Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Новости за 14.07.2023

Diňle: Aşa yssy howada keselhana düşýän raýatlar köpelýär, ýangynlar döreýär, mallar haram ölýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi birnäçe gün bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär. 12-nji iýulda Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 45 gradusdan aşdy. Yssy howada saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, keselhana düşýän çagalaryň we garrylaryň sany göz-görtele köpeldi. Şeýle-de, yssy howanyň getirýän netijeleri zerarly döreýän ýangynlaryň artmagy, ýerli häkimiýetleri ilaty seresaply bolmaga çagyrmagyna getirdi. Yssy howa we onuň netijeleri barada resmi metbugat duýduryş yglan etmeýän mahaly... Читать дальше...

Türkmenabatda turan güýçli ýel şäheriň suw we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligine zeper ýetirdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde dowam edýän aşa yssy howanyň fonunda, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda 13-nji iýulda gijöýlän turan güýçli ýel ilatyň suw we elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginde bökdençlige ýol açdy. Gijöýländen agşamara çenli, iki-iki ýarym sagat töweregi dowam eden üpjünçilik arakesmesi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýsyzlyk getirdi. Emele gelen ýagdaý elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýaly durmuş hyzmatlary boýunça gyssagly abatlaýyş toparlaryny transformatorlary bejermek... Читать дальше...

Bazarlarda miwe we gök önüm köpeldi, çörek ýetmezçilik edýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň bazarlarynda gök önüm we miwe ýaly azyk önümleri köpeldi we bahalar birneme arzanlady. Bu aralykda, döwlet dükanlarynda ullakan nobatlar saklanýar, adamlar uly kynçylyk bilen çörek satyn almaga synanyşýarlar. Aşgabatdaky habarçylar bazarlarda miweleriň we gök önümleriň has arzan bahadan peýda bolmagynyň paýtagtyň ýaşaýjylaryny begendirendigini aýdýarlar. Uzak wagt bäri ýetmezçilik edýän azyk önümleriniň käbir beýleki görnüşleri hem satuwda peýda bolupdyr. "Bol miweler Eýrandan gelýär. Читать дальше...

Diňle: Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu aýda ogurlyk hadysalary barada habarlar köpeldi. Azatlygyň habarçylarynyň Türkmenbaşyda we Hazar deňziniň kenaryndaky beýleki ilatly ýerlerde ogurlyk hadysalarynyň birnäçesiniň ýüze çykandygy barada beren habarynyň yzýany Aşgabatda birnäçe ogurlygyň bolandygy mälim boldy.



Diňle: Welaýat ýaşaýjylary Arkadagdan jaý satyn alyp bilmeýär, jaýa isleg bildirýänler yzarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan satyn alyp bilmeýärler. Häkimiýet wekilleri welaýat ýaşaýjylaryna bu jaýlardan diňe Ahal welaýatynda ýa-da Aşgabatda ýazgyda duran raýatlaryň satyn alyp bilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, bu jaýlardan satyn almaga isleg bildirýän welaýat ýaşaýjylary ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan yzarlanýar.​ Türkmenistanlylaryň ençemesi muny “aç-açan diskriminasiýa” atlandyrýar. Читать дальше...

Diňle: Şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda 'möhüm şäriklik' ileri tutulýar

Azathabar.com 

Şu günler Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň bugdaý meýdanlarynda hasyl ýygnamak işleri tamamlandy. Ýerli häkimiýetler bugdaýdan boşan ýerlerden ikinji hasyl almak tagallalarynyň çäklerinde, ekerançylyk meýdanlaryny şalyçy daýhanlara bölüp berýärler. Ekiş üçin has amatly şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda ýokary wezipelerde tanşy bolan raýatlar ileri tutulýar.

Diňle: Bazar nyrhyndan gymmat satylýan ýagy almadyk türkmengalalylara ýanwaryň un paýy berilmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň gytçylygy saklanyp galýan mahaly, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda raýatlara ýanwar aýy üçin un paýy satylyp başlandy. Ýöne dükan işgärleriniň raýatlardan unuň ýanyndan bazar nyrhyndan iki manat gymmat satylýan günebakar ýagyny almagy talap etmegi, türkmengalalylaryň begenjine kölege salýar.

Türkmenistan ýolundan saklanan 73 ýaşly enäniň Haj zyýaratyna gitmegine rugsat berdi

Azathabar.com 

Saud Arabystanyna haj zyýaratyna gitjek bolýan ejesiniň ýurtdan goýberilmeýändigini aýdýan hökümet tankytçysy onuň Türkmenistandan çykmagyna rugsat berlendigini aýdýar. Türkiýede ýaşaýan zähmet migranty Hamida Babajanowa düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki gaznasyna 73 ýaşyndaky ejesi Ýakutjan Babajanowanyň ýurtdan çykmagyna rugsat berlendigini habar beripdir. Türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň biri bolan Hamida Babajanowa bir aý çemesi ozal Azatlyk radiosyna ejesiniň ýolunyň özünden... Читать дальше...

Prezident Türkmenistanyň Gahrymany diýen at baradaky kanuna üýtgetme girizdi

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetme girizmek baradaky kanuna gol çekdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanyň Gahrymany diýen at bilen baglylykda, mundan beýläk ‘medal” sözüne derek “nyşan” sözi ulanylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmek hakynda” kabul eden kanunynyň 1-nji... Читать дальше...

Dagly-Garabagda müňlerçe adam Laçyn koridorynyň ýapylmagyna garşy protest bildirdi

Azathabar.com 

14-nji iýulda müňlerçe adam Dagly-Garabagyň paýtagty Stepanakertde ýygnanyp, bölünip aýrylýan sebit bilen Ermenistanyň arasyndaky ýeke-täk gury ýer baglanyşygy bolan Laçyn koridorynyň Azerbaýjan tarapyndan ýapylmagyna garşy protest bildirdi. Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugy 11-nji iýulda Laçyn koridoryndaky gatnawyň, barlag nokadynyň üsti bilen Ermenistandan gelýän Gyzyl Haç ulaglarynda tapylan "her dürli kontrabanda" ýükleriniň derňewi zerarly togtadylandygyny aýtdy. Bu çäre, Ermenistanyň aýtmagyna görä... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *