Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Новости за 26.07.2023

Býujet işgärleriniň zähmet rugsadyny öňümizdäki aýlara geçirmek baradaky haýyşy 'kanagatlandyrylmaýar'

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda işgärleri köpçülikleýin zähmet rugsadyna ibermek dowam edýän mahaly, býujetçiler mejbury talaplaryň ýene biri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary iýul we awgust aýlaryndaky zähmet dynç alyşlaryny öňümizdäki aýlara geçirmek isleýän işgärleriň haýyşlaryny kanagatlandyrmaýarlar. Ýolbaşçylar munuň sebäbini sentýabr aýynda pagta ýygymy möwsüminiň başlanýandygy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 26-njy iýulda sebitden maglumat berdi. Читать дальше...

Türkmenistanda çagalar mekdebe ýazylýar, Lebapda mekdepler alty ýaşly çagalary 'gözleýär'

Azathabar.com 

Ýurduň orta mekdeplerinde alty ýaşly çagalar okuwa ýazylýar. Munuň bilen baglylykda Lebap welaýatyda şu günler mekdep mugallymlary bu ýaş kategoriýasyndaky çagalary mekdebe ýazdyrmak üçin öýme-öý aýlanýarlar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, mugallymlaryň öýlere aýlanmagy mekdebe ýazylýan alty ýaşly çagalaryň az bolmagy bilen bagly. Mugallymlar bu ýagdaýda öýlere baryp, şu ýaşdaky çagalary gözlemäge mejbur bolýarlar. "Mugallymlar maşgalada alty ýaşly çagalaryň bardygyny soraýarlar. Читать дальше...

Diňle: Aşgabatdaky käbir täze gymmat desgalarda jaýryk emele geldi

Azathabar.com 

Aşgabatdaky birnäçe uly binada çatryklar peýda boldy. “Turkmen.news” täze gurlan "Aşgabat" atly söwda we güýmenje merkeziniň we oňa ýanaşyk jaýlaryň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumyna degişli binalardaky ýagdaý barada habar berýär.

Diňle: Aşgabatda ilatyň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi

Azathabar.com 

Aşgabatda howanyň temperaturasy gündiz kölegede 43 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa golaýlaýan mahaly, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi. Şäher häkimliginiň we suw edaranyň wekilleri ýaşaýjylaryň bu barada edýän şikaýatlaryna “ätiýaçlyk suw gaplaryny doldurmagy maslahat bermek” bilen jogap berýärler.

Diňle: Türkmen DIM-i: Hazarüsti taslamasynyň gurluşygyna päsgel berýän syýasy, ykdysady ýa-da maliýe sebäpler ýok

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 24-nji iýulda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat çap edip, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň Hazar deňziniň düýbüniň çäkleriniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda kesgitlenilmegine baglydygyny aýtdy. Daşary syýasat edarasynyň beýanaty Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň, biraz öň, Hazarüsti taslamasynyň maliýe meselelerini gozgamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Diňle: Maryda saglyk ýagdaýy çäkli çagalaryny mekdebe ýerleşdirjek ene-atalardan $500-e çenli 'para soralýar'

Azathabar.com 

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galanda, maryly ene-atalar özleriniň kör, ker ýa-da lal çagalaryny Baýramaly etrabynda ýerleşýän ýurduň Körler we kerler jemgyýetiniň mekdebine we çagalar bagyna ýerleşdirmekde kynçylyk çekýärler. Ene-atalaryň ençemesi munuň üçin özlerinden $200-$500 aralygynda para talap edilýändigini aýdýar.

Diňle: Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy

Azathabar.com 

Türkiýe bikanun migrantlara garşy güýçlendirilen göreşini dowam etdirýär. Türk polisiýasynyň soňky bir aýdan gowrak wagt bäri geçirýän giň gerimli reýdlerinde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň azyndan iki raýaty hem bar. Bu aralykda, türkmenleriň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýäniň deportasiýa merkezinde bolan türkmen migranty bu ýerdäki ýaramaz şertler barada habar berýär.



Dilçi alym Myratgeldi Söýegow 73 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Dilçi alym, türkolog, medeniýeti öwreniji, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Myratgeldi Söýegow 23-nji iýulda, 73 ýaşynda aradan çykdy diýip, “SalamNews” habar berýär.  Neşiriň maglumatyna görä, Myratgeldi Söýegow 1950-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz obasynda gullukçy maşgalasynda doglup, ilki oba mekdebinde, soňra Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim alýar we TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we... Читать дальше...

Türkmen häkimiýetleri ilaty sabyr-kanagada çagyryp, Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezligi ündeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler ilaty sabyr-kanagada çagyrýar we Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezligi ündeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy iýulda habar Balkan welaýatyndan habar berdi. Türkmenbaşy şäherinde 25-nji iýulda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri, şäher häkimliginiň resmileri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri býujet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady problemalar barada Azatlyk Radiosyna maglumat ibermezligi... Читать дальше...

Aşgabatlylar lagym suwlarynyň ýerzeminlerde üýşmegine düýpli çözgüt tapylmazlygyndan şikaýat edýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň ençeme etrapçasynda lagym ulgamlary kadaly işlemeýär. Munuň bilen bagly köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde hapa lagym suwlary üýşýär we uzak wagtlap arassalanmaýar. Ýaşaýjylar munuň arassaçylyk kadalaryna gabat gelmeýändigini aýdyp, bularyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan şikaýat edýärler. Häkimiýet wekilleri ýaşaýjylara meseläni düýpli çözmek üçin döwlet tarapyndan serişde goýberilmeýändigini aýdýarlar. Paýtagtyň 6-10-11-nji etrapçalarynda we Howdan ýaşaýyş toplumlarynda dört we... Читать дальше...

HRW: Azerbaýjanda oppozisiýa lideri "galp" aýyplamalar bilen tussag edildi

Azathabar.com 

Adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy 25-nji iýulda azerbaýjanly oppozisiýa lideri we alym Gubad Ibadoglunyň derhal tussaglykdan boşadylmagyna çagyrdy. Narimanow etrap kazyýeti 24-nji iýulda Ibadogluny galp pullary ýasamak, satyn almak ýa-da satmak aýyplamalary esasynda dört aýlap deslapky tussaghanada saklamak hökümini çykardy diýip, HRW aýtdy. "Ibadoglunyň tussag edilmegi Azerbaýjanda hökümet tankytçylaryna garşy uzak wagt beri ulanylýan gümürtik aýyplamalar ülňüsine gabat gelýär" diýip... Читать дальше...

Rus ministri Demirgazyk Koreýa 'harby gatnaşyklary berkitmäge' bardy

Azathabar.com 

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu iki ýurduň arasyndaky "harby gatnaşyklary berkitmek" maksady bilen, ikinji gün Demirgazyk Koreýa sapara bardy diýip, Goranmak ministrliginiň telegram kanalynda habar berildi. Şeýle-de, Şoýgunyň Phenýan howa menzilinde Demirgazyk Koreýanyň goşun generaly Kang Sun Nam we hormat garawuly bilen garşy alnandygy aýdylýar. Rus ministrliginiň maglumatyna görä, Şoýgunyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa "1950-1953-nji ýyllaryň watançylyk azat ediş urşunda koreý halkynyň... Читать дальше...

Hytaýyň daşary işler ministri Çin Gang wezipesinden boşadyldy

Azathabar.com 

Hytaý bir aý bäri köpçülige çykmaýan baş diplomatyny, daşary işler ministri Çin Gangy wdezipesinden boşatdy. Bu karar Bütinhytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň gyssagly we adatdan daşary gysga mejlisinde kabul edildi diýip, “The Washington Post” gazeti ýazdy. Gangyň ýerine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň daşary gatnaşyklar komissiýasynyň müdiri bolup işlän Wan Ýi bellendi. Ol mundan öň, 2013-nji ýyldan 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda hem Hytaýyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk edipdi. Читать дальше...

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň banklary “Unistream” töleg ulgamy bilen işleşmegini togtadýar

Azathabar.com 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birnäçe banky Russiýanyň “Unistream” töleg ulgamy bilen gatnaşygyny togtatdy. Bu çäre, birnäçe neşiriň ýazmagyna görä, Russiýanyň “Unistream” bankyna garşy girizilen we 20-nji iýyulda belli bolan ABŞ sanksiýalary bilen bagly. Şeýle-de, bu gezekki sanksiýalar sanawyna Gyrgyzystanyň dört kompaniýasy girizildi. “Fergana.news” portalynyň ýazmagyna görä, Özbegistanyň “Halk-bank”, “Ipoteka-bank” we “Kapitalbank” banklary 24-nji iýulda “Unistream” ulgamynyň hyzmatynyň togtadylandygyny habar berdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *