüne orunbasar belledi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda ogly Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belledi. Şeýle-de, prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna-da bellenildi. Bu barada döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşigi habar berýär. Prezident Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *