Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 13.02.2021

ÝHHG-nyň metbugat wekili türkmen ilçisinden tussag edilen blogçyny sorady

Azathabar.com 

ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeiro 11-nji fewralda Wenada Türkmenistanyň ilçisi Sylapberdi Nurberdiýew bilen duşuşdy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" guramanyň web sahypasyna salgylanyp habar berýär. Ribeiro Türkmenistana baryp görmäge gyzyklanma bildirdi we Türkmenistanyň metbugat azatlygy we söz azatlygy babatda öz üstüne alan borçlaryny durmuşa geçirmegi üçin öz edarasynyň berip biljek hünärmen kömegini teklip etdi. Ilçi Nurberdiýew ÝHHG-nyň wekiline Türkmenistanyň... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #7 (13.02.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmen migrantlarynyň pasport möhletlerini kanun esasynda, daşary ýurtda uzaltmak hukugyny gazanmak ugrunda edilýän tagalla; Türkmen türmesindäki tussag aýallaryň başdan geçirýän ‘günleri’; Owgan türkmenleriniň ‘güýçlenen protestleri’ baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Birmada agdarylyşyga garşy protestler dowam edýär, BMG tussag edilenleri boşatmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Birmanyň harby agdarylyşygyna garşy çykýanlar 13-nji fewralda tapgyr sekizinji gün bildirýän köpçülikleýin protestleri dowam etdirdiler, huntany tankytlaýanlaryň has köp tussag edilmegi saýlanan lider Aung San Su Çiniň tussag edilmegine gahar-gazap bildirýänleriň sanynyň has-da köpelmegine alyp gelýär. Şu aralykda, “dünýäniň seredýändigini we görýändigini” aýdyp, BMG-niň ýokary hukuk guramasy, harbylardan raýat dolandyryşyny dikeltmegi we Suu Çini boşatmagy talap etdi. Müňlerçe adam Ýangon söwda merkezine ýörişe çykdy... Читать дальше...

Türkiýeden gül satyn almakda birinji bolan Aşgabat şu ýyl 30 million düýp nahal eker

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti 12-nji fewralda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbini ekmek baradaky karara gol çekdi. Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek üçin ekilýän nahallaryň sanynyň 30 milliona çenli köpeldilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň sentýabrda belleniljek 30 ýyllygy bilen baglanyşdyrylýar. Ekiljek nahallar, öňki ýyllardaky ýaly, bu ýylam ýurt boýunça deň bölünmän, Aşgabat töweregine uly artykmaçlyk berilýär. Has anygy, 2021-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahal... Читать дальше...

Türkmenistanda ýene zyýanly galyndylaryň howa syzdyrylýandygy mälim boldy

Azathabar.com 

Ýyladyşhana gazlarynyň galyndylaryny anyklamaga ukyply hemra fewral aýynda Türkmenistanda metan syzmasynyň sekiz çeşmesini tapdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berýär. Kanadanyň howa goýberilýän zyýanly galyndylary hasaba alýan GHGSat Inc. kompaniýasynyň başlygy Stefan Germainiň tassyklamagyna görä, bu ýerde sagatda jemi 10 müň kg çenli metan atmosfera zyňylýar. Ol bu zyýanly galyndylaryň şonça wagtda 250 müň awtoulagyň howa goýberýän  gazyna deňdigini aýtdy. Читать дальше...

"Talyban" Türkmenistana sapar edende nämeler boldy?

Azathabar.com 

"Talyban" bu hili beýanatlary ozalam edipdi, metbugat wekili Zabihullah Mujahid 2016-njy ýylyň noýabrynda "Talyban" diňe bir halkyň bähbidine bolup, milletiň ösüşine we gülläp ösmegine sebäp boljak ähli milli taslamalary goldamak bilen çäklenmän, eýsem olary goramaga hem ygrarly” diýipdi.

Resmiler: Owganystandaky hüjümlerde bäş polisiýa işgäri öldürildi, 12 adam ýaralandy 

Azathabar.com 

Owganystandaky iki hüjümde azyndan bäş polisiýa işgäri öldürildi we 12 adam ýaralandy diýip, resmiler 13-nji fewralda habar berdi. “Talybanyň” janyndan geçen hüjümçisi Owganystanyň günortasyndaky Kandahar welaýatynyň howpsuzlyk barlag nokadynyň golaýynda awtoulag bombasyny ýaryp, 12 polisiýa işgärini ýaralady diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy. Ministrligiň metbugat wekili Tarik Arian hüjümçiniň Kandagaryň Arghandab etrabynda ýerleşýän barlag nokadyna ýetmezinden ozal bilnendigini we nyşana alnandygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *