Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 18.02.2021

NATO ministrleri Owganystandaky ýagdaýlary maslahat edýärler

Azathabar.com 

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri 18-nji fewralda, “Talyban” bilen gelnen ozalky ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, şeýle-de Owganystanda gazaplylygyň geriminiň artmagynyň arasynda, halkara güýçlerini bu ýurtdan apreliň aýagyna çenli çykaryp-çykarmazlyk meselesini maslahat edýärler. Bu ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ýanwarda häkimiýet başyna geçeninden soňra NATO-nyň goranmak ministrleri derejesindäki ilkinji maslahaty bolup, ol iki gün dowam edýär. 17-nji fewralda açylan maslahatyň dowamynda... Читать дальше...

Facebook geň galdyryjy hereket bilen Awstraliýada öz platformasynda habar elýeterliligini petikledi

Azathabar.com 

Facebook 18-nji fewralda awstraliýalylary habar paýlaşmakdan mahrum etdi. Sosial media läheňiniň bu geň galdyryjy hereketine ýakyn wagtlarda onuň özüne garşy görüljek çäreden ar-alyş hereketi hökmünde garalýar. Awstraliýada hödürlenýän täze kanunçylyk Facebook we Google ulgamlaryndan ýerli žurnalistika üçin töleg talap eder. Awstraliýa hökümeti feýsbugyň bu hereketini berk tankytlady. Petiklemeler, şol bir wagtyň özünde, käbir hökümet aragatnaşyklaryna, şol sanda gyssagly hyzmatlar boýunça hat... Читать дальше...

Iki belarus žurnalisti ýörişlerdäki göni efir habarlary üçin türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Polşanyň Belarusa gönükdirilen “Belsat” emeli hemra teleýaýlymynyň iki žurnalisti noýabr aýynda Minskde geçirilen bir ýöriş barada göni efirde habar bereni üçin iki ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. 18-nji fewralda belarus paýtagtynyň Frunze etrap kazyýetiniň kazysy Natallýa Buhuk Katsýaryna Andreýewany hem-de Darýa Çultsowany “jemgyýetçilik tertibini bozmaga gönükdirilen köpçülik çärelerini guramalaşdyrmakda” günäli tapansoň, olar boýunça höküm çykardy. Andreýewa we Çultsowa... Читать дальше...

Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Gahariýa wezipeden çekildi

Azathabar.com 

Gürjüstanyň baş oppozisiýasynyň ýolbaşçysy tussag edilenden soňra, ýurduň premýer-ministri Giorgi Gahariýa 18-nji fewralda wezipeden çekildi. Tbilisiniň şäher kazyýeti 17-nji fewralda Birleşen Milli Hereketiň başlygy Nika Melianyň tussag edilmegi boýunça prokuraturanyň beren haýyşyny kabul etdi. Oppozisiýa bu gozgalan işi ýazgardy we onuň syýasy matlaplydygyny aýtdy. Kazyýetiň karary oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň yz ýany, ýurtda syýasy krizisiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.... Читать дальше...

ABŞ Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa bilen eýran ýadro ylalaşygyny maslahat eder

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň, Fransiýanyň hem-de Britaniýanyň baş diplomatlary 18-nji fewralda Eýran bilen arada 2015-nji ýylda gazanylan iri ýadro ylalaşygynyň geljegini maslahat ederler. Waşington bu ylalaşykdan 2018-nji ýylda çekildi. Tähranyň Hytaý we Russiýa bilen bir hatarda dört Günbatar ýurdy bilen gol çeken ylalaşygy sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň öwezine Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň çäklendirilmegine çagyrdy. Ýöne, ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp ylalaşygyň şertleriniň... Читать дальше...

Serdar hakyky mirasdüşermi? Türkmenistanyň prezidenti ogluny häkimiýete nähili taýýarlaýar

Azathabar.com 

Merkezi Aziýada ýolbaşçylygyň mirasdüşer dolandyrylyşy täze ideýa däl. Birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz  ornuna ogly Serdary taýýarlap gelýär. Munuň ýene bir subutnamasy 11-nji fewralda 39 ýaşly Serdaryň üç sany täze wezipäni almagy boldy: premýer-ministriň orunbasary, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellendi, oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşmaga-da mümkinçilik berildi. Onuň wezipä çekilen senesi örän özüne çekiji... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *