Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 05.02.2021

Öňki tussag Türkmenistandaky 'başdan geçirmelerini' gürrüň berýär

Azathabar.com 

"Hökümden soň meni kazyýetiň aýratyn kamerasyna ýerleşdirdiler. Şol ýerde sagadyna ýüz manat berseň, ejeň ýanyňda oturyp, çagaňy hem görüp bilýärsiň. Diýlen puly töledik, ejem meniň bilen oturdy. Konwoý gelýänçä dört sagat garaşdym" diýip, öňki tussag ýatlaýar.

Moskwa bilen dartgynly gepleşikleriň arasynda ÝB-niň baş diplomaty Russiýa bilen gatnaşyklaryň “pes derejededigini” aýdýar

Azathabar.com 

Moskwa saparyna başlan Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Alekseý Nawalnynyň tussag edilmeginiň hem-de hökümete garşy protestçileriň basylyp ýatyrylmagynyň Russiýa bilen gatnaşyklary “pes derejä” getirendigini aýtdy. ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 2017-nji ýyldan bäri Moskwa sapar amala aşyrýan ýokary derejeli ilkinji ÝB wekilidir. 5-nji fewralda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşan Borrell “biziň gatnaşyklarymyz agyr pursaty başdan geçirýär” diýdi. Ýewropa ýurtlary Nawalnynyň... Читать дальше...

Jeými Flaý Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna gaýtadan ýolbaşçy bellendi

Azathabar.com 

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Direktorlar Geňeşi Jeými Flaýy media korporasiýasynyň prezidenti we baş müdiri wezipesine belledi. Ol 16-njy fewralda işe başlar. 2020-nji ýylyň iýun aýynda wezipesinden boşadylan Flaý Azatlyk radiosyna gaýtadan ýolbaşçylyk edip başlaýar.  "Häzirki çylşyrymly döwürde media korporasiýasyna ýolbaşçylyk etmek üçin Azatlyk radiosynyň prezidenti wezipesine gaýdyp gelmegime örän şat” diýip, Flaý aýtdy. Ol  pandemiýa we beýleki kynçylyklara garamazdan, hemmelerden... Читать дальше...

Türmeden boşan aktiwist reforma talap etmek üçin göni meýdança çykdy

Azathabar.com 

Atyrau şäherinde dört ýyl dokuz aý gözenekden aňyrda oturan raýat aktiwisti Maks Bokaew türmeden boşadyldy. Azattyk radiosy (Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy) onuň türmäniň daş işiginde dürli sebitlerden bolan onlarça adam tarapyndan garşy alnandygyny habar berýär. Bokaew 2016-njy ýylyň maý aýynda - Atyrauda öz-özlüginde dörän ýer mitinginden soň tussag edildi. Ol mitingde Gazagystandaky ýerleriň daşary ýurtlylara uzak möhletleýin kärendesine berilmegini göz öňünde tutýan kanun üýtgetmelerine garşy çykyş etdi. Читать дальше...

Omskde, zäherlenen Nawalnynyň getirilen hassahanasynyň başlygynyň orunbasary öldi

Azathabar.com 

Omskiniň Alekseý Nawalnyny bejeren 1-nji “Tiz kömek” hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary 55 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada hassahananyň web sahypasynda habar berildi. Sergeý Maksimişin keselhanada anesteziologiýa we reanimasiýa boýunça orunbasar bolup işleýärdi.  Orsýetiň “Open Media” habar gullugy sebitiň saglyk bölüminiň metbugat gullugyna salgylanyp, onuň öz işleýän bölüminde ýürek keselinden aradan çykandygyny habar berdi.  Nawalny awgust aýynda zäherlenenden soň, Germaniýa alnyp gidilmezinden öň şol bölümde bejergi aldy. Читать дальше...

Özbegistanyň DIM-i jynsy asylyşmadan şikaýat eden polýak žurnalistinden ötünç sorady

Azathabar.com 

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi polýak žurnalistinden ötünç sorady, ol bu edaranyň bir resmisini jynsy asylyşmada we iş ygtyýarmasynyň möhletiniň uzaldylmagynyň ýerine oňyn mazmunly makala ýazmagy üçin basyş görkezmekde aýyplapdy. Ministrlik 2-nji fewralda Agneşka Pikulitskaýa-Wilçewskaýanyň jynsy asylyşmada we basyş görkezmekde aýyplan resmisiniň işden boşadylandygyny habar berdi. “Guardian”, “Diplomat”, “Ýewrasianet” neşirleri we “Al Jazeera” telekanaly bilen  hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz... Читать дальше...

Täjigistanda pandemiýa döwründe ýapylan metjitler ýaňadan açyldy

Azathabar.com 

Täjigistanyň metjitleri dokuz aýlyk arakesmeden soň, dindarlar üçin gapylaryny açdy. Metjitler COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirme wagtynda ýapylypdy. 1-nji fewralda ýüzlerçe adam Duşenbäniň merkezi metjidine namaz okamaga geldi. Täjigistanyň Yslam merkeziniň Ulemalar geňeşiniň başlygy Saidmukarram Abdulkodirzoda namazdan öň metjide gelenleri sanitariýa düzgünlerini we çäklendirmeleri berk berjaý etmäge çagyrdy. Metjide her kim öz namazlygy bilen gelip, namaza durlanda sosial aralygy saklamagy duýdurdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *