Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 26.02.2021

Berdimuhamedow deputatlar bilen duşuşdy; koronawirusdan, Milli Geňeş saýlawlaryndan söz açdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşy üýtgedilen Parlamentiň Ýokarky palatasyna geçiriljek ilkinji saýlawlara bir aý çemesi wagt galan döwri kanunçykaryjylar bilen duşuşyk geçirdi, olaryň alyp barýan işine nägilelik bildirdi, şeýle-de koronawirusyň “garaşylmadyk, çylşyrymly ýagdaýlary ýüze çykarandygyny” boýun aldy.

Paşinýan 'agdarylyşyk synanyşygy' diýenden soň, Ermenistandaky ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar

Azathabar.com 

Premýer-ministr Nikol Paşiniýanyň ýokary derejeli harby ofiserleriň işden çekilmek baradaky çagyryşyny ret edip, "agdarylyşyk synanyşygy" barada duýduryş bereninden bir gün soň, Ermenistanda dartgynlylyk ýokary bolmagynda galýar, dünýä döwletleri taraplaryň ählisini güýçlenýän syýasy krizisiň öňüni almaga çagyrýar. Geçen ýyl Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda alty hepde dowam eden çaknyşygyň yz ýany, Paşiniýan oppozisiýanyň barha ýokarlanýan protestlerine... Читать дальше...

Bagbanlar birde gyzyp, birde sowaýan howanyň miweli baglara zyýan ýetirýändigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Fewralyň başlarynda Lebap welaýatynyň dürli künjeklerinde howanyň ýylylygy +18 gradusa çenli maýlady, ýöne 24-nji fewralda sebite birden sowuk howa aralaşyp, howanyň temperaturasy -16 gradusa çenli aşaklady. Lebaply daýhanlar birde maýlap, birde sowaýan howanyň ekerançylyga zyýan ýetirýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji fewralda habar berdi.

Putiniň gaýtadan saýlanmagyna garşy çykýanlaryň sany 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä çykdy

Azathabar.com 

“Lewada merkeziniň” fewral aýynda geçiren pikir soramalaryna görä, orsýetlileriň 41 göterimi Wladimir Putini 2024-nji ýyldan soň prezident bolup galmagyny islemeýär.  Putiniň gaýtadan saýlanmagyny islemeýänleriň ýarysy prezidentiň wezipede kän kurandygyny, bizar edendigini  we onuň pensiýa çykmaly wagtynyň gelendigini aýdýar. Ýurt ýolbaşçysynyň çalşyrylmagyny  korrupsiýa meselesi bilen düşündirýänler soraga gatnaşyjylaryň diňe 8 göterimini düzýär. “Açyk media” bilen hyzmatdaşlykda düzülen soraglar... Читать дальше...

ABŞ Merkezi Aziýada $39 millionlyk energiýa programmasyna başlaýar

Azathabar.com 

ABŞ hökümeti şu gün öz Halkara Ösüş agentligi arkaly (USAID), Gazagystanyň Energiýa ministrligi bilen bilelikde, “USAID Power Central Asia” ady bilen 39 million dollarlyk sebitleýin energiýa programmasyna başlady diýip,Kazinform neşiri ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.  Bu programma  Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna - Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana milli energiýa zerurlyklaryny  kanagatlandyrmaga, serhetaşa energiýa söwdasyndan ykdysady... Читать дальше...

Paşinýan 'agdarylyşyk synanyşygy' diýenden soň, Ermenistandaky ýagdaý dartgynlygy bolmagynda galýar

Azathabar.com 

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýokary derejeli harby ofiserleriň işden çekilmek baradaky çagyryşyny ret edip, "agdarylyşyk synanyşygy" barada duýduryş bereninden bir gün soň, Ermenistanda dartgynlylyk  ýokary bolmagynda galýar, dünýä döwletleri taraplaryň ählisini  güýçlenýän syýasy krizisiň öňüni almaga çagyrýar.  Ýokary derejeli harby ýolbaşçylar oppozisiýanyň premýeriň wezipesinden çekilmegi barada edýän talaplaryna goşulandan soň, Paşinýan 25-nji fewralda Ýerewanyň merkezinde 20,000 töweregi tarapdaryna ýüzlenip... Читать дальше...

ABŞ Yrakdaky raketa hüjümlerinde günäkärlenýän milisiýa toparlaryna zarba urdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Siriýanyň gündogarynda Eýran tarapyndan goldanýan söweşijiler tarapyndan ulanylýan desgalary nyşana aldy diýip, Pentagon aýtdy.  Goranmak departamenti 25-nji fewralda bu zarbalaryň şu aýyň başynda ABŞ-nyň we koalisiýa goşunlarynyň Yrakda ýerleşýän bazasyna edilen raketa hüjümlerine jogap hökmünde urlandygyny aýtdy. "Bu operasiýa ikuçsyz habar iberýär: Prezident [Jo] Baýden amerikan we koalisiýa işgärlerini goramak üçin hereket eder" diýip, Pentagon aýtdy. Beýanatda aýdylmagyna görä... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *