Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 20.02.2021

Hepdäniň jemi #8 (20.02.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Ýaş pälwanyň ölüminiň resmi düşündirilişi we aktiwistleriň planlary; Türkmen türmelerindäki ‘aýylganç dünýä’; Owgan türkmenleriniň alnyp gaçylan çagany azat etmek tagallalary baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Kabulda bolan partlamalar azyndan bäş adamy öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagtynda bolup geçen bomba hüjümlerinde azyndan bäş adam ölüp, iki adam ýaralandy. Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Ferdaws Faramarz ulagl bombalarynyň ýarylmagy netijesinde dörän iki partlamanyň wagt aratapawudynyň  15 minut bolandygyny aýtdy. Polisiýa ulagyny nyşana alan üçünji bomba takmynan iki sagat soň partlap, ulagdaky iki owgan esgerini we b ötegçi raýaty öldürdi. Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe h iç bir topar öz üstüne almady we polisiýa derňewleri alnyp barylýar. Читать дальше...

'Bol hasyl alýan' Türkmenistan kartoşka importuny artdyrýar

Azathabar.com 

“Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň geçen ýyl Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girýän ýurtlardan kartoşka satyn almagyny sekiz esse ýokarlandyrandygyny habar berýär. Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, Türkmenistan 2020-nji ýylda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlaryndan eksport edýän käbir önümleriniň möçberini ep-esli ýokarlandyrdy. Hususan-da kartoşkanyň importy artdy. Geçen ýyl özünde gowy ýeralma hasylyny alandygyny aýdan Türkmenistan bu azyk... Читать дальше...

Moskwa kazyýeti Nawalnynyň hökümini öňküligine galdyrdy, türme möhletini gysgaltdy

Azathabar.com 

Moskwanyň kazyýeti oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň ogurlykda aýyplanmagy bilen baglanyşykly türme tussaglygyny tassyklady, ýöne onuň tussagda oturan möhletini göz öňünde tutup, jezany 50 gün töweregi azaltdy. Nawalnyý 20-nji fewralda 2014-nji ýyldaky ogurlyk işi esasynda şu aýyň başynda çykarylan hökümden şikaýat etmek üçin kazyýete getirildi. Meşhur korrupsiýa garşy aktiwist we Kreml tankytçysy, II jahan urşunyň weteranyna töhmet atmak aýyplamalary esasynda, şu günüň özünde biraz soň ikinji diňlenişige getirilmeli edildi. Читать дальше...

Türkmenistan we Çehiýa DIM-leri hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Azathabar.com 

19-njy fewralda Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde onlaýn duşuşygy geçirildi. Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, Wepa Hajyýew we Martin Tlapa “özara gyzyklanma döredýän ulgamlaryň ählisi boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny” nygtady. Taraplar parlament hyzmatdaşlygynyň derejesine hem seredip geçdiler, Türkmenistanyň Mejlisinde Çehiýa bilen Parlamentara Dostluk topary döredildi, özara duşuşyklary we saparlary... Читать дальше...

Respublikanlar Baýden administrasiýasynyň "Demirgazyk akym 2" gadaganlygyny tankytlaýar

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň gämisine we gäminiň eýesine Russiýadan Germaniýa çekilýän “Demirgazyk akym 2” tebigy gaz geçirijisinde alyp baran işleri üçin goşmaça sanksiýalary girizdi, ýöne bu çäre respublikan kanun çykaryjylar tarapyndan derrew “ýerliksiz iş” hökmünde tankyt edildi.  Täze sanksiýalar 19-njy fewralda giçlik Döwlet departamenti tarapyndan Kongrese iberilen hasabatda yglan edildi.  Iki respublikan kanun çykaryjy administrasiýanyň goşmaça nyşanalara sanksiýa girizmegini derrew ýazgaryp çykyş etdi. Читать дальше...

Türkmen türmelerindäki 'aýylganç dünýä'

Azathabar.com 

Iki gün soň nobatçy geldi, buzly legen getirdi. Ol adamlary depip, aýagyny buzly legene saldyrýar we ol ýere suw guýýar. Şeýle ýagdaýda otyrsyň. "Eger beýdip oturmajak bolsaň, goý, telefona 100 dollar geçirsinler, şondan  soň aýagyňyzy buzly suwdan çykarmaga rugsat ederin" diýýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *